Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Dalini adam etmesekde adamy dali eders kanka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuş nowellalary (kino-ssenariýa)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 13.01.2025 / 18:18
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

DURMUŞ NOWELLALARY (KINO-SSENARIÝA)

"Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok, görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok."

Ol gün howa biraz bulaşyk bolupdy.Asmanyň ýüzi gara bulutlar bilen örtülip älem-jahan alagaraňkydy. Günbatar şemaly köwsarlap ýagyşyň ysyny berýärdi. Gap-gara bulutlar Güneşi bireýýäm gizläpdi. Güýziň sowujak şemaly ýüzüňi ýelpäp, göwnüňi galkyndyrýardy. Gaýrasyna Amyderýa çekilen, ilersine bag-bakjalar ekilen, Allanyň dosty Isberden weliniň ady dakylan Isberden obasy adaty mähremligi bilen ýylgyryp durdy. Göýä üstüňden gaýdaýjak ýaly abanşyp duran Köpetdagy etekläp , öňküsindenem özgerip, bag-bakjalara bukulyp otyr.Obanyň gündogarsynda we günbatarsynda hala çitilen göller mysaly al-ýaşyl öwüsýän ekin meýdanlar erkana ýaýlyp ýatyr. Hanha , bir ýetginjek öňüne geçilerini sürüp , obadan saýlanyp gelýär. Has dogrusy geçiler ony yzyna tirkäp alyp gelýän ýaly. Ýüzi Kamar kimin tegelekden päkize, gara gözleri ýyldyzlar deý uçganaklap, balkyldap duran özdiýenli ýetginjegiň bu gün diýseň keýpi kök. Bu gün onuň üçin hiç ýatdan çykmajak günleriň biri . Çarwadarlyk atasyndan galan miras bolsada , dowarlary nirede otlatmaly, nirede suwlatmaly , hiç hili habary ýok.Hatda olary nirede bakmalydygyny hem bilmeýär. Baş gahrymanymyz mallary ýatakdan çykardy-da , olaryň yzyna düşüp ýöräberdi. Dowarlar obanyň gaýrasyna çykdylar-da , bir ýodajyk bilen gidiberdiler. Ýaşajyk çopan hem olaryň yzyna düşüp barşyna , ýodanyň gyrasynda guma bulaşyp ýatan , ulyrak ýaşyl depdere gözi düşdi. Ol goýunlaryndan biraz daşlaşyp ýaşyl depderi eline aldy.

Nazar: Bu nämekä?

Nazar depderiň ilkinji sahypasyny agdardy

Nazar: "Syrdaşym–gündeligim". Bää biriniň gündeligi öýdýän ?

"Durmuş manyly bolýar,
Undyp kine-gahary,
Duýgumyzy paýlaşmana
Syrdaşyň bar mahaly."

Özem men ýaly goşgy ýazýanyň gündeligi bolmaly.

Gündelik ony bada-bat özüne çekdi. Soňra gündelikden biraz ünsüni sowup , töweregine garanjaklady. Hanha goýunlar has dogrysy goýunlary yzyna tirkäp barýan geçiler , şol ýoda bilen gaýralygyna tutdyrylyp barýardylar . Nazar dowarlaryň yzyndan ylgap ýetip, geçileri ýodadan sowup , günbatardaky otlyrak ýere kowdy. Geçiler bir ýerlere howlugýan ýaly eňip barsalarda , goýunlaryň bar aladasy otlurak ýer tapsa otlamakdy. Nazaryň bolsa bar aladasy elindäki ýaňy tapan gündeligi okamak boldy. Ahyry geçiler hem otlamana başladylar . Gahrymanymyz bolsa gündeligiň ilkinji sahypasyny okap başlady.

Nazar:  Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de bir gezek sabyr . Bu depderçäme men "gündelik" dälde "syrdaşym" diýip atlandyrasym gelýär. Sebäbi men onuň bilen ähli syrlarymy paýlaşyp , ýüregime agram salyp , içime sygmadyk duýgylarymy, şatlygymy, gaýgylarymy , ýylgyryşdyr-göz ýaşlarymy syrdaşym-gündeligim bilen paýlaşasym gelýär.

Salam .

Salam syrdaşym! Gowymy ýagdaýlaryň ? Syrdaşymyň häzirlikçe gepläp bilmeýänem gowy zat . Sebäbi häzir men hiç gepletmän , içimi nämede bolsa bir zada dökesim gelýär.Inhä-de saňa hemsyrdaş ýakyn dost. Içiňi dökde otyr.

Öwrenişmek.

Bä syrdaşyma ilki nämeleri gürrüň berip başlasamkam ? Bilýän , bir urugyp bildigim , yzynyň joş alyp gitjegini . Ýöne urugmak kyn. Bolýar başdan başlaýyn, ýagny çagalyk ýyllarymdan.

Çagalyk ýyllarym.

Çagalyk ýyllarymdan başlamakçydym. Aslynda çagalyk ýyllaryma gaýtadan dolanyp barmagy halamok. Ýöne Hudaýa şükür ol ýyllardan närza ýerimem ýok. Alla gowsuny bilýändir. Okyjylarymyň gyzyklanary ýaly durmuşymda ilki bilen çagalyk ýyllarymda bolup geçen täsin wakalary ýatlap geçeýin. Asla hakydamdan çykmajak , hakyky öz durmuşymda bolup geçen wakalar diýseň köp . Olaryň ilkinjisi şu. Ýagny "Eje, daş ýagýar!"

Ol  gündeligi okadygyça okasy gelýärdi. Onuň içindäki wakalar, özem hakyky durmuşda bolan wakalar gitdigiçe özüne çekýärdi. Onýançada hol  kanalyň gaýrasyndaky , zeýiň boýunda birnäçe oglanlaryň gykylygy geldi.

Näbelli kişi: Nazar, gel-ow!

Nazar bu sese tisginip töweregine garanjaklady. Ol oglanlary görüp gündeligi gapdalyragynda duran ýylgynyň arasynda gizledi.Oglanlar henizem sesleriniň ýetdiginden gygyryşyp dostuny çagyrýardylar.

Bir oglan: Nazar, geldä dost !
Başga bir oglan: Nazar-maý ol?!
Ýene bir oglan: Howwa şol
Ýene-de bir oglan: Nazar gel-ow

Nazar uzak aralykdan elini bulap çagyrýan , ýönekeý gök köýnekli, bugdaýreňk , inçesagt oglanyň krusdaşy we dosty Şatlykdygyny tanady. Beýlekilerem dostunyň dostlary bolmaly. Nazar dowarlaryny sürüp dostlarynyň ýanyna bardy. Baranym şoldy welin birden ýagyş sepeläp başlady .Şol wagt Şatlyk dosty bilen degişdi.

Şatlyk: Nazar  sen geldiň welin ýagşam geläýdi

Beýlekiler: Ýagyş bilen bile geldi öýdýän

Diýip gülüşdiler. Nazar dostlary bilen gyssag arada elleşip , salamlaşyp ýetişdi. Ýagyş bolsa elekden dökülýän ýalydy.

Şatlyk: Oglanlar ýagyş ýagyp başlady , ýagşa beter ezilmänkäk gaýdalyňmy!

Bir oglan: Howwa gaýdalyň

Başga bir oglan: Ýörüň , gyzgynjak ojagmyz öýmize tarap

Şatlyk:Nazar biz-ä öýmize gaýtjak ,ýör senem gaýtsaň !

Nazar: Ýok dost siz  gaýdyberiň, men ýaňja geldim. Indi gelenime görä biraz mallarymy otladaýyn.

Şatlyk:  Bolýar-da dost, onda sag bol  !

Nazar: Bolýar dost , sag bol !

Şatlyk we ýoldaşlary mallaryny ilerligine sürüp oba golaýlaşdylar . Ikindi ýagyşy uzak ýagmady. Olar heniz oba ýetmänkä ýagmyr diňdi. Emma olar şonda-da oba girip gitdiler. Olar gaýdan soň Nazar gündeligi gizlän ýylgynynyň ýanyna bardy. Gündeligiň daşyny süpürşdirdi. Gündelik ýagşyň aşagynda durup azajyk zaýalanypdyr, käbir sahypalary ýyrtylypdy. Gündelik golýazma bolanlygy üçin awtoryň hatyna gowy düşünip bolmaýardy. Şonda-da Nazar ony okajak bolýardy.

"Eje, daş ýagýar!"

Nazar:Eneň-ataň saňa ýagşylyk eder,
Olaň ýamanlygam ýagşylygadyr.

Dünýäde ene deýin mähriban , ata kimin eziz adam barmy ? Şolaryň barlygynda baladan bagtly adam barmy ? Olar balalarynyň başynda gumry kibi kükrek gerýän goraýjylar . Ol öz bagtyny çagalarynyň bagtyna çalşan çalşyrjylar. Olar galanja ömrüni perzentlerine bagyşlan janserekler. Meniňem şeýle maşgalam bar.
Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok. Bolsa ýaňy bir bäş ýa-da alty ýaşlarymdadyryn. Men ilkinji gezek gyzamyk  keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy, başym aýlanýardy. Endamym ot ýaly gyzgyn bolsa-da , gaty üşeýärdim. Üstümdäki ýorganyma bürenip, gara der bolup ýatyrdym . Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme ýagýan ýalydy. Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi penjirä  uzadyp:
- Eje, daş ýagýar!  Eje, seret daş ýagýar!-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym. Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy. Ejem nätjegini bilmän yzly-yzyna başymy sypalap, göz ýaşlaryny saklap bilmeýärdi . Soňra ýer iki ýana yranyp başlady. Daşam üstümden ýagýardy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ahyry ýatyp galypdyryn. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady.Soňra howsala düşüp , elini däri-dermandan dolduryp kakamam gapydan girdi. Kakamyň yzy bilen agras , gaharjaň ýüzli , ak ýektaýly daýy girdi.Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu güne ýetdim. Olara  bergim, borjum ummasyz. Henizem giç däl. Olar aýatda diri ahyryn. Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek, näçe sylasak, näçe söýsek,
şonçada az. Olar biziň üçin gör nämeler etmedi, gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ?!

N azar gündeligi dünýäni unudyp okaýardy. Ondaky wakalar gitdigiçe özüne çekýärdi. Aşakgy abzasa ýetende Nazar töweregine garanjaklady . Seretse dowarlary ýok.

Nazar:Beh bular şulkaralykda nirä gitdikä, ýaňyjada şu ýerde otlaşyp ýördiler ?

Nazar goýunlarynyň gözlegine çykdy.Beledräk depä  çykyp seretdi, hiç hili mal görnenok. Onuň aňyrsyndaky depelere çykyp gözledi ýöne asla geçileri görünmeýärdi. Nazar zeý bilen kanalyň aralygyndan günbatarlygyna ýöräp,depeden-depä aşyp mallaryny tä Gün ýaşyp , garaňky gatlyşýança gözledi,emma tapmady. Indi ol hasam aladalanyp başlady. Mal ýitirmek örän elhenç duýgy. Nazar gaharlanýardy, öz-özüne igenýärdi. Gözledigiçe ony aladalar basmarlaýardy.

Nazar: Indi öýdäkilere näme diýmeli? Kakam "Mallaryň hany?"diýip sorasa näme jogap bermeli?

Gün batyp, garaňky gatlyşyp, obanyň çyralary asmandaky Ýyldyzlar kimin gözlerini gyrpyşyp başladylar. Ahyry ol içgysgynç aladalar bilen öýüne gaýtmana mejbur boldy . Öýüne ýetip-ýetmänkä onuň öňünden kakasy çykdy.

(dowamy bar)

Gerçeknazar AMANNAZAROW.


91

10

3

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 13.01.2025 / 21:47

+0

Menem hakyky adym bar eken gowy mlds dowamyna garasyan

 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 13.01.2025 / 23:04

+0

Gowy eken dowamy haçan


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.01.2025 / 07:58) 

Sebap, sag boluň ,dowamynam ýakyn wagtda ýazmakçy nesip bolsa .


Gytyndan
Sebap  (14.01.2025 / 15:19) 

Gerceknazar, Bolýa

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 14.01.2025 / 04:16

+0

++++

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика