Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
HAKYKAT : Gorkyanmy etme-Etdinmi gorkma!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ajy hakykat.
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
 19.01.2025 / 13:43
 Øzime_dønein?

Durmuş ýaralady ýakdy kalbymy,
Ýöne men durmuşy otlap bilmedim.
Edepsizlik meşhur etdi adamy,
Edebiñ üstünden âtlâp bilmedim.

Hormat goýup tutsam adam adyny,
Kyn günin paýlaşar barja zadyny,
Asly içi gara inen adamy,
Pâlinden pâk edip aklap bilmedim.

Hiçkim bolsañ hiçkim seretmez saña,
Beýik bolmak üçin girdim men ýaga.
Biri bary dünýâñ derdinden ýaña,
Her gün 5 wagtyna ýatlap bilmedim.

#KuwwatÝazmuhammedow


126

24

6

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 19.01.2025 / 15:33

+0

Hm..

 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 19.01.2025 / 20:03

+0

Gaty gowy!

 Täzeje
 TheQuasar [off]
 19.01.2025 / 20:50

+0

Men bir masgarabaz!
Meniñ ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim.
...Uzak gijelerne özümi örtäp,
Ili güldürmägiň gözleýän tärin...

Annamuhammet Kirşen.

Men bir "şahyrdyryn"!
Meniň ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim.
...Günuzyn özümi örtäp-örtenip,
Ili güýmemegiň gözleýän tärin.

Belki, irde-giçde getir üstünlik,
"Goşgusöýer" mähelläniň sylagy.
Goý, öwsünler goşgularmyň üstünden,
Olaryň öwgüsi—meniň sylagym.

Men dana däl, bilgijem däl, goja däl,
Uly-kiçiň göwni bilen gopýaryn.
Ýene goýup öňüňize goşgumy,
Öwgi paýym alyp aram tapýaryn.

Muşdagyma täze akyllar gerek,
Täsin goşgy gerek olara günde.
Ýaşap ýörün şeýdip, ýetişjek bolup,
Men bilen men dekleň aralygynda...

El çarpyşyp, öwgi sözün aýamaň,
Aýdyň goşgularmyň kemi ýokdugyn.
Bilýänem dälsiňiz, dek düýn ogurlap,
"Täze ýazan" goşgumyň çyn awtorun.

Bardyr kesbim oňlamaýan göribem,
Il-güni güýmemek däldir-ä ýeňil!
...Men bir şahyr, akyl baryn paýlaýan,
Wah, başga başarýan zadym ýok meniň...


Gytyndan
Yekejelai  (19.01.2025 / 21:28) 

TheQuasar, gowy goşgy ekeni

 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 19.01.2025 / 21:34

+0

Bolýala otla birini


Gytyndan
Yekejelai  (19.01.2025 / 21:36) 

Kesxa, şeýdip oturjak bolsaña gowsy ýatla birini


Gytyndan
Yekejelai  (19.01.2025 / 21:36) 

Kesxa, şeýdip oturjak bolsaña gowsy ýatla birini


Öwreniji
Kesxa  (19.01.2025 / 21:37) 

Yekejelai, näme çekýäň?

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 20.01.2025 / 05:51

+0

Söz ýok!

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 20.01.2025 / 15:05

+0

Gowy eken ýetirip dur


Gytyndan
Yekejelai  (20.01.2025 / 17:34) 

Sebap, axa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика