Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Asly sende ýapragam oýnamandyr, meniñ içimde tupan turanda.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...11-12
 Gytyndan
 Sebap [off]
 12.01.2025 / 06:02
 Lekum dinukum we liýe din

«E-e-eý, samsyk başym! — diýip, Delje ahmyr bilen oýlandy. — Adamlaryň arasynda günüňi görüp bilmän ýören halyňa, serçeleriň sürüsinde näme körüň bardy diýsene!»Onuň indi çydam käsesi püre-pür bolupdyr. Alajyny tapsa, serçeleriň arasyndan edil şu pille sogrulyp gitmäge taýyn. Bir arzuwy: araky jadygöýe sataşmak, sataşaýsa, onuň hut aýagyna ýykylmakdanam gaýtjak däl. «Menden näme ýasasaň ýasa, hala gurçuga öwür, hala-da tomzajyga, diňe serçe bol diýmeseň bolýar!» diýip özelendi.
Ýöne bar kinesini içine salyp, ümsüm gidibermegem Deljä ýakanok. Bu gören görgüleri, «gelmişek» diýlip kemsidileni üçin nädibem bolsa ar alyp gidesi gelýär. Wah, şu wagt, şu ýerde-de mekdepdäki ýaly diwar gazeti bolan bolsady, Delje bulary, baý, ýepbeklärd-ä! Bir wagt özüni uly ile gülki edişleri ýaly, gülki ederdi. Serdardan başlap, tä jalaýja serçä çenli ýeke-ýekeden suratlaryny çekip, hersiniň aşagyna-da goşgy ýazardy.Goşguly pikir Deljäni begendirdi. Goşgy üçin gazetem hökman däl. Düz-de, gabady gelen ýerde üç-dört serçäni daşyňa üýşürip, ýatdan okaber. Meselem... meselem, ynha...«Men serçejik, serçejik» diýen setir Deljäniň kellesine aňsatja geldi. Yzam düzüldi gidiberdi:
Men serçejik, serçejik,
Gopgunçy hem gorkajyk.
Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok,
Açlykdan başga derdim ýok.
Men serçejik, serçejik,
Arpa-jöwen berdejik,
Aýdym diňle! Jik-jik-jik,
Jürk-jürk-jürk!
Goşgy Deljäniň göwnüne ýarady. Geň ýeri, goşgyny serçelerem gowy gördüler. Özlerine bagyşlap, ýörite goşgy düzülmegi olaryň başyny göge ýetirdi. Beýle hadysanyň serçeleriň durmuşynda ilkinji gezek bolşudy. Manysyna ünsem berip durman, olar goşgyny alyp göterdiler. Ýokary galýança bäş gezek gaýtalasalar, ýere düşýänçäler on öwran tekrarladylar.Goşgy serdaryň gulagyna-da ýetdi. Ol hem Deljä «berekella» aýtdy we ony özi bilen nahar edinmäge çagyrdy. Deljäni sap ak çöregiň owuntyklary bilen hezzetledi. Nahar başynda serdar özüne bagyşlabam aýratyn bir goşgy düzüläýse kem bolmajakdygyny ýaňzytdy. Delje şondan soň «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen täze goşgynyň ugruna çykdy.Deljäniň sarpasy günsaýyn däl-de, sagatsaýyn beýgelip ugrady. Indi ony tanamaýan az-azdy. Özi hakda goşgy düzülmegini haýyş edip gelýäniň hetdi bar – hasaby ýok. Hatda garagol serçe-de özüniň edermenliklerini goşgynyň üsti bilen taryplamagyny sorap, telim geldi. Deljäniň kellesine häzirlikçe ýekeje-de täze setir gelmese-de, ol gelenleriň hemmesinem hoş söz bilen gaýtarýardy. Özüniň tizden örän uzyn bir goşgy düzjekdigini, şol goşguda bolsa serçeleriň ählisiniň adyny ýekän-ýekän tutup geçjekdigini aýdyp, olary köşeşdirýärdi.Şahyrçylyk etmek baradaky pikiriň öňräjik Deljäniň kellesine gelmeýşini diýsene! Ýeri, şeýdip, serçeleriň ýeke-täk şahyry bolda ýör-dä! Han özüň-soltan özüň. Goşgyň kapyýasyna at dakjak ýok, bogun sany deň gelenok diýjek ýok. Näme düzseň, geçjek durjak. Üstesine-de beýle şöhrat, bu hezzet-hormatlar. Kim bilýär, belki, serçelerem bir wagt aň taýdan ýokary derejä ýetip oturyberseler! Onda dagy serçeler edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde Deljä ýadygärlik dikäýmeklerem mümkin.Abraý-şöhrat diýeniňem balyk ýaly sypjyk bir zat-da. Ahmal bolsaň, eliňden sypýar ötägidýär. Delje süýji-süýji hyýallara gark bolup ýörkä, onuň ähli işini pyrryk etjek başga wakalar başlanypdy. Serdaryň bir geňeşçisi bardy. Adyna Dana serçe diýerdiler. Ynha, şol Dana serçe özüniň äpet şänik ýaly kellesine zor sala-sala, ahyrsoň Deljäniň düzen goşgusynyň manysyna düşündi oturyberdi. Onam bada-bat serdaryň dykgatyna ýetirdi....
Delje «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen goşgynyň üstünde kelle döwüp otyrka, iki sany serçe gelip, ony alyp gitdiler. Delje barsa, serdar gahardan ýaňa, özüniň oturan şahasy bilen bile sandyraýar.— Ä-hä, şahyr, gel bakaly! — diýip, ol çüňküniň arasyndan syzdyryp gürledi. Deljäniň bütin göwrejigi bilen galpyldap duranyny görüp, ajy ýylgyrdy.— Näme, şahyrlaryň hemmesem seniň ýaly gorkakmy? Gel-dä golaýrak!Iki-üç sany serçe Deljäni göter-göter edip, serdaryň aşak ýanyndaky şaha iki gezek mündürdiler. Ikisinde-de Delje patlap ýere gaçdy. Ahyrsoň ony şahanyň üstünde söýgetläp tutup durdular.— Sen öz bolgusyz goşgularyň bilen Lokga serçäniň şöhratly nesillerine myjabat atýarmyşyň, olary gorkaklykda aýyplaýarmyşyň diýip eşitdik-le! Çynmy şol? Nä dymýaň, gürle! Gürle, ýogsa häzir iki gözüňem özüm urup akdyraryn.
Delje seretse, iş gaýdyp barýar. Ol janhowluna bir zatlar diýip pyşyrdady. Deljäni söýgetläp duran serçeler onuň sözlerini sesli gaýtaladylar.
— Serdarymyz! Bu şeý diýýär: «Men gorkajyk diýen sözi eýjejik diýip düzedäýsem bolmazmy?» diýýär.
Serdar gapdalynda oturan geňeşçisiniň ýüzüne seretdi. Geňeşçi özüniň dana başyny ýaýkap goýberdi. Serdar hökümli sesi bilen:— Bolanok! — diýdi. — Hany, sen serçeleriň höwürtgesi ýogam-a diýjek bolýarmyşyň?Delje ýene çüňküni ysgynsyzja gymyldatdy. Gapdalyndaky serçeler onuň bu gezekki pyşyrdysynam serdara sesli aýdyp berdiler:— Goşgynyň «Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok» diýen setirini «Höwürtgäm bar, ýurdum bar» diýip üýtgedeýin diýýä!Delje görgüliniň bu teklibem kabul bolmady. Garaz, oňa delalat etmek serçeleriň niýetinde ýok eken. Ýüp syrylyp, toýnukdan geçen eken.
Deljäni bir jaýryga dykyp, dört tarapynam petiklediler. Şu tümlükde demigip oturyşyna, Delje kän zatlary ýatlady. Garryja enesinden we ejesinden başlap, ala-mula pişiklerine çenli onuň göz öňünden hatar-hatar geçdiler. Şu wagt garry enesi ýanynda bolan bolsa, Delje oňa özüniň ähli başdan geçirenlerini gürrüň bererdi, sansyz ertekini ýatdan bilýän enesi bolsa bar ertekisini ýatdan çykaryp, agzyny açardy. Şu mahal olaryň alaja pişigi mawlap gelsedi, bu zalym serçeleriň baryny kowalap, allaowarra eltip gelerdi. Häzir ýanynda klasdaşlary bolan bolsady... Wah, bolsady ekeniň bilen gögerjek zat barmy? Indi Deljä ol adamlary, ol ýoldaşlary görmek ýok. Her säher turup, uly şowhun bilen mekdebe tarap eňmek ýok...Deljäniň bir wagtky şahyrlara öýkünip: «Hoş indi» ýa-da «Gal indi» diýen ýaly gaýgyly bir goşgy düzesi geldi. Ýöne bu tümlükde özünden başga diňlejek barmy? Häzir kagyz-galam bolsa, Delje-de bir wagtkysy ýaly adam dilinde gürläp we ýazyp bilýän bolsady, onda başga gep. Onda Delje öz gören görgülerini goşga geçirip, kagyza ýazyp giderdi. Klasdaşlaram ony bir wagt bolmasa-bir wagt tapardylar, okap, gözlerine ýaş aýlardylar. «Şeýle oňat, şeýle ukyply klasdaşyň gadyryny bilmändiris, ikilikçi diýip göwnüne degipdiris!» diýip ökünerdiler....Gijäniň ýaryndamy ýa-da gündiziň bir çagymy, belli däl welin, daşarda bir şytyrdy peýda boldy. Şytyrdynyň yz ýanyndan kiçijik yş, yşyň agzynda-da bir serçäniň çüňki göründi. Bu şol «Klasdaşyň näme?» diýip, Deljä sowal beren serçe bolup çykdy. Eý, eý! Çyk, çyk! — diýip, ýaňky serçe pyşyrdady. Delje süýrenip çykdy.
.— Sen, Delje, git! Häziriň özünde! Basymrak öz klasdaşlaryň arasyna bar. Bu ýerde saňa indi gün garasyny görmek ýok. Ýaňyja serdarymyz seniň iki gözüňem oýup, özüňem pişikleriň öňüne oklap gaýtmak barada buýruk berdi. Ugra! Ýene sähel salym eglenseň, işiň görülýär. Anha, gelýärlerem...Ol serçe bir tarapa, Delje-de bir tarapa pysyrdaşyp uçup gitdiler.Bir salym uçandan soň, Deljäniň gulagyna yzdan bir şuwwuldy eşidilen ýaly boldy. Seretse, bir topbak serçe ýokary-aşak bolşup, ýetdim-ýetdim edip gelýärler. Delje bar güýjüni jemläp, ganatlaryny ýetişibildiginden galgatmaga başlady. Serçe bol, adam bol — jan her kime süýjü-dä!Deljäniň garaçynyny edip gaçýanlygyna garamazdan, kowgy barha golaýlaýardy. Ynha, kowgularylaryň biri: «Ä-hä, şahyrjyk, jyryp barşyňmy şu» diýip gygyrdy. Delje bu şaňňy sesi yzyna seretmezden tanady: Garagoluň sesi. Anha, onuň sesi eýýäm ýokarrakdan bir ýerden eşidilip ugrady.Ýagyrnysyndan inen urgudan ýaňa Delje tas deňagramlylygyny ýitirip, aşak kelemenläp gaýdypdy. Ýöne kynlyk bilen özüni dürsäp, ýene gaçyp ugrady. Indi urgular çar tarapdan ýagyp başlady. Delje ahyrsoň çydaman, özüni aşak goýberdi. Geldi-de, ýer bagyrtlap ýatyberdi. Kowguçylar ony ýerde has-da gazap bilen ütmäge durdular. Deljäniňem indi gaýtawul bermäge gurbaty ýok. Ol diňe gözüni, kellesini penalamaga çalyşýar. Adam wagtyndan galan endigiň etdirýäni-dä, ýogsam, gaýdyp kelledir gözüň hyzmatyndan peýdalanmanyň miýesser etjegini ýa-da etmejegini kim bilýär.Birden serçeleriň biri: «Gaçyň, gaçyň! Gyrgy, gyrgy!» diýip, galagoply gygyrdy.Deljäniň kellesi abat galan borly, ol özünden gitmänkä, diňe «Gutardy!» diýip pikir etmeg-ä däl, eýsem, özüniň ýene az salymdan gyrgynyň garnynda peýda boljakdygyny göz öňüne getirmäge-de ýetişdi.
Ol bir mahallar gözüni açsa, töweregi çaýkanyp ýatan suw, astam suw, üstem suw, gapdallaram suw. «Be-e, ýaňky meni ýuwdan gyrgynyň içi durşyna suw eken-ow!» diýip, Delje oýlandy. Seretse, daşynda ululy-kiçili bir topar balygam ýüzüşip ýör. Hakyky, janly balyklar. «Asyl gyrgy meni awlamazdan öň, balykdanam geregini edinen eken. Ýöne bularyň heniz diri gezişip ýörüşleri täsin!» Ony ýene bir geň galdyran zat: şu ummasyz suwuň içinde ýatsa-da, özüniň hopukmaýşy boldy. Bir wagtlar-a ol suwa bolanokdy, çümen badyna, öwhüldäp, zompa ýokary çykardy. «A-how, meniň özüm bir dirimikäm?!» diýip, ol ýene böwrüni diňledi. Ganatlaryny gymyldadyp görse näderkä? Wiý, hany, onuň ganatlary?! Ganat ýerine, her gapdalynda beýleki balyklaryňky ýaly ýüzgüç gymyldap dur. Endam-janam sowut geýdirilen ýaly, ýaldyrawuk teňňeden örtülen. Ol bu ahwalatdan baş çykaryp bilmän, deňinden geçip barýan balyklaryň birini saklady:— Dost jan, aýtsana, men kim? Serçemi ýa balyk?Ötegçi balygyň çüýşeden ýasalan ýaly göm-gök hem-de tegelek gözleri öňküsindenem tegelenen ýaly boldy. Agzy öweldi. Ol şeýdip durdy-durdy-da, «lykyr-lykyr» edip, agzyndan bir süri düwme goýberdi. «Üstümden gülýär-ow, peläket!» diýip, biziň balygymyz (öňki Delje) içini gepletdi.Ol ep-esli wagty şeýle gümürtik ýagdaýda geçirdi. Özüni ilkibaşda serçä öwrüp goýberen jadygöý onuň hakydasyna geldi. «Bu şondan başganyň işi däl — diýip, biziň balygymyz belli karara geldi. — Hawa-da, adamdan serçe ýasap bilýän jadygöý üçin serçeden balyk ýasamanyň näme kynlygy bär!».
Oglan-balyk uzak oýlanyp durmady, içinden: «Aý, muňa-da sag bol, jadygöý aga!» diýip, beýleki balyklaryň arasynda goşuldy gidiberdi.
Balyklar serçeler ýaly «Kim sen, nireden geldiň, kimiň jansyzy?» diýip, ýürege düşüp durmadylar. Asla täze gelen balyga ünsem bermediler. Bularyň aladaly görnüşleri, garabaşynagaý bolşup, eýläk-beýläk hars urup ýörüşleri oglan-balygy geň galdyrdy. Bularyň ýekejesini bir salym saklap, iç döküşjek gümanyň ýok. Göräýmäge seni diňläp duran ýalydyr welin, birdenem öwrüler-de, nirädir bir ýere peýkam kimin süýnüp gider. Görseň, ýa-ha ol bir balygy kowup barýandyr ýa-da başga bir balyk onuň mekgesine münüp gelýändir.Biziň balygymyz: «Bular bir möhüm zadyň ugrunda-ha çapyşyp ýörler welin...» diýen netijä geldi.Diňe käte-käte dört-bäş sany balyk bir ýere üýşýärler-de, ýaltalyk bilen pallaşyp, özara pikir alyşmaga durýarlar. Bir gezek şeýle özara pikir alyşma gatnaşmak oglan-balyga miýesser etdi.
«Şu gün pylan bekre üç sany çapagy lak-luk agzyna atdy» diýip, şonda üýşen balyklaryň biri gürrüňe başlady.
«Ýaňyrak ol bekränem bir uly lakga lak-luk agzyna atdy» diýip, ikinji biri söze goşuldy.Üçünji, dördünji balygyňam gürrüňi kimiň-kimi «lak-luk atanlygy» barada boldy.— Tiz suwam-a sowap başlar — diýip, biziň balygymyz gürrüňiň ugruny üýtgetmäge çalyşdy. Balyklar onuň ýüzüne parhsyz seredişdiler. Ýaňky söze başlan balyk pallady-da:— Dogry aýdýaň! Suw sowar welin, onsoň hemmeler söwenleri lak-luk atyp başlarlar, söwenler sowuk suwda gaty gaçyp bilenoklar — diýdi.Garaz, näme hakda söz açylsa-açylsyn, gep-gürrüň syrygyp, «lak-luka» geldi durdy. Soňra bujagaz söhbetiňem soňuna çykyldy. Balyklar ýene kimiň kimi lak-luk atanlygyny ýada saljak bolýan ýaly, çuňňur oýa batdylar. Şol pursat bulardan has kiçiräk bir balyk haýaljak ýüzüp, gapdaldan geçiberdi welin, gürrüňdeşleriň biri çaltlyk bilen öwrüläge-de, ony ýuwdup goýberdi.
— Bu ýaňkyny lak-luk agzyna ataýdy! — diýşip, beýleki balyklar hälkiniň öwgüsini ýetirdiler. Ol bolsa kiçigöwünlilik bilen: «Aý, sizem-ä... üýtgeşik bir atan zadym ýok-laý» diýip utanjyrady.
Şundan soň ýene öňki-öňkülik başlandy. Kow-ha-kow, ur-ha-tut. Anha, biri özünden kiçijik başga birini ýuwdup goýberdi-de, gözlerini süzüp, biraz durdy. Şol wagt has ulurak balyklaryň bir gelip, onam agzyna atdy. Bu-da gözüni süzüp durka...Bilesigelijilikden oglan-balygam adamyň külembikesi ýalyjak bir balygy «lak-luk atyp» gördi. Balyjak ýüzgüçleri bilen onuň tas bokurdagyny ýyrtypdy. Oglan-balyk ony aňyrsyna geçirýänçä, azap baryny gördi. Şunda ol balyk ýuwdan balyklaryň keýpine gözlerini süzmeýändiklerine, ejirden ýaňa şeýdýändiklerine akyl ýetirdi.Ýuwdulan balyjak aňryk geçensoňam, oýun baryny turuzdy. Oglan-balygyň içinde eýläk bir, beýläk bir ýüzdi ýördi. «Wah, iç-goşlarymyň-a işini görendir!» diýip, oglan-balyk howsala düşdi. «Içimdäkiden bir dynsam bolýar. Soň etjegimi bilýän. Özüm-ä bir ýuwutmaryn, beýlekileriňem bir-birini ýuwutmaklaryna ýol bermerin» diýip, ol öz-özüne söz berdi.Soň ol agzyny giňden açyp, çygylyberdi-çygylyberdi. Onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, başy aýlanyberende, hälki ýuwdan balygy agzyndan atylyp çykdy. Çykdy-da, aňyrrak ýüzüp baryp, oglan-balygyň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Soň dodajygyny çömmeltdi-de, öz ugruna ýüzüp gitdi.
Oglan-balyk bolsa häzir möhüm bir meseläniň daşyna geçipdi. «Bularyň bu bolşunyň telekdigini özlerine nädip düşündirmeli?! — diýip, ol oýlanýardy. Ýöne düşündireniň bilen-ä düşünmezler. Düşünmedig-e «2-lik» goýjak diýseň näderkä? Wiý, mekdep bolmadyk ýerde «2-lik» näme işlesin diýsene! Onda mekdep açaýmaly bolar-da... Mekdep açmaly we «Ähli balyklar dostdur hem dogandyr» diýen temadan günde azyndan bir sagat okuw geçmeli. Gulak asmadygyňam «2-likden» ýüküni ýetirmeli. Ynha, şeýtseň, bulary akylyna aýlandyryp bolar. Ýogsam, bir-birini ýuwdup tüketjeg-ä bular!»

Dowamy bar...


63

4

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 12.01.2025 / 07:54

+0


Gytyndan
Sebap  (12.01.2025 / 08:01) 

BAYOGUL, Sagbol agam

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика