Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Я делаю вид, что всё прекрасно. Умирая изнутри.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuş nowellalary 2
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 15.01.2025 / 08:55
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Indi Nazar hasam howatyrlanyp başlady.Ol kakasyny görüp ýürekgysgynç pikirlere çümdi.

Nazar: Indi kakama näme jogap bersemkäm ?! Ýa ýalan sözläýsemmikäm ?! Ýok-la, haçana çenli ýalana bürenip gezjek ?! Her näme-de bolsa dogruňy aýtmaly.

Nazar her dürli bulaşyk hyýallar bilen ýaýdana-ýaýdana kakasynyň ýanyna golaýlady. Ol "Kaka men-ä mallarymy ýitirdim" diýjek bolup durka Berdi aga ýylgyryp şeýle diýdi.

Berdi aga: Oglum gelýäňmi sag-aman, iki sagat bäri alada bolduňla näme boldy beýle ?! Öýde alada edip arkaýyn oturyp bilmän ýola çykyp durşym şu wagt . Mallaryň geldi-de özüň geleňok-la , näme boldy janyň bir sagmy ?

Nazar kakasynyň "Mallaryň geldi-de özüň geleňok-la" diýen sözlerine bir bada ynanmajak boldy. Ýöne kakasynyň ýalan sözlemejegine magat göz ýetirensoň , oňa jogap bermän deňinden okdyrlyp , ylgap agylyň öňüne bardy.Görse mallarynyň hemmesi ýatagynda gäwüşäp ýatyrdylar.Olar Nazaryň güpürdäp gelşine ürküşip aňyrraga çekilip seredişdiler.Nazaryň egninden ullakan dag aýrylan ýaly ulydan demini aldy. Ol dowarlaryna buýsanç bilen seretdip, begenjine uçaýjak-uçaýjak bolýardy.

Nazar: Bäh, janawerleriň öz-özleri ýatagyna geläýipdirler. Men bolsa bulary meýdandan gözläp ýörün.Bularyň beýle Hudaýtarapyn düşbi bolup ýaradylşyna haýran galaýmaly.

Agşam namazyndan soň agzybir maşgala bir ýere jemlenip agşam naharyna oturdylar. Nazar içki buýsanjyny saklap bilmän daşyna çykardy.

Nazar: Haýran galaýmalaý kaka, mallaryň öz-özleri öýe geläýipdirler.

Berdi aga: Howwa oglum "Mal eýesinim gözlerinden suw içer" diýip ata-babalarymyz juda jaýdar belläpdirler. Bu janawerlere "mal" diýilsede birnäçe "adamlardan" akyllydyr, düşbidir, ýuwaşdyr. Onsoňam oglum durmuşda bi.Onda kitaplarda ýazylmadyk, hiç hekaýalarda beýan edilmedik, düýşleriňe girmedik, asla hyýalyňa gelmejek wakalar bolup geçýär.Biz o pursatlary añymyzda ornaşdygmyzça çuñlaşdyrýarys, çözmäge synanşdygmyzça kynlaşdyrýarys.

Biziñ durmuşymyz nowella meñzeş,
Soñ näme boljagny bilip bolmaýan.
Her dürli çaklama ýüz ursakda biz,
Allanyñ etjegni ynsan bilmeýär.

Her birimiziñ durmuşymyz durşy bilen nowella, ýagny soñy garaşylmadyk waka bilen gutarýan hekaýa. Hemmämiziñ hem durmuşymyz şeýle. Haýsy birimiz şu günüñ nähili tamamlanjagyny aýdyp biljek?! Ony bilmek örän çetin. Biziň durmuşymyz nowelladan doly. Sanasaň sanabermeli.

Berdi aga ak sakgalyny sypalap, donynyň ýakasyny ýokkarrak çekip , hasam rahat ornaşdy. Ol ogluna guwanç bilen ýylgyryp sözüni dowam etdirdi.

Berdi aga: Oglum ! Menem sen ýaly ýaş wagtym ilkinji gezek ýokary okuw jaýyna synag tabşyrmaga gidipdip. Synag kabul ediş jaýyna golaýlanymda , synagdan geçip bilmän ruhdan düşüp, gözlerini ýaşdan dolduryp, şumjaryp barýan oglany görüp gülkim tutdy. Öz ýanymdan "Munuň bolup barşyna seredä, erkek ýigde meňzänok, egzamenden geçip bilmän gyz ýaly aglap barýar. Şonsuzam ikilikçi bolsaň şeýdip synagdan geçip bilmän aglar ýörersiň" diýip , onuň üstünden gülüpdim. Soňra özümem synag otagyna girdim. Berilýän sowallar kyn däldi, ho-ol mekdep döwründe taryh sapagynda geçilýän ýönekeý soraglar berilýärdi. Ýöne şonda-da men özüme berlen sowallara dogry jogap berip bilmedim we özümem şol synagdan geçip bilmän aglar barýan oglanyň gününe düşüpdim."Gülme goňşuňa ,geler başyňa" diýilýär. Pederlerimiz hiç bir sözi bilmän ýalňyş aýdan däldir , oglum ! Hakykatdanam synagdan geçip bilmeseň örän elhenç duýgulary başdan geçirýän ekeniň. Şol günden soň hatda öz içimdenem bolsa  hiç kimiň üstünden gülmejegime öz-özüme söz berdim.

Hiç haçan ,hiç kimiň üstünden gülmen,
Şeýle waka ençe gezek duşýaryn.
Eger bir kişiniň üstünden gülsem,
Soň özümem şoň gününe düşýärin.

Soňra Sona daýza söhbetdeşlige goşuldy.

Sona daýza: Kakasy, siz şol Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlap, ýokary bilimli bolup orta okuwda ençeme ýyllap  abraýly käriň eýesi mugallym bolup işläniňizi indi bilmeýän ýokdyr-la!

Berdi aga: Howwa, keýwany ! Ilkinji gezek synagdan geçip bilmesemem , uzak wagtlap ruhyçökginlige çolaşman gaýta synagdan ýykylanyma namys edip öňkümdenem has köp kitaplary okap,höweslenip , ýat tutup, ikinji ýyl hasam taýýarlykly barypdym. Allaha şükür şol çekýän zähmetlerim öz miwesini berip , talyp bolmak soňra öz obamda mugallym bolmak bagty miýesser etdi .

Agşam naharyndan soň Berdi aga Allanyň eçilin nygmatlaryna çäksiz şükür edip töwür galdyrdy. Maşgala agzalary Sona daýza we Nazar "Ämin" diýip töwüre goşuldylar.Töwürden soň Sona daýza saçagy ýygnaşdyrdy.Berdi aga oturan ýerinden ýassyga ýaplanyp ,öňüne  çaý alyp ,çagalaryň ejesi bilen bile telewizor gördüler. Nazar bolsa aýratyn , ümsüm jaýa geçip gündeligiň yzyny okap başlady .

DURMUŞ ROMANY

Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň gutarmaz.

Durmuş-romandyr. Näçe ýazsañ ýazybermeli.Durmuş-baýlykdyr. Ol baýlygy gazanmaga synanşmaly.
Watan goragyndakam men juda köp arzuwlar ederdim. Arzuwlarymyň biri hem dünýäde heniz ýazylmadyk iň uly roman ýazmakdy. Özem ol romanda  hyýaly dälde hakyky öz durmuşymda bolan we bolýan wakalary beýan edip dünýäniň iň uly romanyny döretmek isleýärdim. Watan goragyndan gelip "Güneş" žurnalynyň köneki sanlarynyň birinde , iň uly romany King Ba Kin atly bir ýazyjy ýazypdyr. Şol sahypada şol romanyň ady, bölümi, sahypasy, hatda näçe sany sözleriň bardygy hem  ýetirlipdi. Hasaplap görsem her günde ýigrimi sahypa ýazsam , şol iň uly romandan hem has ulyrak bir romany ýigrimi ýyldan soň ýazyp gutarjak ekenim. King Ba Kin ol romanyny kyrk ýyldan soň ýazyp gutarypdyr. Soňra men öz ýazan romanymyň adyna "Durmuş romany" diýip atlandyrasym gelýär. Indi şol romandan bir bölejigini size ýetireýin:

"Ine-de öñküje ýere Goşahowdanyñ ilersine geldim. Bu ýeri iñ ýakymly ýatlamalardan doly ýer. Şol ýakymly ýatlamalary ýatlamagam ýakymly. Oglan watan goragyna gitmänkä, watan goragyndan geleninde we öýlenende gadyry aýratyn bolýan ekeni. Meniñem watan goragyna gitmänkäm gadyrym gözümden akýardy.Kakam , agam we men üç bolup her gün diýen ýaly Goşahowdandaky kärende ýermize ekin suwarmaga gelerdik. 2014-nji ýylyñ oktýabr aýynda gyş gelenini duýduryp, Ýeriñ ýüzini gardan dolduryp , tebigaty aklyga büräpdi. Kakam bilen her gün ine şu ýere gelerdikde agam Hany ýanyna alyp ekin suwarmaga giderdi. Maña bolsa "Sen ulaga garawul galaý" diýip ulagda goýup giderdi. Ine şol günler durmuşumyñ iñ hezil günleridi. Çagalygymdan bäri goşgy ýazmagy halaýanlygym, esasanam edebiýaty söýýänligim sebäpli telefondan edebiýat bilen baglanşykly maglumatlary okap, ony depdere ýazyp alyp öwrenýärdim. Aslynda mende bir häsiýet bar. Bir maglumaty çalt ýat tutýan we çalt ýatdan çykarýan. Adam beýnisi aýdyşlary ýaly bir bada kän maglumatlary ýatda saklap bilýän däldir. Ýatda saklaýanda-da aşa kän zatlary oña mejbury sygdyrjak bolmak gerekmikä? Meniñä maslahatym öz beýniñizi aýañ.Ýöne şular ýaly ýakymly ýatlamalary ýatlamak onam ak kagyza bellemek özboluşly hezillik. Hem-ä şu wagt ýazanlaryñdan lezzet alyp ýazýañ hem soñuragam on ýyldan , ýigrimi ýyldan soñam ony üýtgeşik lezzet alyp okaýañ.Ýigrimi ýyl diýip çişirip aýdýandyryn öýtmäñ. Mekdep okuwçysykam ýazan gündeligim on-on bäş ýyl geçsede şu wagtam "söýgi hatlarymyñ" arasynda.Men ýañy ýigrimi sekiz ýaşymda. Elbetde menden öñ doglanlar gündelik ýazgylaryny otuz-kyrk ýyllap aýap saklamagy başarandyrlar.Oña şübhäm ýok. Atajan Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitaby"aýdanlaryma subutnama.

Her günde açylýar täze sahypa,
Ýazyp bilseñ bolar uzyn bir roman.
Ýaz ýazyjym , şu pursatdyr şu pille
Ýagşysyn ýamanyn saýlar ol zaman."

(dowamy bar)

Gerçeknazar Amannazarow.


48

8

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 15.01.2025 / 13:17

+0

Sabyrsyzlyk bilen dowamyna garaşýas

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 15.01.2025 / 22:04

+0

Mlds gowy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyz haty..


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyz haty..
Mr_akmyrat (Düýn, 23:23)

SOHBET JUMAYEW DUR YUZUME


Haladym. Gowy eken. Ýetirip dur!...dowamy...
Erkin mowzuklar | SOHBET JUMAYEW DUR YUZUME
Oraz37 (Düýn, 22:26)

Ýük bolmaýyn.


Şahyryň üstünlik hemrasy bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýük bolmaýyn.
Sebap (Düýn, 19:05)

Bolmaýanmyş.


Gowy eken ýetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
Sebap (Düýn, 17:26)

Bolmaýanmyş.


Şahyra berekellla gowy ýazypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
Sebap (Düýn, 17:23)

Gelinler


Ine goşgy nähili görýäňiz...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gelinler
Dunyodagi (Düýn, 17:14)

Ýaman gelin


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýaman gelin
Dunyodagi (Düýn, 16:57)

“Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”


Netim ýa niýetim...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”
bolejik@ (Düýn, 12:51)

“Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”


ikinji bendiň soňky sertirindäki ,,Direltjek täk Surmy, oglan?!" ,,Surmy" sözüniň näme manysy bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”
PeRMaN (Düýn, 12:34)

“Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”


Gowy ýazypdyr şahyr üstünlik hemrasy bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”
Sebap (Düýn, 12:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика