Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Hiçkime 2 gezek ynanmaň, sebäbi 1kitapy 2ji sapar okasanda yene öňkisi yaly gutarar...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bedeniniň gurluşy barada gyzykly maglumatlar
Premium
 BAYOGUL [on]
 12.01.2025 / 08:40
 Yurekdesh.ru

- Göz perdesi adamyň bedeninde ýeke-täk gan bilen üpjün edilmeýän bölekdir. Ol kislorody gönüden-göni howadan alýar.

- Adamyň kelle beýnisiniň sygymy 4 terebaýtdan geçýär.

- Çagalar 7 aýlygyna çenli bir wagtda dem almaga we ýuwutmaga ukyplydyr.

- Adamyň kelle çanagy 29 sany dürli süňklerden durandyr.

- Nerw impulslar kelle beýniden 274 km/sag bilen hereket edýär.

- Ýürek adamyň ýaşaýşynyň dowamynda 182 million litr gany öz üstünden geçirýär.

- Adamlar ukuda görýän düýşleriniň 90 %-ni ýatdan çykarýarlar.

- Adam bedeninden 80 % ýylylyk kellesi boýunça çykýar.

- Adam bedeninde 700-den gowrak fermentler işleýär.

- Adamyň dişi ýeke-täk özbaşdak dikelmäge ukypsyzdyr.

- Dünýäde çepbekeýleriň umumy sany 7 %-e deňdir.

- Adam bedeninde ýaşaýan bakteriýalaryň umumy agramy ortaça 2 kg-a deňdir.

- Adam bedeninde kalsiý elementiniň 99 %-i dişde saklanýar.

- Dişiň syrçasy- adam bedeninde emele gelýän iň gaty dokumadyr.

- Adamyň derisi ömrüniň dowamynda ortaça 1000 gezek çalyşýar.

- Adam bedeniniň düzümine 4 mineral girýär: apatit, aragonit, kalsit we kristobalit.

- Adamyň sag öýkeniniň howa sygymy çep öýkene seredeňde uludyr.

- Uly adamlar 1 günde ortaça 23000 gezek dem alýar.

- Adam bedeninde 2000-den gowrak tagam biliş reseptorlary ýerleşýär.

- Adamyň saçynyň ösüşi uçarda uçan mahaly 2 esse artýar.

- Adamyň gözüniň ululygy doglandan şol durkuna saklanýar, emma burnunyň we gulak ýelkeniniň ösüşi hiç wagt togtamaýar


128

20

3

5

1

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 12.01.2025 / 08:46

+1

Ýetirip dur agam


Premium
BAYOGUL [1s] (12.01.2025 / 08:50) 

Sebap, bolya

 Täzeje
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 12.01.2025 / 09:04

+1

Bu maglumatlaryň arasynda käbirleri dogry bolsa-da, käbirleri ylmy taýdan gümana sebäp bolup biler. Geliň, käbirlerini gözden geçirip, gülkünç tarapyny seredeliň:

1. "Kelle beýniniň sygymy 4 TB-dan geçýär." – Gaty gowy, beýnimiz bir USB fleşka ýa-da hard disk boljak eken. Emma, beýniniň ýatda saklaýan kuwwaty häzirki ylmy ölçeglerde has çylşyrymly we "TB" bilen düşündirmek düýbünden dogry däl. Bu, beýnini tehniki enjamlara öwürmegiň bir synanyşygy ýaly.


2. "Çagalar 7 aýlygyna çenli bir wagtda dem alyp, ýuwutmaga ukyplydyr." – Ýeri gowy-da, çagalar şeýle ukyba eýe bolsa, ulular näme üçin muny ýitirýär? Eger şeýle ukyp bardy we soň ýitdi diýilse, Hudaý adamy "upgrade" etmekden ýüz öwürüpdir öýdýärin!


3. "Adam bedeninden 80% ýylylyk kellesi arkaly çykýar." – Ýanymyzda başlary 'radiator' ýaly görkezjek bolýarlar öýdýän. Aslynda, ýylylygyň köp bölegi beden ýüzüniň umumy meýdanyna baglydyr, diňe kelläni aýryp, radiator ýasamak hökman däl.


4. "Adamyň saçynyň ösüşi uçarda uçan mahaly 2 esse artýar." – Şeýle bolsa, uçuş wagty saç kesim işewürligiň iň gowy ýeridir! Ýöne ýok, bu maglumat doly ylmy däl – uçuşdaky howa basyşy we beýleki şertler saçyň ösüş tizligine täsir etmeýär.


5. "Adam bedeni 700-den gowrak ferment öndürýär." – Bolup biler, emma bir adam "700 sany fermentden" näçesini bilýärkä? Belki-de, biziň bedenimiz bizden has "ylmy taýdan ösen".

 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 12.01.2025 / 10:54

+1

Men bu maglumatlary bilýän ýene ýetirip duruň!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Şugün, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Şugün, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Şugün, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Şugün, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Şugün, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика