Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Jasmin : Bagt pulda dal, ýüregimiñ töründe, Sensiz öli boldum yşgyñ göründe, Ine şeydip goşgy düzüp yörün-dä, Söýgüme mynasyp söýgüli gerek

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Dünýä kinosy

TÄSIRLI FILMLER 2
 Täzeje
 FolLower [off]
 18.01.2025 / 03:05

1. Rowaýatyň ýumrugy (1994).



Köneligine garamazdan, bu film milli söweş sungaty bolan karateni öz içine alyp, filmiň many-mazmunyny, onuň tomaşaça ýetirýän täsirini has aýdyň görkezýär. Galyberse-de, “Aždarhanyň öpüşi” (2001), “Sallançakdan mazara” (2003), “Romeo hökman ölmeli” (2000), “Howpuň derejesi” (1995) filmleriniň baş gahrymany, kino sungatynda yz galdyran esasy ýyldyzlaryň biri Jet Li bu filmde baş roly uly ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.

Filmiň gysgaça mazmuny:
XX asyryň başlarynda, ýaponlar Hytaýy basyp alanda, özleriniň ýeňilmez karatesi bilen buýsanýan samuraýlar, parahatçylygy söýýän kung-fu mygallymy Ho-ny öldürýärler. Ruhdan düşen halk garşylyk görkezmek hakda pikirem etmeýär. Merhum halypaň iň zehinli şägirdi Žen Çenden başga ählisi ýaponlardan gorkýardylar. Halypasynyň ölümini eşidenden soň, gahryman nähili ýagdaý bolsa-da, ar aljakdygyna ant içýär.


Haçanda ar alyş pursady gelende, basybalyjylaryň aýak astynda nalaýan Şanhaý ýalňyz gaýduwsyz bilen iň howply duşmanyň arasyndaky ganly söweş meýdanyna öwrülýär.

2. Kenguru Jek (2003).



Durşy bilen gülkä ýugrulan, özboluşly gyzykly we başdangeçirmeli bu film diňe bir çagalary däl, eýsem uly ýaşly tomaşaçylary hem özüne çekmegi başaran filmleriň biridir. Filmde esasy rollary “Meniň bilen gal” (1986), “Biz - erkekler” (2013) filmleriniň baş gahrymany Jerri O’Konnel we “Ümsümlik” (2006), “Üýtgeşik adam” (1999) filmlerinde aýratyn rol alan Entoni Andersan ýerine ýetirýär.

Filmiň gysgaça mazmuny:

Sazanda Çarli we onuň iň ýakyn dosty, Nýu Ýorkuň saça timar beriji dizaýneri Luis günleriň birinde mafiýa işlerine gatnaşýarlar. Olara 50 müň dollary birine bermelidigini tabşyryp, Awstraliýa ugratýarlar. Awstraliýanyň ägirt çölünde ulagly barýarkalar ýolda bir kenguruny kakýarlar we ony ýoldan aýyrmakçy bolanlarynda Luis kenguru bilen surata düşmegi dostuna teklip edýär.


Şeýle hem egnindaki penjegi kenguru-a geýdirip, gara äýnegini hem dakyp surata düşmekçi bolanlarynda birdenkä kenguru özüne gelýär we Çarliň döşüne depip, ol ýerden gaçýar.
Muňa birbada gülküleri tutsa-da soňabaka Luis aglamaga başlaýar, sebabi kenguruň egnindäki penjegiň jübüsinde 50 müň dollar bardy...Ine şol pursatdan soň Awstraliýanyň çölünde gyzykly başdangeçirmeler başlaýar.

3. Lukman (2020)



Müňkürlik, biwepalyk, jenaýat temalaryny öz içine alan bu filmiň her bir minudy tomaşaça öz täsirini ýetirip, kino dünýäsine ýene bir goşant goşýar. Şeýle-de, ispaniýaly kino ýyldyzy, “Asmandan üç metr ýokarda” (2010), “Göze görünmeýän myhman” (2016), “Çäkden çykmak” (2020) filmlerinde özüni dünýä tanadan Mario Kasas bu filmde baş roly ýerine ýetirýär.

Filmiň gysgaça mazmuny:

Anhel tiz kömek gullugynda tejribeçi lukman bolup işleýär. Bir gün ol ýol heläkçiligine uçraýar we aýaklary ysmaz bolýar. Maýyplar arabasynda gününi geçirip başlan Anhel gün-günden güýçlenýän ruhy keselden ejir çekip ugraýar. Sebäbi oň göwnüne bolmasa söýýän gyzy oňa biwepalyk edýän ýaly görünýär, özü hem ýakyn dosty bilen.


Müňkürligiň soňunyň nämä eltip biljekdigini pikir etmeýän Anhel söýgülisini yzarlap başlaýar we onuň çaklamasy dogry bolup çykýar. Şondan soň ol özüniň ysmazlygyna garamazdan, söýgülisiniň durmuşyny dowzaha öwürmek kararyna gelýär...

Nesip bolsa indiki mowzugymda ýene-de gyzykly filmleri siziň dykgatyňyza ýetirerin.
Internetden terjime edip taýýarlan: Abdylmahmyt Nepesow.


176

25

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 18.01.2025 / 05:58

+0

Kengru jek diyen filima gorupdum on gyzykly kino sagbol yetrrnine

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 18.01.2025 / 06:53

+2

Iň aşaky filmi goresim geldi. Minnetdar.
Menem bir film aydayyn. Su hepde gorenlerimin arasyndan in gownume yarany:
Barfi Aşkın dile ihtiyacı yoktur.
Lal oglanyn bir gyza soygusini beyan edyan hindi melodramasy.


Täzeje
Maksat  (18.01.2025 / 09:19) 

Belki, gowy kino


Täzeje
Khanture00  (18.01.2025 / 10:42) 

Belki, Barfi gowy, meni agladyp bilen azsanly hindi filmlerden.


Premium
Belki  (18.01.2025 / 16:22) 

Khanture00, sana iki sany sorag bar:
Sahruhyn oynayan "Ben hayattayken" filmini nireden nadip yuklap bolar?
2. Blu tv Netfliks Exxen yaly platformalan islerini nadip mugtjak gorup yuklap bolar?


Täzeje
Khanture00  (18.01.2025 / 16:27) 

Belki, Bilemok. VPNiň bolsa Google dogry ýazyp tapyp ýükläp bolar bolmasa bilmedim... eydennen Belet Film açdyraýmalykeniň.


Premium
Belki  (18.01.2025 / 16:29) 

Khanture00, vpnim yaryp dur. Yone kino saytlary acanok. Acyan yerinde-de gozleyanlem yok. Bir yoly bolmaly. Kinocylar asmandan alyan daldirler.


Täzeje
Khanture00  (18.01.2025 / 16:30) 

Belki, Yandeksden gözlet onda.


Premium
Belki  (18.01.2025 / 16:33) 

Khanture00, yandeksi yuklemeli dalmi?


Täzeje
Khanture00  (18.01.2025 / 16:37) 

Belki, yükläp oturma. Yandex.ru ýaz. Onsoň Google ýaly gözleg meýdan çykýa, şol gözleg ýere islän zadyňy ýazyp gözleýäň


Täzeje
FolLower  (21.01.2025 / 20:32) 

Belki, "Ben hayattayken" turkçe altyazili bar mende


Premium
Belki  (22.01.2025 / 15:06) 

FolLower, way google driwe yuklap mana ssylkasyny beray yuklayin.


Täzeje
FolLower  (22.01.2025 / 19:58) 

Belki, ok


Täzeje
FolLower  (23.01.2025 / 09:48) 

Belki, https://drive.google.com/file/ ... vesdk


Premium
Belki  (23.01.2025 / 14:28) 

FolLower, dosyada sorun var dip dur nam cunka?


Täzeje
FolLower  (23.01.2025 / 19:12) 

Belki, onda şunam barla hany https://drive.google.com/file/ ... vesdk


Täzeje
FolLower  (23.01.2025 / 19:14) 

Belki, eger olam açylmasa, çada bar, lickaña ugradaryn


Premium
Belki  (25.01.2025 / 06:01) 

FolLower, acdy Yone yuklamde her gezek 50-a baryp bes edya. Kyn gormesen goni saytdaky ssylkasyny ugratsan sol yerden almak ansat bormuka diyyan


Täzeje
FolLower  (25.01.2025 / 13:36) 

Belki, Draywdaky sylkasyny ugratdym, yone yorute skaçat edyan programmalaryñ usti bilen alsañ kesilmez, mena şeytyan, yogsam uly gowrumli fayllary alanyñda kesiler. Eger kompuuterden giryan bolsañ "Indernet download manager (IDM)" programmasyny ulan.


Premium
Belki  (25.01.2025 / 17:24) 

FolLower, yo telden giryan 1DM-a sol ssylkany yazsam sol yuklap bermezmi? Draywdaky ssylka diyyanin onki ugradanynda ha. Taze zat ugratmansyn.


Täzeje
FolLower  (25.01.2025 / 17:40) 

Belki, oñki welin sen sylkany googlda yazyp aç, onsoñ barlap gör, edil bardakiden giren yal-a bolmaz


Täzeje
FolLower  (25.01.2025 / 17:50) 

Belki, şunam barla, bu başga kino, "Don 2" turkçe dublaj, hindi filmi https://drive.google.com/file/ ... vesdk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Unudyp bilemok.


Goshgy gowy,her setirinin manysy has erbet yatlamalary yatlamagyna sezewar etya...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:03)

Unudyp bilemok.


Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:02)

Unudyp bilemok.


Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:01)

Unudyp bilemok.


Awtory kim?...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
Sebap (Şugün, 07:51)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Emeli añyn ozi terjime etyara...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Şugün, 07:43)

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy- mende bolyan yagday...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy -- Bu bozuklykdaky kişiler partnýorynyň özüne düşünmeýänliginden zeýrenip, yzygider ideg isleýänligi we manipulýas...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика