Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
boshver : Ýeri men òzgàni sòýemde nàme? Oñ ýeriñde señ keşbiñi gòrsem.. Tàze pursatlara ynanyp bilmàn, kòne duýgulara allanyp ýòrsem.. Ýùregim iki dàl emma hakykat òzge bilen bagtly diýmànem bilmen. Señ màhriñi ýene duýmaklyk ùçin, howwa-a-a.. Men òzgàni sòýmànem bilmen..

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...15-16
 Gytyndan
 Sebap [off]
 13.01.2025 / 17:47
 Lekum dinukum we liýe din

Möjege öwrülen oglanjyk jadygöýüň öwredişi ýaly, garaňky düşüberende tumşugyny dik göge tutup, deminem içine ýygnap, zorruk ses bilen uzyndan bir uwlady welin, bu gorkunç sesden ýaňa özüniňem endamy jümşülläp gitdi. Onsuzam ümsümlige çümüp oturan töwerek öňküdenem beter dymdy. Bu ümsümlik oglan-möjegi has-da eýmendirdi. Ol gorkudan ýaňa ozalkydanam uzyn uwlady. Oňa ahyrsoň jogap berdiler. Uzakdan bir ýerden çala gulagyna ilen uwwuldy oglan-möjegi hem-ä biraz köşeşdirdi, hem-de ýüregine düşnüksiz bir dowul saldy. Ol jogabyň haýsy tarapdan gelenini anyk bilmek üçin, bokurdagyna ýene bir gezek zor saldy. Jogap uwwuldysy günbatardan ýaňlandy. Onsoň oglan-möjek şol tarapy nazarlady-da, gidiberdi.Seňk-seňk edip, şol gidip barýar-gidip barýar. Hälki sesiň çykan ýerine ýeter ýerde ýetiberenok. Onsoň oglan-möjek bir kiçijik alaňyň eteginde aýak çekdi. «Ýaňky uwwuldy meniň gulagyma eşidilen bolaýmasyn?» diýip, böwrüne diň saldy. Edil şol halat bir agyr zat onuň ýagyrnysyna hopba boldy. Oglan-möjek ýere ýazylyp gitdi, agzy çägeden doldy. Ynha, indi ol ne gygyryp bilýär, ne-de arkanlygyna öwrülip, bogazy bolsa atagzy bilen gysylýan ýaly barha daralýar.
Şeýdip, ol ölüm bilen ýaşaýşyň, çäge bilen agyr göwräniň aralygynda esli salym demigip, urnup ýatdy.
Soňrak, ýeriň aşagyndanmy ýa-da asmandanmy (muny seljermäge oglan-möjegiň wagtam ýok — gurbatam) bir hökümli ses geldi:
— Goýberiň!
Üstünden agyr ýük aýrylan oglan-möjek kem-kemden özüne geldi. Kynlyk bilen aýak üstüne galyp, töweregine göz gezdirdi. Ine, dört sany möjek onuň ýanyny alyp, heşerlenişip durlar. Gözlerem ot bolup ýanýar.
— Niräniň möjegi borsuň? Näme üçin, näme niýet bilen geldiň? — diýip, ýokardan ýene hälki hökümli ses eşidildi. Oglan-möjek tisginip, ýokaryk seretse, pessejik alaňyň üstünde, Aý şöhlesiniň aşagynda ýene bir äpet möjek art aýaklarynyň üstünde butnaman otyr. Onuň dikgerip duran ýeke gulagyny görende, oglan-möjek özüniň ýalňyşman gelendigini aňdy. Ol jadygöýüň öwredişi ýaly, duran ýerinde garysyna çökdi:— Eý, çölleriö eýesi, itleriň ýagysy, goýunlaryň piri, kuwwatly serdar! Men dine seniň mizemez erkiňe tabyn bolmak üçin, seniň kuwwatly aýaklary öňünde dyza çökmek üçin, indi näçe gije-gündizdir, çöl-beýewanda ygyp, ýollar aşyp gelýärin. Bu gün men öz arzuwyma gowuşdym. Indi meniň janym, erkim, ykbalym seniň eliňde, ýagny, ygtyýaryňda. Men biçäräni öz ganatyň aşagyna... ýagny, öz penaňa al, serdarym!
Möjekleriň serdary onuň sözüni üns bilen diňledi.
Onuň keşbi öňki yzgytsyzlygyny birneme ýitiren ýaly boldy, äheňem az-kem ýumşady:— Sen köp horluklar görüp, bir ýowuz beladan gaçyp gelene meňzeýärsiň! Ýeri, aýdyber!— Seniň paýhasyňa, öňden görüjiligiňe gurban men, serdarym! Men hakykatdanam kän horluklar görüp, iň soňky demimde seniň penaňa özümi atdy. Bizi — seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanyň agtygynyň çowlugy bolan Gara möjegiň ordasy gyrdylar, serdarym! Başdan-aýaga gyrdylar... Biz sürä çozduk, ýöne bizin çozjagymyzy bilip, çopanlar öňden duzak gurup goýan eken. Iki sanymyzy itler alyp galdy, iki-üç sanymyzam çopanlaryň okundan wepat boldy. Diňe Gara möjek ikimiz tötänlik bilen gabawdan sypdyk. Ýöne Gara möjege agyr ýara düşen eken, ol... ol ýolda... — Şu ýerde oglan-möjek hamsygdy, soň zordan özüni dürsän bolup, uludan demini aldy. — Hawa, Gara möjegem ýolda ýogaldy. Ýöne ýogalmazynyň öň ýanynda maňa şeýle sargyt etdi: «Gum eteginiň günbatarynda, pylan ýerräkde meniň bir babadaşym bolmaly. Adyna Ýekegulak serdar diýýändirler. Şony hökman tap, şol saňa hossar çykar!» diýdi. Men onuň sargydyny berjaý etdim, seniň ýeňilmezek ordana gelip gowuşdym, indi meniň armanym ýok! — Oglan-möjegiň ýene bogazy doldy. Onuň daşyny gallap duranlar çalaja uwlaşdylar. Serdaram duýgudaşlyk alamata hökmünde oturan ýerinden olara goşulyp, ses etdi. Oglan-möjek özüniň nyşanany jaýdar uranlygyny bildi. Ol hem uwlady, ýöne begenjinden uwlady.Bu uwlaşykdan son möjekleriň serdary az salym oýa batyp oturdy. Serdar özüniň Gara möjek atly nähili babadaşynyň bardygyny ýada saljak bolup jan edýändir diýip, oglan-möjek içinden çak urdy, dogry bolubam ç y kdy.— Nämesiniň nämesi diýdiň häli? — diýip, serdar oglan-möjekden sorady.— Seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanynyň agtygynyň çowlugy! — diýip, oglan-möjek ýat beklän jümlesini gaýtalady. Ýöne şeýle jümle boýunça öz garyndaşlaryň, babadaşlaryň hasabyny çykarjan gör-dä! Başyň aýlanyp, gözüň garaňkyrabermezmikä!Bu jümle serdaram halys bulaşdyrdy. Ýöne ol sepini bildirmejek bolup:— Hä-hä, ýadyma düşdi. Pahyr gaty akylly, algyr möjekdi! — diýen boldy. — Sen, garyndaş, hapa bolma — diýip, soň ol oglan-möjege göwünlik berdi. — Biz Gara möjegiň, onuň ordasynyň aryny ýerine salarys. Biz ordadan wepat bolanlaryň her biri üçin bir sürini çaparys!
Serdaryň soňky sözleri oglan-möjegiň keýpini bozdy. «Wah, gereginden artygrak jan çekip, bulary öjükdiräýdim öýdýän. Indi meniň günäm bilen, bir topar owlak-guzy, goýun-geçi heläk bolmaly bormuka?» diýip, ol gaýga gitdi. Her niçigem bolsa, özüni paş etmezlik uçin, daşyndan serdara çuňňur minnetdarlyk bildiren boldy.
Şeýdip, oglan-möjek bularyň süreninde ýaşaberdi. Ýöne garylyp-gatyşyp, öz-özleri ýaly bolup gidibermek welin oňa aňsat düşmedi. Möjekler hernäçe garyndaşsyran bolsalar-da, olaryň sap-sary göreçleriniň bir çetinde ynamsyzlygyň uçgunlary ýylpyldaşyp durdy.Birinjiden-ä, täze gelen garyndaşyň aw diýlen zada düýpgöter ukypsyzlygy möjekleri geňirgendirdi. Bir agsak towşany tutjak bolubam, ol ýarym günläp ejir baryny gördi: dili sallanyp dyzyna ýetiberende, towşany zordan ele saldy. Ele salansoňam, beýlek möjekler ýaly hasyr-husur öz ýesiriniň bogazyny kertmän, gaýtam ony emaý bilen dişläp, goýara has ýumşagrak ýer
gözleýän ýaly, ondan-oňa aýlandy ýördi. Ahyrsoňunda-da towşany alyp, bir buky ýere gitdi. Soňrak dili bilen tumşugyny ýalaşdyran bolup, göwnühoş halda gaýdyp geldi. Ýöne onuň agzynyň töwereginde gana bulaşan ýekeje-de tüý ýokdy. Bu bolsa möjekleriň ýiti nazaryndan sypmady.Täze geleniň ýene bir geň gylygy bar eken. Ýokardan güsürdeşip-pysyrdaşyp bir topbajyk serçe geçiberdigi, ol sakga durýar-da, ýaňky serçelere seredýär, olar tä gözden ýitýänçä, şeýdip aňalyp durýar.Gidip barýan ýolunda kak suwuna-zada gabat geläýse-de şeýdýär, birden durýar-da, hamana, bir ýitigini gozleýän ýaly, suwuň düýbüne ýiti-ýiti seredýär. Suwuň beýle ýüzüne geçibem şeýdýär...Garyndaşynyň bu täsin boluşlary aýratynam serdaryň gözüne dürtülýärdi. Ol ordanyň täze çleniniň (agzasynyň) şeýle gylyklaryna nähili düşünjegini bilmän, görgä galýardy. Çagalykdan galan bolgusyz endiklermikä?! Ýa-da munda serdaryň akyly ýeterden ulurak bir syr barmyka?
!Bir gün tutuş orda bir ýere üýşüp, dynç alyp otyrka, möjekleriň biri hyňrandy-da:
— Adamyň ysy gelýär... — diýdi.
Möjekler hüşerilişdiler. Ysyrganyşyp:— Hawa-da, hawa! — boluşdylar.Serdar haýal etmän, möjekleriň birini razwede iberdi. «Razwedkaçy» ep-esli wagtdan soň: «Bu jelegaýlarda adam tohumyndan hiç zat ýok!» diýip geldi.Başga bir gün bolsa, guş-towuk ýok ýerden möjekleriň burnuna guş ysy geldi. Ýene bir günem, çöl-beýewanyň ortasynda, olaryň burnuna balygyň ysy haplap urdy. Bu geňlik kän gezek gaýtalandy. Ine, şol gezekleriň birinde, serdar bilgeşleýin täze möjegi razwedka ýollady. Ol aňyrrak giden badyna del ysam ýitdi. Serdar bu usuly soňrak ýene gaýtalady. Täze möjegiň garasy ýitenden, ys ýene ýitirim boldy. Del ysyň kimden gelýänligi indi serdara aç-açan aýan boldy. Ol täze garyndaşynyň yzyndan gözegçiligi has-da güýçlendirmek kararyna geldi....Oglan-möjek bir gün kak suwunyň düýbüne seredip, adatdakysy ýaly, bir wagtky okuwçylaryny ýatlap durka, kimdir biriniň özüne dykgat bilen seredýändigini syzdy-da, başyny galdyrdy. Şonda, hol beýleräkdäki çöplügiň aňyrsynda serdaryň ýeke gulakly äpet kellesiniň çalaja garalyp gidenini gördi. Onsoň ol: «Serdar meniň bu bolup durşumy geň göräýmesin» diýen pikir bilen, serdaryň gözüne çöp atmagy ýüregine düwdi. Suwa seredip durdy-durdy-da, birdenem tumşugyny suwa urdy. Hamana, bir zatlar tutan şekilli, hezil edip çeýneşdiren boldy.Başga bir gün bolsa ol golaýragyna gelip gonan serçäniň üstüne oýundan topuldy. Serçe pysyrdap göge göterilensoňam, ep-esli aralyga kowalaşyp gitdi. Soň serçäniň yzyndan garap durşuna: «Kim bilýär, ýaňky meniň bir wagt ýetişdirip, kemala getiren serçejiklerimiň biri bolsa-da ahmal!» diýip pikir etdi.
Täze gelen möjegiň hiç zatdan habarsyz boln bolup, eden bu hereketleri ony ullakan şübheden biraz halas etdi. Serdar ol barada şeýle netijä geldi:
— Lälik ösüp, guş-puşuň, balyk-palygyň etini iýip ulalan möjek diýerler muňa! Üstünden dürli ysyň aňkap durmasam şondandyr...
— Onda mundan adam ysy nädip gelýärkä? — diýip, serdar birden täze pikir tapyndy. — Ýa-da adam etinem dadyp göräýdimikä? Aý, ýok-la, adama erjeşerden-ä gaty gowşak bu! Onda näme?!

Dowamy bar......


68

8

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 14.01.2025 / 04:02

+0

++++++


Gytyndan
Sebap  (14.01.2025 / 04:30) 

Gadayly, Sagbol

 Täzeje
 -Suleyman- [off]
 14.01.2025 / 12:55

+0

Cyndanam kynmyka adam bolmak


Gytyndan
Sebap  (14.01.2025 / 15:22) 

-Suleyman-, Mençe kyn sebäbi adam özüniň nähili gylygynyň gylygynň boljakdygyny öňünden bilip bilmeýa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика