![]() 134 |
![]() 26 |
![]() 11 |
![]() 7 |
![]() 1 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Ýüregimde,ýaşasaňam müdimi,
Seniň adyň ýazylandyr alnyma.
"ýaşasaňam" diýlenden soň 2-nji setirde şoňa garşy bir pikir aýdylaýjak ýaly welin, düýbünden baglanyşykly bolmadyk bir zat aýdýar.
Baron, ýüregindäki bilen maňlaýyndakyň ady meňzeşdir))
Baron, belki
Arzuw, onsoň? Näme baglanyşykly?
Baron, şony menem pikir etdim. Başky setir "bagt hakynda öýdýän bu goşgy" diýen pikir döredýä okyjyda
Entek doly sowmankalar ýedimi,
Sonky gezek görmäne gel ýanyma.
Adamy nä 7-si geçýänçä saklap durýalarmy? Ýagny jaýlaman? Nädip görmäne gelmeli?)))
Baron, mazaryna garaşýandyr? öli hemme zady duýýa görýä diýipýä
Baron, diýilýä*
Arzuw, hawa, diýilýändir. Ony näme üçin goşguda düşündirmändir?
Baron, ilkä ýedi geçýänçä ýas gowy tutylýar, toprak sowamaýar ten ýere siňmeýär, 40dan soň ten çüýreýän bolmaly, 40 diýip bilerdi ýöne ýüz ugra gideniňden kapýa gerek goşga-da, düşünjek ýedi diýseňem düşünýär, açyklamasyz, soňam hiçbir goşguda menä görmedim aşagynda açyklama düşündiriş ýazylanny.
Anora, aşagynda düşündiriş ýazmaly diýmedim. Goşguda sorag döredýän ýagdaý bolmaly däl diýýän. Hemem sen näme gördüň-de goýduň şu goşguda? Çynym bilen soraýan. Gaty ot goşgy eken-ä bu! O:t däl, ot!
Baron, sorag dörän adam özüne ýüz tutar ýalňyş edip üstünden gülümsemez, bärde bir adamyň azaby bar, belki bir düşündirje bolýan ýagdaýy bar, men entek entekler bir zada esaslanyp goşgy paýlaşamok bu bir ikinjiden her zady ýerinde Kabul edip bilýän ýeri gelende bu 2, ýalňyş ýalňyşan adamyň özüne duýdurylýar, köpçülikde okyjylarnyň ýüregine müňkir bolmazlyk üçin bu 3.
Anora, wagtynda ýüzüne-de kän aýdylandyr, getir ýene, ýene aýdaryn. Bu 1. Azaba bir zat berilýän bolsa, eşekler birwagt "halk ýazyjy" bolardylar. Bu 2. Tankyt diýilýän zat köpçülikde edilerem, paýlaşylaram. Tankyda açyk däl adam ýazan zadyny köpçülige hödürlemesin onda. Diňe öwgi üçin paýlaşylmalymydy? Bu 3.
Baron, tankyt bar tankyt bar, her 2 sözi 3 4läp tankytlanyp durlany bizä görmedik
Anora, a men gördüm. Goşgudaky ýalňyş ulanan bir sözüm üçin siziň ildeşiňiz Rejep Pirjanowa halypadan (ýatan ýeri ýagty bolsun) taýak iýen gezegimem bolupdy. Garaz, tankytsyz goşgudan goşgy bolmaz!
Mundan beýläk bu dünýäde ýok diýip,
Saňa habar geler, meniň adymdan.
Nädip ölen adamyň adyndan habar gelýär?))
Baron, belki şoňa hat ýazyp goýandyr ölmäkä?
Arzuw, hawa, belki. Näme üçin şony goşguda aýtmandyr? Düýşürgäp bilmelimi ony okyjy?
Baron, habar geler meniň adymdan bolanda aýnen şol adamyň ýokdugy barada, soňam düýşürgemek gerek däl zanny bir samsyk bolmasaň düşünip bolýa, düşünmedik adam ol goşgulary duýup bilmeýän adam, soňam bu goşgy, her sözüň manysyny derňelýän fonetik derňew däl.
Anora, onda "meniň adymdan" diýmeli däl! Hawa, men zandy samsyk adammyşym-da, sen goşgyny fonetik derňewden pes görýäňmi? Magtymguly "Taraşlap şaglatgyn köňle gelenin" diýende, poh iýdimikä onda?
Baron, Magtymguly poh iýipdirmi* bujagaz söžlugňi öz pikir mowzuklarda ulan, zandy samsyk diýilenok sen gowy düşünip otyrsyňda düşünmezlige alyp otyrsyň, oňa näme diýilýänini bilemok
Anora, men islän sözümi islän ýerimde ulanaryn, goçok gyz. Mesele poeziýaň töweregindekä ýüz görüp durmaryn, atamyň dogany bolsa-da.
Baron, haý bolýa, sanaşyp durup gazanylan ýokdur, TASDAN SEŇKI DOGRY.
Gelip sypalagyn ýumşak mazarym,
Ýoldaşyň gabanmaz ölen adamdan.
Öz gelni bir erkegiň mazaryny sypalap ýörse, gabanjak dälmikä Kuwwat agaň özi?
Baron, gabanardym men-ä)
Baron, diýeni bilen şol edilip barlanokmyka diýýän, owadanlygam gerekdirä goşga
Anora, owadanlyk üçin şama-şaýyrda urup, nä poeziýa oňa modalar öýümi?
Baron, öleňden soň ýirgenmezler aslynda
Ölümden soň galmajagyň bellikä...
Ýalňyşyňy düzeltmezler hiç-hili,
Şan şöhratyň paýlaşmasaň deň ikä.
Garaz özüň bilýäň beýdip ýalňyş baryny tapyp oturma kuwatyň özü bilen çözlüş, goşgy özümki bolan wagty özüme ýüz tutaý.
Anora, meň goşgyň awtory bilenem işim ýok, mowzugyň awtory bilenem işim ýok. Men goşga syn berýän. Özüňkini goýan wagtyňam bolmaýan ýerine bolmaýandygyny aýdaryn, arkaýyn bol.
Baron, saňa garap duran arkaýynlygym ýok, seňem bilýäniňi bildik sagbol ýetirip dur
Anora, bolmanam, men edil şu temada islendigiňizden gowy bilýän. Barmy ýene sorag?))
Baron, nemedeniň tanapy çüýrük, sorag ýokdur beý
Anora, ýo, men subut edip otyryn hakykatlygyny))
Basym hit hem ederler indi bu goşgyny.
Garaz Kuwwada başga iş tapmaly
Kesxa, goý ýalňyş diýenler tapsyn
Kuvvada degenin murtuny otlaryn narmanndyk bolunlarsana hammang Kuvvada ve Kuvvadlara biz gatammir borcludyrys gosgun nahili bolmal daldigni owredyaler vizlere
Goşgy gowy. Ÿetirenler sagbolsun
@menin_dunyam, çynyňmy?)