Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Medinejik : I'm sorry baby. I don't speak yilancaaa#

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hiç kimiň görmejek ýeri
 Betinden
 Sebap [off]
 19.01.2025 / 23:31
 Lekum dinukum we liýe din

Hekaýa

Bir mugallym okuwçylaryndan birini deň duşlaryndan mese-malim saylanyp duran güýçli zehini, işeňňirligii sebapli has gowy görýän eken. Mugallymyň okuwçysyna bolan bu soygüsi we mahremligi beyleki okuwvylaryň gabanjaňlygyny oyarypdyr we sonabaka: "Mugallymymyz name üçin ony bizden has yokarda tutyarka, ony has ezizleyarka? Aramyzda akylly we düşbi diňe olmy
name?" -diyen yaly hüňňürdiler kopelip başlapdyr. Mugallym hem olaryň bu pikirlerinden habarly ekeni. Mugallym bir gün sapaga geleninde, oz yany bilen synpdaky okuwçylaryň sanyna barabar guşjagazlary getiripdir. Ol her okuwça bir guş berip: "Hany, ogullarym, hiç kimiň gormejek yerinde bu guşjagazlaryň damagyny çalyp getiriň, emma muny hiç kim gormeli daldir!"-diýip, berk sargapdyr.
Okumçylar dumly -duşa pytrapdyrlar. Az salym geçip-gecmankade, damagy çalnan guşjagazlaryň ganyny sarkdyryp getiripdirler. Okuwçylaryň kopiisi: Men pylan ýere äkidip çaldym yns-jyns gören daldir" diýip. ownupdir. Az wagtdan okuwçylaryň hemmesi diýen ýaly ozlerine berlen guşjagazlaryň damagyny çalyp getiripdirler. Ahyr soňy mugallymyň sylayan okuwc;ysy hem gelipdir. Yöne o l name üçindir elindäki guşy oldürmandir. Mugallymyň:
- Oglum. guşy näme üçin öldürmediň, seret dostlaryň barysy meniň tabşyran ýumşumy ýerine ýetiripdir - diýen sowalyna ol oglan:
-Hormatly mugallym, ynsanlaryň görmejek ýerini men hem tapyp bilerdim. Emma Allanyň gurmejek yerini tatmagy başarmadym. şonuň üçin hem guşy oldürmän dolandym - diýip, jogap beripclir.
Bu jogap beýleki okuwcylary oýlanmaga mejbur edipdir. Eden ünssüzliklerini düşünip galypdyrlar. Allanyň görmejek ýeriniň ýokdugyny hemmesi hem bilýärdi. Emma esasy zat bu barada pikir etmeklikdi.


128

22

5

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Enbi [off]
 19.01.2025 / 23:41

+0

Gaty gowy ýetrip dur


Betinden
Sebap  (20.01.2025 / 07:19) 

Enbi,Sagbol

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 20.01.2025 / 00:11

+0

Mlds. Awtory kim


Täzeje
Gadayly  (20.01.2025 / 00:28) 

@menin_dunyam, Ata babalardan gelyan tymsal bu awtory halk


Betinden
Sebap  (20.01.2025 / 07:20) 

@menin_dunyam, Awtory ýoga agam saýlanan eserlerden

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 20.01.2025 / 01:35

+0

Halk rowaýaty.


Betinden
Sebap  (20.01.2025 / 07:20) 

Baron, Howwa

 Täzeje
 Maksat [off]
  Ulumsylyk baylyk bolsa men garyp!
 20.01.2025 / 08:17

+0

Dasda


Betinden
Sebap  (20.01.2025 / 13:29) 

Maksat, Sagbol

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 21.01.2025 / 05:21

+0

Adamlara sapak bolmaly soz-da su. Hic kim gorenok dip etjegini etmeli dal, yokardaky "Gozi" yadyna salmaly. Ondan dasaram sen ozunem gordun. Ana eyyam boldy 2. Sol "hic kim gormedi" dip eden hereketinden son bir-a oz nazarynda pese gacarsyn, birem yokarkyn.


Betinden
Sebap  (21.01.2025 / 08:44) 

Belki, howwa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика