Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Ýekelige öwrenşen adamy ýoklugyňyz bilen jezalandyryp bilmersiňiz

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Islâr
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
 20.01.2025 / 22:54
 Øzime_dønein?

Garyplyga em tapmadyk biçâre,
Şeýtana baş egip bozulmak islâr.
Boljak iş bolansoñ Alla ymtylyp,
Gül ömrün kül edip düzelmek islâr.

Tapylmasa çâresizlik çâresi,
Bisabyr musulman bozar târedi.
Mes eşekler kemsidende hor aty,
Serhoş gözler ýaly süzülmek islâr.

Balygy tans oýnar bulançak ýabyñ,
Syrçasyndan başga görki ýok jamyñ,
Aýralykdan ruhy ýansa ynsabyñ,
Gursak öz ýerinden üzülmek islâr.

Ula hormat söz diýilmez sözden soñ,
Ýüzsiz bolma iki yüz sorap ýüzden soñ.
Biz ýalylar dogulmasa bizden soñ,
Mazarym jan berip tuzurmak islâr.

#KuwwatÝazmuhammedow


110

14

4

7

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 20.01.2025 / 22:56

+1

Aýralykdan ruhy ýansa ynsabyñ,
Gursak öz ýerinden üzülmek islâr.

 Täzeje
 TheQuasar [off]
 20.01.2025 / 22:57

+0

Men bir masgarabaz!
Meniñ ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim.
...Uzak gijelerne özümi örtäp,
Ili güldürmägiň gözleýän tärin...

Annamuhammet Kirşen.

Men bir "şahyrdyryn"!
Meniň ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim.
...Günuzyn özümi örtäp-örtenip,
Ili güýmemegiň gözleýän tärin.

Belki, irde-giçde getir üstünlik,
"Goşgusöýer" mähelläniň sylagy.
Goý, öwsünler goşgularmyň üstünden,
Olaryň öwgüsi—meniň sylagym.

Men dana däl, bilgijem däl, goja däl,
Uly-kiçiň göwni bilen gopýaryn.
Ýene goýup öňüňize goşgumy,
Öwgi paýym alyp aram tapýaryn.

Muşdagyma täze akyllar gerek,
Täsin goşgy gerek olara günde.
Ýaşap ýörün şeýdip, ýetişjek bolup,
Men bilen men dekleň aralygynda...

El çarpyşyp, öwgi sözün aýamaň,
Aýdyň goşgularmyň kemi ýokdugyn.
Bilýänem dälsiňiz, dek düýn ogurlap,
"Täze ýazan" goşgumyň çyn awtorun.

Bardyr kesbim oňlamaýan göribem,
Il-güni güýmemek däldir-ä ýeňil!
...Men bir şahyr, akyl baryn paýlaýan,
Wah, başga başarýan zadym ýok meniň...


Öwreniji
Kesxa  (20.01.2025 / 22:58) 

TheQuasar, eneňkeýn başga zat tap indi.


Täzeje
TheQuasar  (20.01.2025 / 23:05) 

Kesxa, bu name bir yerinden ogsayay)


Täzeje
TheQuasar  (20.01.2025 / 23:05) 

Kesxa, bu name bir yerinden ogsayamy)

 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 20.01.2025 / 22:58

+0

Şul agamyzam atam döwrüne ugratmalylaý


Gytyndan
Yekejelai  (20.01.2025 / 22:59) 

Kesxa, ozn ugraday

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 20.01.2025 / 23:04

+1

Gowy eken ýetirip dur


Gytyndan
Yekejelai  (21.01.2025 / 18:35) 

Sebap, axa


Betinden
Sebap  (21.01.2025 / 18:36) 

:dovolenYekejelai, :

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика