Ýürekdeş sözler!
Perhat_Sabirovv : Elmydama gyz bägüller ýaly bol
Adam bolmak kyn...9-10
Gytyndan Sebap [off] 12.01.2025 / 05:50 Lekum dinukum we liýe din
Serçejikleri aman-sag kemala getirip, guş hataryna goşansoň, Deljäniň birazajyk dünýäsi giňäp, reňki durlanyp başlady. Çüňkleri bilen ganat-perini arassalaşdyrmaga-da, daş-töweregi, aşak-ýokaryny synlamaga-da az-kem wagt tapyp ugrady. Daş-töwerek bolsa şeýle bir gözel eken, şeýle bir hezil eken. Hol garagörnümde saýa salyp, şaglap oturan baglar diýermiň, ýaýylyp ýatan ekinzarlyklar diýermiň, dürli dilde, dürli heňde saýraşýan guşlar diýermiň. Gözüni ýumaga-da, aýdyma gygyryberesiň gelýär.Her günem säher bilen harabaçylygyň gaýrasyndaky gumak ýoldan çagalar mekdebe geçýär. Öýlänem şol ýol bilen mekdepden yzlaryna gaýdýarlar. Delje olaryň kesek atym yzyndan pysyrdap, harabadan mekdebe çenli, mekdepden haraba çenli ugradýar. Delje olaryň haýsynyň sapaklaryna taýýarlyksyz barýanyny, mekdepde haýsynyň nähili baha alanyny hatasyz kesgitläp bilýär. Özüniň adybelli «ikilikçi» ülpetleri ýüzlerini sallaşyp, sumkalaryny süýreşip geçiberdigi, Delje «Gaýgy etmäň, oglanlar! Biziňem göz görkezjek wagtymyz geler!» diýip, içinden olara göwünlik bererdi. Sumkasyny oklap-gapyp, bökjekleşip barýan «5-likçileri» görse, gözi giderdi. Öz-özüni köşeşdirmek üçin, «Bolsaňyz bolupsyňyz-da «5-likçi!» Ony kim oňarmaýar. Ýöne, hany, serçä öwrüljek bolup görüň! Başaraýmarsyňyz!» diýerdi.Serçeleriň durmuşynda-da gowy günler gaty gysga bolýan eken. Delje heniz özüni doly dürsäp, gerdenjiklerini oňly ýazmaga ýetişmänkä, serçeleriň mesgeninde uly harasat gopdy.Delje bir gün säher bilen uly gyk-baga, yzanda-çuwanlyga gözüni açdy. Ol kellejigini höwürtgeden daşaryk uzatdy-da, bada-bat yzyna çekdi. Harabanyň içindäki turýan topalaň akyla sygar ýaly däl. Jüýgüldi, jürküldi diýlen zat gulagyňy gapyp barýar. Ýelek-per diýlen zat asmandan gar ornuna gaýyp düşüp dur. Nirä seretseň, gara, melemtil reňkli nätanyş guşlar, haýsy tarapyňa baksaň, ala-basgy bolşup, jyryp barýan serçeler...Delje bu zatlar düýşünde bolup durandyr öýdüp, gözlerini mäkäm ýumdy. Bir salymdan ýene açdy. Görse, onuň höwürtgesiniň edil öň ýanynda hälki gara, melemtil guşlaryň biri hekgerip otyr. Özem Deljäniň göni garagyna seredip, «Çyk-çyk-çyk!» diýip tekrarlaýar. «Wiý, bu sar ahyryn!» diýip, Delje içini gepletdi. Birhili ýüki ýeňläp, göwrümi giňän ýaly boldy. Öňräk, adamka-ha onuň sarlar bilen arasy erbet däldi. Hatda ýoldaşlaryndan kem galmajak bolup, sarlar üçin bir-iki sany agaç höwürtge-de ýasapdy. Şonuň üçinem ol ýaňkynyň ýüzüne bakyp, dostlukly äheňde: «Eý, salam, sarmy sen?» diýdi. Sar hem oňa seretdi-seretdi-de, birden: «Çyk-çyk-çyk-çyk!» diýip, çalt-çalt gaýtalap ugrady. Deljäniňem gahary geldi. «Çykmaryn!» diýdi. «Kimdirin öýdýäň-aý özüňi? Düýn dälmidi meniň inimiň elinden däne çokup ýöreniň!» diýdi. Onuň bu sözleri azda-kände täsir etdimi-nämemi, sar aljyrady. Ne öňküsi ýaly «Çyk!» diýip bildi, ne-de uçup aňyrrak gitdi. Ikijahan owarrasy bolup, höwürtgäniň agzynda kän oturdy. Onýança ýene bir sar uçup geldi. Ol bir öz garyndaşynyň, bir-de Deljäniň ýüzüne dikarynlap seretdi-de: «Nijik-niçik-niçik?» diýdi. Öňden oturan sar «Juk-juk-juk!» diýip başyny ýaýkady.Onsoň iki sar beýleräk çekilip, nämedir bir zadyň maslahatyny etdiler. Gaýtadan gelibem, geçdiler Deljäniň daşyna. Hersi bir ýandan çokup, çekeläp, ütüp, alarladyp barýarlar. Delje çydaman: «Dat, ýeteweriň!» diýip gygyrdy. Ýöne serçelerden kömege geleni bolmady. Hatda Deljäniň öz ýetişdiren serçelerem gara bermedi.Halys ejizlän Delje «Eje-e!» diýip, sesiniň ýetdiginden möňňüre-möňňüre, höwürtgäni taşlap gitdi.
Tanyş serçeleriň dört-bäş sanysy bir topbak çöpüň aşagyna üýşüp, gowur turzuşyp oturan eken. Delje-de şolaryň ýanyna baryp gondy.
— Bular her ýyl şeýdýärler ahyryn! — diýip, serçeleriň biri jibrinýärdi.
— Heý, bize-de şu biwatanlykdan dynmak barmyka? — diýip, beýleki biri has-da janygyp gürledi. Öz höwürtgesi bolmadygyň öz watany bolarmy! Iliň höwürtgesinde gün görjek bolsaň, kysmatyň şudur-da! — Ýeri, ýeri! Ters gürrüň ediberme! Serdara ýetirerin welin, kysmatyňy gözüňe görkezer...— Külejäniň näme, öz höwürtgesimidi eýsem? Ony näme üçin çykaryp kowmadylar?!— Näme, Küleje bilen özüňi deňeşdirýäňmi indi? Şonuň güni bir başyňa gelmesin...— Aý, hawa-da, ejize, hossarsyza sarlaryňam rehimi inýändir-le!Bu ýerde depesi tä beýnisine çenli çokulan hol bir wagtky garagolja serçe-de bar eken. Onuň höwürtge bilenem işi ýok, hossarsyz bilenem. Gürrüňiň arasynda sähelçe böwşenlik tapdygy, sözi şu günki bolan söweşe syrykdyrmaga çalyşýar:
— Pah, urşup keýpden çykdyg-aý şu gün-ä! Köpden bäri şeýle hezillige sataşmandym... Ynansaňyz, bir özüm üç-dört sary urup ýykdym-aý!
— Üç-dört sary urup ýykanyň-a göremzok welin, üç-dördüň öňüne düşüp gaçyp barýanyň-a gördük — diýip, diňleýji serçeleriň biri ony utandyrmaga synanyşdy.— Men gaçan däldirin, yza çekilendirin! — diýip, jalaýja eňek bermedi. — Üç-dördüň arasyna düşüp, sag-aman yza çekiläýmegem öňýeteniň elinden gelýän däldir.— Hany, bes etsene paňkyldamaňy! Urdum-ýykdym-sürdüm diýibem aldyň-aý halys! — diýip, ýelekleri hüžžerip duran bir ekabyr serçe onuň ýüzüni dalady. — A-haw, serçeler, görýän welin, işiňizi tükedip ýörsüňiz öýdýän sizem! Gowusy, çynlakaýrak gürrüň tapsaňyzlaň, bir ýaňranyň agzyna aňkaryp oturmaň-da.— Dogry. Gowusy, mundan beýläk nädip gün görmeli diýlen meseläni çözeli-le.Mesele diýlende, Delje çalarak tisginip gitdi. Göwnüne bolmasa, özüne tarap biri barmagyny çommaldaga-da: «Hany, tur ýeriňden, meseläniň çözgüdini sen aýt!» diýäýjek ýaly boluberdi. Ýöne aladasy agdyk serçeleriň onuň bilen işi-seri ýokdy.— Be-e, indi şeýdip köçede galybermeli bolaýarmyka?!
— Alajyň näme eýsem?
— Pena sorap, sarlaryň öňünde müzzerib-ä bolmaz.
— Müzzereniň bilen pena bererler öýdýäňmi?Garagolja ýene ýoknasyzlygyny etdi:— Ähli güýji jemläp, sarlaryň üstüne gaýtadan çozuş etmeli, höwürtgelerini basyp almaly!— Hä-ä, muny bildiň! Indi bar şolaryň ýanyna, gözüňem akdyryp goýbersinler!Serçeleriň bu janygyp, kelle döwüp oturyşlaryny göreniňde «Hä, bular-a bir çykalga tapman goýjak däl-ow! Iň bolmanda, häzir öräge-de, höwürtge baryny gurup başlarlar-ow!» diýdirýärdi.Delje-de dili dek durýanlardan däl, onuňam gürläsi geldi, mekdepdäki endigi boýunça, sag ganatyny ýokaryk göterdi:— Bagyşlaň, ýoldaş serçeler, bir soragym bar!Serçeler: «Aýt-da-aýt!» boluşdylar.— Aýtsam, ýaňky höwürtgeler aslynda kimiňki bolmaly?— Sarlaryňky! Ýeri, bolanda näme? — diýip, serçeleriň biri göwni bir ýaly gürledi.
— O nähili «bolanda näme?»
— Ynha, şu hili-dä! Sarlar-a gurýar, gyş golaýlaýança ýaşaýarlar-da, soň gyşdan gorkusyna göçüp gidýärler. Bizem alaga-da, olaryň höwürtgelerini eýeleýäris.— Özgäniň höwürtgesine dawa etmäge kim size hukuk berýär? — diýip, Delje sesini gataltdy. — Beýdip, ondan-oňa kowlup ýörenden, özüňiz höwürtge guraýsaňyz bolmaýarmy? Haýasyzlar!Serçeleriň arasyna dymyşlyk aralaşdy. Olaryň bary bir salymlyk doňup galana döndi. Delje bu ümsümligi öz peýdasyna ýordy. «Utandyrdym-ow bihepbeleri!» diýip, içinden begendi.Şol wagt garagolja serçä jan girdi. Ol göýä agyr ukudan açylan ýaly, kellejigini silkdi, gözjagazyny açalak-ýumalak etdirdi-de, kynlyk bilen dillendi: — Hany, ýaňkyja sözleriňi ýene bir gaýtala...Deljäniň ýüregi bir ýakymsyzlygyň boljagyny syzan ýaly, çalt-çaltdan urmaga başlady. Şu aralykda onuň hälki gaharam gaçmaga ýetişdi. Gahar bilen bile gelen ýaňkyja batyrgaýlygam zym uçupdyr.Onýança beýleki serçelerem «Gaýtala-da-gaýtala! bolşup, onuň daşyna aýlanmaga başladylar.
Olar gitdigiçe gazaba münýärdi:
— Saňa hukuk gerekmi? Kimiň hukuk berenini bilesiň gelýärmi? Biziň ýeňilmezek serdarymyz berýär şol hukugy! Ýa-da onuň berýän hukugyna göwnüň ýetmejek bolýarmy, hä?Deljä agzyny açmaga maý bermediler.— Sen biziň şöhratly neberämiziň üstünden güljek bolýaňmy? Gel-gel, indi biz – dabarasy daglardan aşan Lokga serçäniň nebereleri palçyga bulaşyp, çöpe çolaşyp, höwürtge gurarysmy? Sen bizi hol Çotdy serçe ýaly garamaýaklara deňäp, kemsitjek bolýaňmy?— Ýeňiýoluk Çotdynyň jansyzydyr şu diýip arada men kän jibrindim welin, gulak asan bolmady-da.Delje «Wah, işim gaýtdy. Asyl bularda henizem baý-garyply zamana dowam edýär oguşýa!» diýip oýlandy. Ýere has beter ýapyrylyp, gözlerini ýumdy.— A-haw, merhemetli perdeşler, bu bir gelmişek ahyryn! Munuň bilen deň bolup durmak bize gelişmeýär. — Delje gözüni açsa, arada özünden «Klasdaşyň näme?» diýip soran serçe gürläp dur. — Hawa, doganlar! Munuň üçin janymyzy ýakyp, jöwenden gymmat wagtymyzy ýitirip durmalyň. Bu samsyk gelmişek neberäni, derejäni, abraýy nireden bilsin!— Jöwen-ä oňat ýada saldyň-aý! Bişendir..
.— Bişendir, bişendir! — diýip, serçeler tekrarladylar.
— Çozdukmy?!
— Çozduk, çozduk!
Deljäniň ýokary göterilmäge kuwwaty ýetmän, ýer bagyrtlap kän ýatdy. Howpy üstünden sowan hälki serçä içinden alkyş baryny okady.
Dowamy bar...
Teswirler:
Täzeje Gadayly [off] Sôyúl yóne sóyme aglama aglat! 13.01.2025 / 02:15+0Plyus
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk