Ýürekdeş sözler!
Jimin : Entak yasymyz kici yone yureklerde dunyalere sygmayan dertler bar
Adam bolmak kyn...17-18-19
Gytyndan Sebap [off] 14.01.2025 / 22:15 Lekum dinukum we liýe din
Sürende iki sany möjek çagasam bar eken. Beýlekiler awa giden mahaly, oglan-möjek şol iki sany kiçijik garakça eneke bolup galýar. Çig eti çeýnäp, olara iýdirýär. Soň yzyna düşürip, golaýdaky kaka suw içmäge äkidýär.Etden doýup, suwdan ganan möjekler soňra bir-biri bilen basalaşyp, oýnaşyp başlaýarlar. Süreniň içini, töweregini ala-tozan edýärler. Käwagtam ikisi birden oglan-möjegiň daşyna geçýär. Biri dyrmaşyp, onuň üstüne münýär, beýlekisi onuň guýrugyndan çeken bolýar. Oglan-möjegem aslynda çaga bolansoň, bu oýny heziller edip alyp göterýär. Ilki ýerinden silkinip turýar-da, möjekleriň hersini bir tarapa pyzyp taşlaýar. Ýaňkylar gelip täzeden ýapyşýarlar, biri oglan-möjegiň boýnundan asylýar, beýle kisem guýrugyndan. Oglan-möjek, hamana, bularyň garşysyna durup bilmedik bolan bolup, gapdallygyna gürpüldäp ýykylýar...
Ol bu iki sany bitakat, garagol jandar bilen gitdigiçe ysnyşyp barýardy. Özüni, hamana, bularyň agasy ýaly duýýardy. Ownuk-uşak garagolluklaryny görmedik bolan bolýardy. Wagtal-wagtal bolsa olaryň hersini bir gapdalynda oturdyp: «Bir tanyş möjek gürrüň beripdi...» diýen bolup, adamlar hakda, olaryň durmuşy barada, mekdep hakynda her dürli hekaýalar aýdyp bererdi. Çaga möjekleriň agyzlaryň açyp diňläýişlerini bir görsediňiz...
Ynha, bir gezek, adam hakyndaky gürrüňlerdeň soň, çaga möjekleriň biri oturdy-oturdy-da:— Men ulalamsoň, adam boljak! — diýdi. Beýleki möjejigem doganyndan kem galyp barýan ýaly:
— Menem... menem... menem... — diýip, çyňsap ugrady.Başga biri ýaňky sözlere pyňkyrardy, ýöne oglan-möjegiň pyňkyrmak ýadyna düşmedi, ol hälki çaga möjegiň ýüzüne seretdi-de, uludan demini alaýdy.
Başga bir gün bolsa oglan-möjek öz «inileriniň» ikisinem golaýyna çekdi-de:— Hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlyga söz berseňiz men size bir zat aýdaýyn! — diýdi.
Möjejikler: «Aýtmarys-da, aýtmarys! Aýdyp ber-de, aýdyp ber!» bolşup, onuň goltugynyň aşagyna dykyldylar.Oglan-möjek ikirjeňleýän ýaly bolup, esli wagt sesini çykarman oturdy. Birdenem başyny galdyrdy-da:
— Biler bolsaňyz, men öň adamdym! — diýdi.
Çaga möjekleriň gözleri mölerip gitdi. Ekabyrragy, öňräk «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýýäni birhili galpyldap ugrady. Beýlekis-ä tas turup ökjäni göteripdi.Ara düşen dymyşlygy ekabyr möjejik bozdy.— A... a... soň näme üçin möjek bolduň?!Oglan-möjek eginlerini gysdy-da, gussaly ýylgyrdy
Serdaryň buýrugy bilen oglan-möjege-de aw tilsimlerini öwredip başladylar.
Serdar bir gün bir jansyz guzyny getirip, oglan-möjegiň öňüne oklady-da:— Alyp gaç! — diýdi.Oglan-möjek tisginip, gaýra çekildi. Bir seretse, möjekleriň ählisi oňa tiňkesini dikip, gözleri bilen iýäýjek bolşup durlar.
Oglan-möjek bu guzynyň hem türgenleşik, hem synag uçin getirilendigine düşündi. Şonuň üçinem, ömre barabar gymmatly wagty ýitirip durman, guzynyň bir aýagyndan dişledi-de, aýagaldygyna ylgap ugrady. Ýöne kyrk-ella ädim ätmänkä, agzyndaky guzynyň aýaklaryna çolaşyp, tüwdürilip gitdi. Möjekler syrtaryşdylar. Serdar olaryň birine ümledi. Ol möjek okdurylyp bardy-da, oglan-möjegiň agzyndaky guzyny ýüzugruna kakyp aldy. Bir silkende, guzynyň läşi möjegiň ýagyrnysyna baryp düşdi, kellejigi bolsa möjegiň agzynda. Ýaňky möjek şeýdip, arkasyndaky guzyny bir barmak beýläk gyşartman, ylgawyna serdaryň ýanyna getirdi.— Muňa, garyndaş, hopba etmeli usuly diýilýär! — diýip, serdar oglan-möjege duşündirdi.Soň «ýanbaşa almak» diýlen usuly öwretdiler. Ol emel şundan ybarat eken: öz oljaň (goýnuň ýa-da geçiniň) ýanyna gapdallap barmaly-da, bokurdagyndan gowşagrak dişläp tutmaly, soň onuň kellesini özüňe tarap biraz öwrege-de, gapdalyň bilen ylgadyp alyp gaýdybermeli.
Eger aw wagtynda itleriň çemine duşäýseň, ilki bilen-ä uruşsyz sypjak bolmaly. Bolmadymy, it kowup yzyňdan ýetiberdimi — ýykylmaly-da, arkan düşüp, dört aýagyňam garnyň üstünde düýrüp ýatybermeli. Tejribesizräk it bolsa, gelip, özüni göni üstüňe zyňýar. Ine, şonda, dyrnaklaryňy syh-syh edäge-de aýaklaryňy birden ýazyp goýbermeli. Şeýtseň, üstüňe zyňan itiň garny dört ýerinden böwsüp, içegeleri çogup çykýar.
Bu öwredilýän emeller, usullar bir-birinden çylşyrymly, bir-birinden aýylganç. Her emeli göreniňde, hut başyňy alyp gaçaýasyň gelýär.Şu emeller öňde-soňda derdime ýarar, diňe öz başymy däl, eýsem, bir topar goýnuň hem janyny halas etmäge kömegi deger diýip, oglan-möjegiň kellesine-de gelenokdy. Häzir onuň bar küýi, bar pikiri bu elhenç ýerden tizräk gaçmak, nirä-de bolsa bir ýere başyny alyp gitmek. Möjekleriň iniňi düýrükdiriji täze plany bilen tanyşmadyk bolsa, ol gaçsa-da gaçardy...
Serdar täze plany birkemsiz bişirdim edensoň, ordanyň umumy ýygnagyny çagyrdy. Ol öz nökerlerine ýüzlenip, şeýle diýdi:— A-haw, möjekler, alakadyr towşan kowalap ýörmekden, haram ölen goýun-geçiniň maslygyny gözläp selpemekden ireňzokmy-aý? Dişler täzeje et isleýär, göwün söweş küýseýär. Äňlerimiz gowşap, damarlarymyz gatap barýar. Hany, aýdyň, nätmeli?!
— Alamana gitmeli!
— Sary çopanyň sürüsini çapmaly!
— Ýok, Çörli çopanyňky golaýrak, şoňa daramaly!
— Aman çopanyňky ondanam golaý...Möjekbaşy haýbat bilen başyny göterdi:— Bes ediň-aý bazar gurmaňyzy! Akylyňyz goýnuňkyça-da ýok siziň! Hany, garyndaş bir zatlar aýtjak bolýan ýaly-la...
Oglan-möjek maslahatyň soňuna galyp barýan ýaly, hopugyp-hopugyp gürledi:
— Bolanok... bolanok... ol sürüleriň birine-de çozmaly däl!Ol birden dilini dişledi, kellesiniň gyzgynyna özüni paş edenligini ýaňy aňşyryp galdy. Gana suwsan möjekleriň serdar başlyklaýyn ýerli-ýerden hyňranyşyp, öz üstüne topularyna garaşdy. Ýöne serdar düýpden başga perdeden gopdy:
— Berekella, garyndaş, akylly gürrüňi senden eşitdim. Ýaňky sanalan sürülere möjegiň diňe akmagy çozar. Gözüňizi çerreldip oturmaň. Geň galasy zat ýok bärde. Men size näçe gezekler aýtdym: «Akyly olan möjek öz süreniniň golaýyndaky sürä degme?» diýip. Bar aýdanym, bar öwredenim haram size, nadanlar diýsänim! «Çozalyň, çapalyň!» diýşen bolup... Baryň, çozuň, çapyň! Ertesi gelip siziňem sürüňize tüsse berip gitsinler. Näme, siz adamlary özüňizden samsyk saýýaňyzmy?!
Şol wagt gapdaldan çaga möjekleriň biriniň kiçijik, naýynjar uwwuldysy eşidildi. Serdaryň ýüzi çytylyp gitdi. Özi gürleýärkä, onda-da ýygnakda gürläp durka, gapdalda bir çybyn jiňňildese-de ol halanok.— Baryň-aý, ýeňsesine bir penje uruň peläketiň! — diýip, serdar buýurdy. Çaga möjegiň enesi hasyrdap galdy-da, uwwuldynyň çykan tarapyna seňkildäp gitdi.— Onda şeýle, garny aç garyndaşlar! — diýip, serdar kinaýaly ýylgyryp, sözi dowam etdirdi. — Bilmeseňiz, bilýäne gulak asyň! Bu golaý-goltumdaky sürülere çozmak gürrüňini aradan aýyrýarys. Mundan birnäçe menzil gaýrada Hudaýguly diýen bir çopanyň sürüsi bar. Özem, nemede, kol... kol... adamlar näme diýýär şoňa?— Kolhoz! — diýip, möjekleriň biri ýatlatdy.
— Hä, kolhozda iň gowy, iň semiz sürüleriň biri şol. Anha, hüjümi şol sürä gönükdirmeli. Meniň çakym, meniň hasabym boýunça, ertir däl birigün agşam gaý turmaly. Ine, şol gün agşamam biziň agşamymyz bolar. Şol agşam, şol hüjüm biziň ordamyzyň adyny arşyň deňine göterer we külli Garagumuň taryhynda hemişelik galar...
Serdaryň hyjuwly, arzuw-hyýala beslenen sözüni naýynjar uwwuldy böldi.— Indi şol ýetimegiňi ümsüm etmeseň, özüm hasabyny taparyn! — diýip, serdar ene möjege azm u rdy.Ene möjek görgüli ýene hasyrdap turdy. Ýöne çaga möjege şol gije bir döw-ä çalan eken. Daň ataýýança zaryn-zaryn uwlap, asyl uky bermedi.Ertesi säher bilen oglan-möjegi has aýylganç, endamyňy jümşüldediji bir uwwuldy oýardy. Ol sürenden beýleräk saýlanyp seretse, uwlaýan ene möjek. Öňünde dem-düýtsüz süýnüp ýatan çagasynyň daşynda pyr-pyr aýlanýar. Birdenem durýar-da, çaga möjegi ysgaşdyrýar, tumşugy bilen çalaja itip görýär, soňam onuň gapdalynda çommalyp oturýar-da, uzyn-uzyn uwlaýar.Oglan-möjegiň oňa juda ýüregi awady, ýanyna baryp, göwünlik beresi, derdini deň paýlaşasy geldi. Ol baryp ene möjegiň böwrüne tumşugyny degirdi, başga näme aýtjagyny bilmän, bir wagt goňşularynyňka ýasa gelen adamlaryň diýşi ýaly: «Yzy ýarasyn, bolmandyr-ow!» diýdi.
Ene möjek ol sözleriň manysyna düşünmese-de, täze garyndaşyň şeýdip gelmegi onuň göwnüni bozdy. Ol «Balam-uw... bogdular, öldürdiler balamy-y-y...» diýip, öňkudenem beter uwlap başlady.Hakykatdanam, çaga möjegiň boýunjagazynda tüýler bulaşyp, gan bilen bile gatapdyr. Bu öňräk oglan-möjekden «Soň näme üçin möjek bolduň?» diýip soran möjejikdi. Onuň «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýşi ýadyna düşende, oglan-möjeginem bokurdagy doldy.Serdaryň buýrugy bilen daňdana golaý öldürilen çaga möjek bolsa, gözlerini giň açyp, sessiz-üýnsiz ýatyr. Serdar ony «uwlap-uwlap, aýgytly çozuşyň ýanynda ordanyň üstüni açaýmasyn» diýen gorky bilen öldürdipdi.Öz neberesinden bolan körpeje möjegi şeýle zalymlyk bilen öldürmäge dözen rehimsiz möjek dişleri, ertir Hudaýguly çopanyň sürüsini näder?! Ýaňky möjek çagasy ýaly gözjagazlaryny açyp, dem-düýtsüz süýnüp ýatjak owlak-guzular, bokurdagy palaç ýaly çeýneljek goýundyr geçiler göz öňüne gelende, oglan-möjek hopukdy. Töweregine garanjaklaberdi.Eýtmeli-beýtmeli, Hudaýguly çopany habardar etmeli. Gapyl galmasyn, goý, näçe iti bar bolsa, baryny aýak üstünde saklasyn, näçe tüpeňi bar bolsa, baryny oklap goýsun. Ahmal galmasyn...Ýöne oňa nädip habaryňy ýetirjek? Göni goşuna baryb-a bolmaz. Bar-da gör, garnyňy ajy tüsse dolduryp goýbersin! Bar, birden rehimi inip, atmadam diýeli-dä. Nädip diliňi düşündirjek? Uwlajakmy, çyňsajakmy? «Bu möjek janawar näme üçin uwlaýarka?» diýip, kelläňi sypar durar öýdýäňmi? Her biri gaplaň ýaly, algyr itleri bardyr. «Bas!» diýmänkä, her tikäňi bir ýerden çöplemeli ederler. Eý-how, çopan itlerimi, olar... Dur! It diýdiňmi? Hudaýguly çopanyň itleriniň biri bilen düşünişip bolmazmyka?Bu pikirden soňra oglan-möjegiň ýüzi birazajyk ýagtylan ýaly boldy.Hawa-da, her niçigem bolsa, item haýwandyr. Adam adamyň diline düşünende, haýwan haýwanyň diline düşünmezmi?Elbetde, çem gelen itiň ýanyna barybam bolmaz. Hondanbärsiräp ýören, bir girrik itiň üstünden düşseň, habaryňy almakdan-a geçen, gaýtam eýesiniň ýanynda «Möjek awlady» diýen ada galjak bolup, üstüňe topular, ondanam erbedi, uly ili örüzer.Köpi gören, parasatly bir it gerek munuň ýaly işlere.
Oglan-möjek ýaýdana-ýaýdana, belli karara geldi. Şol günüň agşamlygam, möjek ordasy uka gidensoň, niredesiň Hudaýguly çopanyň goşy diýip, ýola düşdi.
Dowamy bar....
Teswirler:
Täzeje Maksat [off] Ulumsylyk baylyk bolsa men garyp! 15.01.2025 / 03:27+0Okeÿ
GytyndanSebap (15.01.2025 / 06:40) Maksat, 
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk