Ýürekdeş sözler!
Belki : Ben yağmur ağladım, bir şehre yağdı, Ben şehre ağladım, bir yağmur yağdı, Ben bir ağladım, şehre yağmur yağdı #,Yılmaz Erdoğan
Adam bolmak kyn...13-14
Gytyndan Sebap [off] 13.01.2025 / 17:42 Lekum dinukum we liýe din
Şeýlelik bilen, biziň balygymyz balyklaryň arasyndaky ilkinji mekdebiň düýbüni tutdy. Mekdebiň okuwçylygyna ol dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklary seçip aldy. Onuň plany boýunça, dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklaryň arasyndaky agzybir ýaşaýşyň nusgasy hut şu mekdepden başlanmaly. Onsoň mekdebiň okuwçylarynyň äbede-jüýjeligini görüp, beýlekilerem öz boluşlaryndan utanmaly, ökünmeli we şuňa meňzeşler.Biziň balygymyz ätiýaçlylygam elden bererli däl, ol mekdebe özünden iriräk balyklaryň birinem almady. Bilip bolmaz, birden bularyň «lak-luk» keseli tutaýsa...Günleriň bir günem «Hernä, 1-nji sentýabr bolaýsaň gerek!» diýip, oglan-balyk okuwa başlap goýberdi. Suwuň düýbünde ýerleşen iki sany tümmegiň aralygyndaky uly boşlukda balyklaryň taryhyndaky ilkinji okuw sapagy gyzyşdy.Oglan-balygyň janygyp berýän gürrüňlerini balyklar agyzlaryny öweldişip diňlediler. Gürrüňi bolsa ol has aňyrrakdan — balyklaryň ýaňy döräp ugran döwründen başlady. Ondan öňürtem, özüne mundan beýläk diňe «Mugallym!» diýip ýüzlenmelidigini ýatlatdy.— Hawa, görşüňiz ýaly, hiç bir jandaram, şol sanda balyklaram aňsatlyk bilen emele gelmändir — diýip, ol sözüniň soňunda öz mugallymlarynyň biriniň sözlerini gaýtalady.
— Siz ýöne-möne balyk däl-de, eýsem, ýigriminji asyryň balyklarysyňyz! — diýibem, başga bir mugallymyň sözlerini üýtgedibräk ulandy. Onuň niýeti — şunuň bilen bir günlük sapagy geçip gutarmakdy.
Ýöne şol wagt balaja balyklaryň biri ýoknasyzlygyny edip, onuň bar keýpini uçurdy. Ýaňky balyjak özünden öňde duranyň guýrugyndan saldy agzyna. Öňdäki görgülini onuň agzyndan zordan aldylar.Bu okuwçysynyň göz-görtele bihaýalygyna oglan-balygyň ýaman gahary geldi.
— Men seniň temmiňi bererin! — diýip, ol hälki bezzadyň üstüne dergazap bolup gygyrdy. Şol pursat «mugallymyň» edil alkymynda duran daýawrak biri haýallyk bilen gozgandy-da:
— Mugallym, rugsat etseň, şonuň temmisini özüm bereýin-le! Ol zaňňar düýn meniňem guýrugymdan dişledi... — diýdi. «Mugallym» agzyny açmaga ýetişmänkä-de, bu daýaw ýaňky garagollyk edeniň ýanyna ýüzüp bardy-da, sen-men ýok ony ýuwutdy oturyberdi. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly, ýerine geçdi. «Berekella!» hantamaçylygy bilen «mugallymyň» ýüzüne seretdi. Oglan-balyk diňe:
— Bar, mekdepden gümüňi çek... — diýip bildi. Bokurdagyna gelen gahar başga zat diýmäge oňa mümkinçilik bermedi.
Temmi berlen ýeňsäni el ýaly etdi. Ýöne «mugallym» wagty bilen köşeşip bilmedi.
— Bir-biriňizi symyşlap ýörenden, aç gyrlaýsaňyz bolmaýarmy?! — diýip, ol okuwçylarynyň üstüne gygyrdy. — Anha, ak amurlar ömrüni ot iýip geçirýärler, açlykdan öläýenog-a şolar...Balyklar özleriniň juda utanýandyklaryny aňlatmak üçin, gabaklaryny aşak goýberip, guýruklaryny haýaljak gymyldatdylar....Bu peýdaly sapaklar entegem kän-kän dowam etmelidi. Oglan-balygyň mekdebiniň şöhraty gitdigiçe uzaklara ýaýraýardy. Okuwçam kem-kemden köpelip barýardy. Ýöne...Bir gezek pälwansypat balyklaryň biri bularyň mekdebini görmäge geldi. Sapagyň ýaňy gyzan wagtydy. Biziň balygymyz bolsa gözlerini ýumup, ýüzgüçlerini kelemenledip gürleýärdi.Pälwansypat balyk çeträkde duran kiçileriň birinden «Bu kim?» diýip sorady
.— Bu biziň mugallymymyz! — diýip, körpe balyk buýsanç bilen jogap gaýtardy.
— Bä-ä-äý! Henize çenli mugallym diýlen balygyň etini iýip görmändim-äý! Süýjüdir öz-ä! — diýip, pälwan gözlerini süzgetletdi. Haýallyk bilen oglan-balyga tarap ugrady. Körpe balygam onuň yz ýany bilen öňe okduryldy. — Miltem edäýmegin! — diýip gygyryp, pälwan sypatlynyň öňüne böwet boldy. Henize çenli balygyň balygy gorajak bolup topulanyny görmedik pälwan agzyny açaýdy. Ýöne bu geň galyjylyk körpe balyk üçin heläkçilik bilen gutardy, ol badyny saklap bilmän, göni gelip, pälwansypatlynyň aňalyp duran agzyna girdi
Onýança beýlekilerem özüni dürsemäge ýetişdiler, hüwwe örüp, «mugallymyň» daşyna agyl bolup aýlandylar. Özüne göwni ýetýänleriň dört-bäş sanysy bolsa pälwan balyk bilen gidişip başlady. Eýleden bir süsüp, beýleden bir çekip, onuň eňter-pelegini öwürdiler. Pälwan balyk ahyrsoň çydamady, höküdikläp gaçmaga ýüz urdy.Oglan-balygyň begenäýşini bir görsediňiz! «Okuwçylarym meni ölümden gutardy» diýip begenenok-da, «Okuwçylarym maňa düşünip ugrapdyrlar» diýip begenýär. Adam wagtyndakysy ýaly gerlip duran elleri bolan bolsa, ol häzir okuwçylarynyň baryny ýeke-ýekeden gujaklap çykardy....Birden balyklaryň arasyndan «Gelýärler! Ýene gelýärler!» diýen howsalaly ses çykdy. Seretseler, ynha, bir topar men diýen balyk, suwuň astyny tolkundyryp, süýşüp gelýärler. Iň öňde-de hälki ýeňse berip gaçan balyk.Biziň balygymyzy bu ahwalat aljyratdy. Ol näderini bilmän, dört ýanyna garanyberdi. Dogry-da, suwasty söweş boýunça onuň entek çigit ýalyjagam tejribesi ýok ahyryn. Kesek atyşmaly ýa-da ýaka tutuşmaly bolsa, ol hem agzyny açyp durmazdy. Iň bolmanda, serçe bilen uruşdyrsalaram, bir gününi görerdi. Bu ýerde welin...Onuň bu çykgynsyz ýagdaýyny aňdymy-nätdimi, okuwçylaryndan özüne göwni ýetip ýören dogumlyja biri öňe çykdy. «Pylanym pylany! Siz mugallymy goraň!» diýip, ýoldaşlarynyň dört-bäş sanysyna buýruk berdi. Galanlarynam ýerli-ýerinde goýuşdyryp, goranyş meýdanyny berkitmäge başlady. Onýança başky zarbanyň ilkinji tolkuny gelip ýetdi. Balyklaryň arasynda adaty bolmadyk söweş başlady. Söweşýänleriň bir tarap-a gara bokurdagyň ýesirleri, beýlekisem täze, düşünjeli ýaşaýşyň tarapdarlary.Oglan-balygyň okuwçylary özleriniň kiçijikligine, ejizligine seretmezden, uly ýürek, çensiz batyrlyk bilen garpyşýardylar. Diňe seňseläp ýa-da ölüm ýarasy düşenden soň, söweş meýdanyny terk edip, haýallyk bilen ýokary göterilip gidýärdiler.
Elbetde, oglan-balygam bu döwüşi keseden synlap, uzak ýatyp bilmedi. Goragçylaryny ýanyna alyp, agzyny hatap ýaly açyp, uruş meýdanynyň çetinden girdi.Ýöne hernäçe gidişseler-de, güýç deň gelmedi. Oglan-balygyň okuwçylarynyň hatary gitdigiçe selçeňläp, ýan berip ugrady. Bu tutluşygy adatdakylar ýaly «lak-luk» oýnudyr öýdüp, keseden balyk üstüne balyk gelip goşulýar, gelenem oljadan galmajak bolup, söweşiň iň gyzgalaňly ýerine okdurylýar. Ilki bilenem oglan-balygyň ysgyndan gaçan okuwçylary olara şam bolýardy.Şol güpür-tapyryň arasynda biri oglan-balygyň böwrüne çalaja dürtdi. Seretse, häli mekdebiň okuwçylaryna buýruk berip ýören dogumlyja balyk. Bir gözi, bir ýüzgüji harap bolupdyr, böwründe-de çuňňur ýaranyň yzy hoňkaryp dur.— Mugallym! Pursat elden gitmänkä, sen gaç-da başyňy gutar... Bütin mekdepden ikimizden başga dirisi galmady. Häzir bular bir-biri bilen gemrişip ýör. Gaç, mugallym... — diýip, ol pyşyrdady.
Biziň balygymyz kynlyk bilen dillendi:
— Ýok, men beýdip bilmerin. Mugallym adymy harlap, gaçyp bilmen. Okuwçylarymyň ýok ýerinde menem ýok. Gowusy, sen git, özüm seni penalaryn. Meniň mekdebimden, iň bolmanda, ýekeke okuwçy diri galsyn... Öz mugallymyňy ýatdan çykarma! Bar, git basym!— Ýok, meniň diri galaýjagym gümana, diri galanymda-da, menden haýyr az. Ynha, sen sypyp bilseň welin, başga gep. Sen ýene müňläp-müňläp okuwçy ýetişdirersiň. Balyklaryň arasyndan täze durmuşyň ýeňmegine kömek edersiň...Bularyň jedelini çözere maý bolmady. Uly balyklaryň biri olaryň kelle direşip duranyny gördi-de: «Hernä, ikisem birden agzyma sygar-da!» diýen pikir bilen, bärik okdurylyp gaýtdy. Hälki dogumlyja balygam: «Mugallym, gaç!» diýdi-de, duşmana garşylyklaýyn topuldy. Iki balyk goç süsüşen ýaly süsüşdi, uly balyk az salymlyk özüni ýitirdi, dogumlyja bolsa hereketden galyp, suwuň düýbüne çökdi.Oglan-balyk mundan artyk eglenmäniň peýdasynyň ýokdugyna göz ýetirdi. Bar güýjüni jemläp, kenara tarap ýüzüp ugrady. «Şulara aw bolandan, kenarda demigip ölenim gowudyr!» diýip, barýarka pikir etdi.
Öz hasaby boýunça, ol bu wagta çenli ýagty jahan bilen hoşlaşmalydy. Kenara atylyp çykanyna esli salym-a geçen bolmaly.Ol özüniň henize çenli diriligine geň galyp, gözlerini çalaja açdy. Görse, gury ýerde däl-de, ýalpajyk, ýylymsyja suwuň içinde ýatyr. Ol guýrugyny gymyldadyp gördi, suw şylp-şylp ses etdi.— Tüweleme, ahyrsoň özüňe geldiň-ow! — diýip, ýokardan bir owaz geldi. Oglan-balyk jadygöýüň bu tanyş sesini eşidip, tisginip gitdi.— Jaý wagtynda ýetişdiň, jadygöý aga! Meni tizden-tiz adama öwür! — diýip, ol pyşyrdady.Jadygöý başyny ýaýkap, uludan demini aldy:— Gadyrdan, haýwanlykdan adama öwrüp bilmeýänimi men saňa başda aýtdym ahyryn!
— Onda men nätmeli indi? — diýip, oglan-balyk aglamjyrady. — Meniň ejemi, kakamy, inimi göresim gelýär. Mekdebimizi, bile okan klasdaşlarymyzy göresim gelýär...
Jadygöý dymyp dur.
Oglan-balyk özi aglap, özi köşeşdi:
— Onda meni gaty güýçli bir haýwana öwür. Meselem, gaplaňa! — diýip, ol öýkeli gepledi.
— Gaplaň-a bolmaz. Bu töwerekde gaplaň gezip ýören ýeri ýok. Şonuň üçinem, birinjiden-ä, seniň hakyky gaplaňdygyňa hiç kim ynanmaz. Ynandyraýjagam bolsaň, ilki içiňi ajy tüsseden dolduryp, hamyňy sypyrarlar-da, soň ynanarlar. O-da saňa juda gymmat düş er.— Hany onda, tap-da bir alajyny! Seniň jadygöý bolanyň nirede...
— Sen... möjek bolaýsaň nädýär? — diýip, jadygöý birhili çekinjeňlik bilen onuň sözüni böldi.
— Möjek? Hüm-m! Möjek diýdňňmi? Bolýa-da... Öwür meni möjege! Serçelikden, balyklykdan-a gowudyr...
Teswirler:
Täzeje Gadayly [off] Sôyúl yóne sóyme aglama aglat! 13.01.2025 / 22:58+1++++++
GytyndanSebap (13.01.2025 / 23:00) Gadayly, 15-16 bardyr okasaň
TäzejeGadayly (14.01.2025 / 04:04) Sebap, Okadym sps
GytyndanSebap (14.01.2025 / 04:29) Gadayly, 
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk