Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Öñler gamlananymda ýylgyrmagyma sebäpdiñ, indi ýylgyranymda gamlanmagyma sebäpsiñ. #Belki

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Türkmen kinosy

Saza siňen söýgümiz (kino-ssenariýa)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 24.01.2025 / 11:27
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

SAZA SIŇEN SÖÝGÜMIZ (KINO-SSENARIÝA)

1-nji epizod

Aşyrmämmet Durdyýew Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatorýasynyň talyby. Şu wagtam ol, şol konserwatorýa binasynyň öňünde dur. Hanha Mährijemal gyssanman haýaljakdan ýöräp gelýär, özem ýeke özi. Aşyrmämmet aljyraýar. Gyzyň ýanyna baryp içindäki duýgularyny aýtmak isleýär.Ýöne başaranok, tolgunýar. Mährijemal onuň ýanyna golaýlanda Aşyrmämmet kynlyk bilen , pessaý seslenýär.
Aşyrmämmet : Salam , gowymy Mährijemal ?!
Mährijemal enaýyja ýylgyryp jogap gaýtarýar Mährijemal : Salam , ýagşy, Aşyrmämmet özüň gowymy ?!
Aşyrmämmet eşdiler eşdilmez pyşyrdaýar.
Aşyrmämmet : Ýagşy
Aşyrmämmet ýene-de bir zatlar aýtjak bolanynda dosty Merdan nyzama çagyrýar.
Merdan : Aşyrmämmet gel dost nyzama gijä galýaň.
Aşyrmämmet Mährijemala başga söz gatyp bilmeýär. Ilkinji söhbetdeşlik bary-ýogy şulardan ybarat bolýar.

2-nji epizod

Aşyrmämmet gursagyndaky duýgularyny Mährijemala nähilem bolsa beýan etmek isleýär. Emma ol duýgularyny beýan edip bilmän ençe wagt oýlanyp gelýär. Ahyry ol jana-jan dosty we krusdaşy Merdan bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwýär. Dostunyň öýlerne barýar. Gapyny kakýar. Gapyny Merdan açyp dostuny gyzgyn garşylaýar.
Merdan : Ohow, dostum geleweri ! Gel, geç işikde durma
Olar tirkeşip töre geçýärler.
Merdan : Gel dost, şujagaz ýerde otur , çaýmy köfe ?!
Aşyrmämmet : Şu wagta maňa çaý kofeýedenem beter dertdeş, syrdaş dost  gerek.
Merdan : Bilmediňiz çaý. Ine men şol "Dertdeş , syrdaş bolsa aýdybermeli.
Aşyrmämmet : Neme...bir gyza...hat ýazjak bolýan-da...näme ýazjagymy bilemok .
Merdan : Kim o gyz ?
Aşyrmämmet : Krusdaşymyz, Mährijemal
Merdan : Hä şü uzyn boýly , gara gözli , gara saçly gyzmy ?!
Aşyrmämmet : Howwa şol
Merdan : Ýazarys dost, näme ýazman
Aşyrmämmet : Men-ä näme ýazjagymam bilemok
Merdan : Ol hezil-ä dost . Gyzlar esasy dogumly oglanlary halaýar. Olaryň özlerim senden beter söýgä mätäç. Iň gowysy näme edeli diýsene ?!
Aşyrmämmet : Näme edeli ?!
Merdan : Seniň söýgiňi saza siňdireli
Aşyrmämmet : Bä, nädip ?
Merdan : Mährijemala bagyşlap gowy söýgi aýdymyny döredili. Sen aýdymy gowy aýdýaň-a . Ýürekdäki duýgylaryňam şol aýdymda beýan edersiňdä.
Aşyrmämmet : Bä, munyňa gowy pikir
Aşyrmämmet şol pursat Mährijemalyň ýanynda aýdym aýdýany , Mährijemalyň diňläp mähirlije ýylgyrýany hyýalyna gelip gidýär.
Aşyrmämmet : Ýöne men aýdym aýdýan welin aýdym düzmek üçin saz gerek , goşgy gerek.
Merdan : Sazyny özüm ýazýan dost , esasy goşgy düzsek bolýar
Aşyrmämmet : Goşgyny nädip düzmeli ?!
Merdan : Wi , ana agaň Çepbe şahyr bolupdyr-a bileňokmy
Aşyrmämmet : Goýsanaý Çepbe şahyr bolupdyrmy ?!
Merdan : Howwa onda-da tanymal şahyr bolupdyr
Aşyrmämmet : Bee, haçan şahyr bolup ýöreý ol
Merdan : Bilmedim, birden ylham gelipdirmi ýa başga biri gelipdirmi öz-ä şahyr bolupdyr şol
Aşyrmämmet : Oňa barsaň goşgyň işini göreýmez-ä
Merdan : Ýok-how gaty gowy ýazýar. Şu şygyr setirleri diline gelip durda . Hany alymlara "ylym uran" diýilýär-ä. Çepbe ylym uran däl , şygyr uran . Ol diňe şygyr bilen ýaşaýar.
Aşyrmämmet : Mährijemal bilen sögüşdirmese bolýar-la
Merdan : Ýok-ýok , özi Gülşat bilen sögüşsede illeri sögüşdirenok
Aşyrmämmet : Aý...onda...baryp göräýeli
Merdan : Baraly dost, baraly ! Özem öwüp diýdigim däl. Şu şygyr ýazanda bar-a goşgyny çepbe çöwürýärdä. Şoň üçin "Çepbe" diýýärler
Aşyrmämmet : Hany baryp bir göreli . Goşgyny näme edýänini biläýeris

3-nji epizod

Ülpetler tirkeşip Çepbäň öýlerine barýarlar . Gapyny kakýarlar . Içerden Çepbäň sesi gelýär.
Çepbe :
Geliberiň, geçiberiň,
Gapyny açyberiň.
Ülpetler içeri gelýär
Çepbe :
Öýmüze hoş geldiňiz !
Näme üçin boş geldiňiz ?
Ülpetler özara pyşyrdaşýar.
Aşyrmämmet : Beh hakykatdanam Çepbe şahyr çykaýan ýaly-la. Göni goşguça gepläp dur-aýt
Merdan : Men aýdýan-a , sen ynanaňok
Aşyrmämmet : "Näme üçin boş geldiňiz!" diýýärmi ? Ýanymyza bir zatlar alaýmaly ekenik
Merdan Aşyrmämmede pyşyrdaýar) Ýok-laý how . Ol her gelene şeý diýýär.
Merdan : (Çepbä ýüzlenýär) Çepbe aga, salawmaleýkim !
Aşyrmämmet : Salawmaleýkim , Çepbe aga !
Elleşip salamlaşýarlar.
Çepbe :
Waleýkimessalam ,
Aýdyberiň näme kelam!
Merdan : Aýtsak Çepbe aga, biz-ä bir haýyş bilen geldik!
Çepbe :
Haýyş bolsa aýdyberiň,
Bolmasa-da gaýdyberiň!
Aşyrmämmet : (dostuna pyşyrdaýar) Bula eýýämden kowup başlady
Merdan :Kowanok-haw sözleri kapyýalaşdyrjak bolup aýdaýýar. Çepbe aga şu dostum bir gyzy söýýär...
Çepbe has gaty sesli gygyrýar.
Çepbe :
"Söýgi" diýlen oýun däldir bilene,
Çyn söýgüňi öwürmegin ýalana.
Çepbäň gaty sesine Aşyrmämmet tisginip turup , gitjek bolýar. Merdan çekip saklaýar.
Merdan : Otur dost, nirä barýaň ?!
Aşyrmämmet sakynýar.
Aşyrmämmet : Gggaty gggorkunçlaý bi !
Merdan : Gorkma , dost ! Başda menem gorkýardym . Soň-soň öwrenşip gidýän ekeniň...Howwa Çepbe aga şol söýýän gyzyna ýazyp beräýseň diýen haýyş bilen geldik.
Çepbe :
Müňlerçe goşgylar ýazandan eger,
Ýekeje goşgy hem baryna deger.
Aşyrmämmet : Bää, öz-ä manyly sözler aýdýar. Bize-de gowja goşgy ýazyp beräýmezmikä ?!
Merdan : Ýazyp berer ,dost ! Bu diňe goşgy bilen ýaşaýar-a. Gije ýatanda-da düýşirgäp goşgy aýdyp samrap ýatýar. Aýaly Gülşadam ýazyp alýar.
Çepbe ülpetlere çiňňerilip seredýär. Soňra ýylgyryp şeýle diýýär.
Çepbe :
Ýürekdäkiň aýdylsa:
Öwrüler ol aýdyma.
Şol pursat Aşyrmämmet Durdyýew "Geregim" aýdymyny aýdýar.

Ýürekdäkilermi dile getirdim,
Diñle geregim söýýärin seni.
Adyñy añymda,kalpda göterdim,
Kalbymyñ töründe goýýaryn seni,
Söýýärin ezizim ,söýýärin seni.

Mähirli ýylgyrşyñ alar janymy,
Wah, senem bilsediñ hassa halymy,
Bagladym men saña ömür ýolumy,
Gijeler düýşümde görýärin seni,
Söýýärin söýgülim, söýýärin seni.

Aý kimin nurana akja ýüzleriñ,
Ýyldyz deý lowurdar mawy gözleriñ,
Diñle ýüregimden çykýan sözlerim,
Gözleriñe garap aýdýaryn göni,
Söýýärin geregim, söýýärin seni.

Söýýärin melegim, söýýärin seni,
Öte geçen bolsam bagyşla meni.

Aýdymdan soň ülpetler Çepbeden hoşal bolýarlar.
Merdan : Sag boluň Çepbe aga, Taňryýalkasyn ! Örän ajaýyp aýdym boldy
Aşyrmämmet : Köp-köp sag boluň , Çepbe aga !
Çepbe :
Bileýalkasyn, geliber
Goşgy gerek bolsa haçan!
Entek biraz oturyň-da,
Alyň gyzgynjak çaý içiň !
Merdan :Bereket bersin, Çepbe aga ! Çaý içip oturmaly. Ine dostum haýyşymyza bitdi. Indi ýöräbersegem bolar
Aşyrmämmet : Howwa dost ,ýöräli ! Sapaklarmyzada taýýarlanmaly . Sag boluň Çepbe aga , saglykda görşeli.
Merdan : Sag boluň , Çepbe aga !
Çepbe :
Sag boluň , sag-aman baryň,
We ýene-de gelip duruň!

4-nji epizod

Atajan Bekiýew Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatorýasynyň aýdym-saz mugallymy. Ol sapak geçmäne gelýär. Atajan mugallym gapydan girenden talyplar hormat bilen ýerinden turýarlar.
Atajan : Salam, talyplar !
Talyplar : Salam , mugallym !
Atajan : Oturyň, talyplar !
Talyplar oturýarlar
Atajan : Talyplar , geliň şu gün adatdakylardan has üýtgeşik , has gyzykly sapak geçeliň
Talyplar (haýran galyp): Nähili sapak, mugallym !
Atajan : Biziň şu günki geçjek sapagymyz özara aýdym aýtmak bäsleşigi . Araňyzdan bir gyz bilen bir oglan aýdyşyk aýdymyny aýdyp bäsleşmeli. Ilki oglan gyza ýa-da gyz oglana ýüzlenip aýdym aýdýar. Soň garşydaşam onuň aýdymyna jogap bermeli. Mysal üçin men aýalym bilen siz ýaly ýaş wagtymyz şeýle aýdyşyklar aýdardyk.
Gülnäz "Söýýän diýmedim"aýdymyny aýdýar.

Men saňa hiç mahal "Söýýän" diýmedim,
S-nyň oýtumyna gaçarsyň öýdüp.
Ö-den n-syna hem geçmän bilmedim,
Ý-laram ä ýaly görünýär göýdük.

Aýtsana bir söze nädip jemläýin?
Sözlemlerden ybarat bu dünýämiň,
Sebäpkäri özüňdigin bilýärmiň?!

Bilýäňmi şygrymyň inçeligine,
Keşbiňi taraşlap siňdirenmi?
Ukysyz örtenen gijelerime,
Yşkym çyrag edip indirenimi?

Neneň onsoň ýeke sözüň içine,
Sygdyraýyn bu ullakan duýgumy?
Seni ýitirmekden gorkýan gaýgymy?

Ynamym, ygrarym , wepam hem andym
Bularyň baryny kalpda güýledim.
Seni şygyrlarmyň şasy kyldymda,
Men saňa hiç mahal "Söýýän"diýmedim .

Atajan : Gowy aýdym gerek
Talyplar : rahat  mugallym o juda ajaýyip p aýdym
Atajan : Indi meniň aýdymymy diňläň.
Atajan Bekiýew "Söýýän diýme" atly aýdymyny aýdýar.sku

Maňa "Söýýän" diýme janym ,
Duýaýyn seň gözleriňden.
Bagyşlasaň bahar-ýazyň,
Gyşyň özgä dözmerin men .

Maňa "Söýýän" diýme janym ,
Gizle ony gursagyňda.
Bagş et maňa yşkyň jamyn,
Gaýnap dursun gursagymda.

Hakdan gelen päk duýgyny,
Gorap başar il gözünden.
Duýaýyn gizlin duýguňy,
Her halyňdan,her sözüňden.

Beýle kän näz etme janym ,
Saňa sadalyk ýaraşýar.
Ýör gideli mähribanym,
Bagt köşgi bize garaşýar.

"Seni çensiz söýýärin men",
Diýip düýşde güýme janym .
Aýtmasaňam bilýärin men ,
Maňa "Söýýän" diýme janym .

Atajan : Meniň jogabymy nähili gördüňiz?
Talyplar : Gaty gowy jogaplapsyňyz
Atajan : Ine şular ýaly aýdyşyk görnüşinde aýdym aýdyşalyň. Hany indi kim aýdyşyga başlajak, ýöne garşydaşyňyzam özüňiz saýlamaly.
Birbada şowhunly synpyň içini sessizlige bürendi. Hiç kimden hiç hili ses çykmady. Aşyrmämmet dürli hyýallaryň içinde gezýärdi. Birdenem Mährijemal bilen bileje aýdym aýdyp duranyny hyýalyna getirdi.
Aşyrmämmet (oýlanýar): Mährijemala bolan söýgümi beýan etmek üçin şundan amatly pursat bolmasa gerek . Her nämede bolsa oňa bolan söýgümi aýtmaly.
Aşyrmämmet şeýle hyýallar bilen ýaýdana-ýaýdana zordan ýerinden turýar.
Aşyrmämmet : Aýdymy men aýdaýaýyn mollum, garşydaşymam Mährijemal bolaýsyn
Atajan : Bolýar. Gel onda öňe geçip aýdaý
Aşyrmämmet Durdyýew "Perman"atly  aýdym aýdýar.


Men saña söýgimi aýdaýyn nädip?!
Günler geçip barýar ömrümden gädip,
Görsedim süýjüje lebiñden dadyp,
Bu ýaş ýüregümde galmaýar arman.

Gözleñ derdime derman,
Sözleñ bagtyma perman.
Ynan ýaşap bilmerin,
Söýgilim men seni görmän.

Ýüpek deý ýumşajyk ,näzijek eliñ,
Bilbili men täzeje açylan gülüñ,
Isleseñ gapyñda bolaýyn guluñ,
Gel meniñ melikâm ber maña perman.

Gözleň derdime derman,
Sözleň bagtyma perman.
Neneň ýaşap bilerin,
Görmesem seni Mährijan ?!

Kalpdaky sözlermi getirsem dile,
Söýgümiz sowrulup gitmesin ýele,
Gel durmuş guraly ,ýaşaly bile,
Her gün şonuñ üçin işleýän durman.

Bu derdimi duýup daglar erese,
Neýläýin kalbymda duýgy dörese ?
Aýdymlarym seň göwnüňe ýarasa,
Juwan ýüregimde galmaýar arman.

Atajan : Tüweleme , berekella . Hany indi Mährijemalyňam jogabyny diňläliň. Mährijemal, öňe geçde şu ýigdiň jogabyny bersene!
Mährijemal Myradowa "Şert" aýdymyny aýdýar.

"Seni söýýän" diýýärsiň söýýäniň çynyň bolsa,
Meniň üçin ol şirin janyňa dözersiňmi ?!
Bilip bolmaz durmuşda, başa kyn günler düşse ,
Bu durmuşyň synaglarnyň baryna dözersiňmi?!

Daglary gazarsyňmy ?!
Çölleri gezersiňmi ?!
Meniň üçin şu şertleriň
Baryna dözersiňmi ?!

Aýdymlar düzersiňmi ?!
Dessanlar ýazarsyňmy ?!
Söýgiň synagy kändir
Baryna dözersiňmi ?!

Perýat edip Perhat deýin daglary gazarsyňmy?!
Mejnun bolup Kyýas kimin çöllerde gezersiňmi?!
Tarypyma Nepes kibi dessanlar ýazarsyňmy?!
Tahyr ýaly sandykda derýada ýüzersiňmi ?

Söýgi gizlin bolmaly ony gizlin saklarmyň ?!
Meniň üçin Seýit kimin özün jaýdan oklarmyň ?!
Ýa-da gerçek Görogly deý aždarhany ýoklarmyň?!
Garyp günde Garyp kimin bar zada dözersiňmi?!

Daglary gazarsyňmy ?!
Çölleri gezersiňmi ?!
Meniň üçin şu şertleriň
Baryna dözersiňmi ?!

Aýdymlar düzersiňmi ?!
Dessanlar ýazarsyňmy ?!
Söýgiň synagy kändir
Baryna dözersiňmi ?!

Men nirede bolsamam meniň bilen bolarmyň?!
Aglar wagtymda aglap ,gülen wagtymda gülermiň ?!
Meniň üçin dünýäniň o çetindem gelermiñ?!
Söýgiň synagy kändir baryna dözersiňmi ?!


"Hemme zat bolar"diýýäň, ýanyňda guluň bolsa,
Hany indi bir zatlar gürledä diliň bolsa ,
"Seni söýýän" diýýärsiň söýýäniň çynyň bolsa,
Meniň üçin şu şertleriň baryna dözersiňmi ?!

Daglary gazarsyňmy ?!
Çölleri gezersiňmi ?!
Meniň üçin şu şertleriň
Baryna dözersiňmi ?!

Aýdymlar düzersiňmi ?!
Dessanlar ýazarsyňmy ?!
Söýgiň synagy kändir
Baryna dözersiňmi ?!

Atajan : Bäh, aýdymçy gyzyň aýdýan şertlerini ýerine ýetirip boljak şertlermi?! Aşyrmämmet "Söýýäniň çynyň bolsa" Mährijemalyň şertlerini ýerine ýetir
Merdan : Görýän welin Aşyrmämmediň ýüzlenmesinden Mährijemalyň jogaby rüstem çykaýan ýaly.
Talyplar makullap gülüşýärler...

5-nji epizod

Okuwdan soň Aşyrmämmet Mährijemalyň gatnaýan ýolunda söýgüli ýaryna garaşýar. Ençeme wagt geçenden soň Mährijemal gelýär. Aşyrmämmet gyzyň ýanyna baryp tolgunyp, çekinip gepleýär.
Aşyrmämmet : Salam !
Mährijemal onuň ýüzünede seretmän gaharly jogap gaýtarýar.
Mährijemal : Näme salam bermek , gaýtjak bolup durkaň ýadyňa düşýärmi ?!
Mährijemalyň bu sözleri öňelem aýtjak jümlelerini jemläp bilmän aljyrap duran ýigdi hasam aljydarýar.
Aşyrmämmet : Ýoo,öňelem ýadyma düşýär ýöne...
Mährijemal : Aý oglan , beýdip sakawlap durmada näme aýtjak bolsaň çaltyrak aýtsana !
Aşyrmämmet : Meniň aýtjak zadym...meniň aýtjak zadym...ýaňja gowy aýdym aýtdyňyz.
Mährijemal : Aý oglan , o näme etdigiň boldygy ?! Bütin krusdaşlarymyň öňünde masgara etdiň-ä meni
Aşyrmämmet : Şol aýdymy saňa bagyşlap ýazdym-da
Mährijemal : Maňa aýdym ýazma indi . Özem beýdip köçede görene masgara bolup duruzmajak bolsaň ýolumdan sowul. Ýaňjara krusdaşlaryma masgara etdiň, indim ile gürrüň boljak bolýaňmy?
Mährijemal gaharlanyp ýigdiň deňinden geçip gidýär. Aşyrmämmet ondan öýkeläp , gaharlanýar
Aşyrmämmet : Beýlede bir gaharjaň , utanjaň gyz bolar oguşýa. Men-ä oňa kalbymdaky duýgularymy beýan edýän. Olam gaýta masgara etdiň diýýär. Il näme ? Il agzyny ýygyp, tabak agzyny bogup bolasy ýok-la...

6-njy epizod

Atajan mugallym ýokary okuwdan ýadap öýe gelýär. Ol gelende çagalary begenşip öňünden çykýar. Ogly we gyzy hersi bir ýandan sorag ýagdyryp başlaýarlar.
Ogly:Kaka şu gün sapakda nakyllary öwrendik . Men mekdepden öýe gelýärkäm , ýolda özümden täze nakyl döretdim.
Atajan : Nähili nakyl aýt hany , oglum!
Ogly: Düýeden uly pil bar
Atajan : O nakyl öňelem bar-a
Ogly: Bilýän  ol nahyl meňki däl ine meniň döreden nakylym. Pilden uly žirafa bar .
Atajan Bekiýew oglunyň täze döreden nakylyna loh-loh gülýär.
Gyzy: Kaka, kaka düýn Maral mollum biziň hemmämizden "Kimiň jennete gidesi gelýär" diýip sorady. Okuwçylaryň hemmesi ellerini galdyrdylar, diňe men galdyrmadym.
Atajan : Näme üçin gyzym, seň jennete gidesiň gelenokmy?
Gyzy: Gidesim gelýär welin ejem okuwdan soň göni öýe geliň diýdi.
Atajan : Haý, şu keýwanam bara...
Atajan örän ýadaw, kellesi agyrýar. Çagalaryň galmagaly soeaglary onuň hasam kellesini agyrdýar. Ahyry Atajan çydap bilmän batly gygyrýar.
Atajan : Bes edäýiň-how indi. Öňelem kelläm agyryp dur. Siziň gykylygyňyza çydamok .
Kakasynyň batly sesine çagalary gorkuzyp şumjaryşýarlar.Beýleki jaýdan çagalaryň ejesi hüňürdäp gelýär.
Gülnäz: Senem günde ýadawda. Mydama öýe gelseň kelläň agyrýar. Şu çagalaryň bilenem oýnaý azajyk.
Atajan : Sen ejesi bolýan bolsaň seretdä çagalaryňa. Meniň bar işim çaga oýnatmak däl.
Gülnäz: Men ejesi bolsam ,senem şu çagalaryň kakasy. Senem seredäý azajyk çagalaryňa. Uzakly gün şu çagalaryň yzynda aňkam aşýar meňem.
Atajan : Menem işden dynç alyp gelemok, işläp gelýän . Kellämi agyrtmada , bar gitde çaý getirsene.
Gülnäz : Kelläň barmy seň...
Gülnäz çagalaryny alyp hüňürdäp başga jaýa geçýär. Atajan kellesini tutup galýar.

7-nji epizod

Aşyrmämmet henizem gynanyp pioninanyň garşysynda otyr. Notalar onuň barmaklarynyň aşagynda bolsada hiç hili saz çalasy gelenok. Aýdymam aýdasy gelenok . Soňra dosty Merdan gelýär .
Merdan : Armada-haw ,sazanda ýigit ! Magşuk ýaryňa ýene-de bir "Aşygyň aýdymyny " döredäýsem diýýäňmi?
Aşyrmämmet dostuny görip ýylgyran bolýar.
Aşyrmämmet : Döretsem diýýän welin näme döretjegimi bilemok
Merdan : Sen bilmeseňem men bilýän , dost ! Hany sazyny çal, aýdymyny aýdyp bereýin!
Aşyrmämmet pioninoda saz çalýar . Merdan "Ýürekdeşime" atly aýdymyny aýdýar.

Bägülim,nowça gülüm !
Täzeje terje gülüm
Bägülim söýýärin seni,
Günde küýsär ýüregim.

Solmasyn hiç solmasyn,
Päk söýgümiz solmasyn.
Güllesin goý güllesin
Söýgi güli güllesin.

Gel, gir, köňül köşgüme
Kalpda kine galmasyn.
Mähir doly gözlerňi
Synlap gözüm ganmasyn.

Söýgim siňen mähriňe,
Gezmäýin men zar bolup.
Eýe bol göwün şährime,
Gel ýanyma ýylgyryp.

Iki dünýe geregim,
Jandan eziz görenim.
Şeýle bir söýýän seni
Mylaýymja melegim.

Aşyrmämmet : Berekella dost ! Bu aşyk bilbili yşka düşüren "Bägül" kimkä?
Merdan : Ony edil şu wagt aýdasym gelenok-da ,dost ! Entek ol meniň saza siňen söýgüme düşünermikä?
Aşyrmämmet : Düşüner, dost düşüner ! Hany özüň aýdýardyňa "gyzlar senden beter söýgä mätäç" diýip .
Merdan : Aýdýardym emma aýdanlaryňa amal etmek gaty kyn eken . Wi , ýogsada senden näme täzelik bar? Mährijemal bilen gürleşip bildiňmi?
Aşyrmämmet : Aý, gaty gowy gürleşip bilmedim.
Merdan : Hä, o näme üçin ?
Aşyrmämmet : Synpyň içinde aýdan aýdymyma gaty görüpdir. Meni krusdaşlarymyň masgara etdiň"diýip öýkeläp ýör.
Merdan : Oňkam dogruda . Hemmeleriň öňünde "Seni söýýän" diýip gygyryp durmaly däldä senem.
Aşyrmämmet : Içimdäki harasatlarymy beýan etmek isledimdä näbileýin, beýdip öýkelejegini.
Merdan : Borla dostum , azajyk sabyrly bol . Ine birki gün geçer hiç zat bolmadyk ýaly äbede-jüýje bolarsyňyz .
Aşyrmämmet :Belki şeýle bolsunda.
Merdan :Ýöne öýkesi ýazylýança birki gün garaşaly. Ondan soň başga ýollaryny gözläbereris.
Aşyrmämmet : Borda dostum, goý seniň diýeniň bolsun !

8-nji epizod

Aşyrmämmet Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatorýasynyň içine gireninde Merdan bilen Mährijemalyň bileje gürleşip, gülişip duranyny görip olaryň ýanyna barýar. Aşyrmämmeti görip Merdan gaçyp gitjek bolýar . Mährijemal Merdanyň elinden çekip saklaýar.
Aşyrmämmet : Salam Merdan , gowymy dost ?! Mährijemal ýagşymy ýagdaýlaryň ?!
Mährijemal : Salam , oňat, özüň gowmy ?!
Merdan pessaý seslenýär) Salam
Aşyrmämmet : Hudaýa şükür gowy menem .
Mährijemal : Dostuňdan gaty görmeseň Merdan saňa bir zat aýtmak isleýär. Merdan ,aýtda!
Merdan aýdyp bilmän dymýar.
Mährijemal : Ony saňa öň aýtmalydyk welin dostuň şu wagta çenli aýtmanyna menem haýran galýan.
Aşyrmämmet : Näme aýtmaly, tolgundyrmaňda aýdyňda !
Mährijemal : Men aýdaýmasam Merdana aýtjaga meňzänok. Biz öňden bäri birek-biregi gowy görýäs. Merdanam meni, menem Merdany halaýan.
Birdenem Merdan gaty gülüp göýberýär.
Merdan : Muny saňa aýtjak bolup ýördim , ýöne diňlemediň-dä. Mährijemaldan başga gyz kän-ä dost !
Aşyrmämmet bu sözleri eşidip ýüzi gyzaryp gidýär. Merdanyň sözlerime Mährijemal kikirdäp gülýär. Merdan bilen Mährijemal Aşyrmämmediň üstünden loh-loh gülüşýärler Merdan : Munuň bolup durşyna seredä . Beýdip agaç ýuwdan ýaly bolup durmada , söýgi sazlaryňy siňdirmäne özüňe söýgi tapyn.
Aşyrmämmet gaharlanman zordan saklanýar. Merdan bilen Mährijemal gülüşip synp otagyna girýärler.

8-nji epizod

Aşyrmämmet tisginip düýşinden oýanýar.
Aşyrmämmet : Bäh , gorkunç düýş eken-aý . Hernä düýş bolup galsynda.
Aşyrmämmet telefonyny açyp sagady görýär. Sagat 02:17 .Düýşindäki wakalar onuň aňynda zol gaýtalanyp dur. Ol düýşini unutjak bolup daşary çykýar,ýüzüni ýuwýar, suw içýär. Ýöne şonda-da düýşini undyp bilenok. Ahyry ol daňa golaý ýatyp galýar.

9-njy epizod

Aşyrmämmet bilen Merdan ýokary okuw jaýyna golaýlaşýarlar. Birdenem Merdanyň telefonyna jaň gelýär.
Merdan : Alo..Salam...Howwa gowy özüň gowumy...Menem ýetip barýan şu wagt , sen geldiňmi...Azajyk garaş , ine bardym.
Merdan howlukmaç ýokary okuw jaýyna haýdaýar.
Merdan : Aşyrmämmet, sen baryber dost ! Meni gyssanmaç biri çagyrýar.
Merdan howlugyp haýdap barýarka onuň kisesinden bukja gaçýar.
Aşyrmämmet : Dost , bir zadyňa gaçyrdyň !
Merdan onuň sözlerini eştmän ylgap gidýär. Aşyrmämmet bukjany eline alýar. Bukjanyň daşynda "Mährijemaldan aşygyna hat" diýen sözler ýazylgy dur. Aşyrmämmediň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar . Iliň hatyny okamak halanmaýan bolsada , bukjany açyp ondaky haty okaman durup bilmeýär. Hatda şeýle setirler bar.
Mährijemal :

Bagtyň gujagyna alyp gitmäne,
Ezizim sen gerek , sen gerek maňa !
Durmuş synaglaryn ýeňip geçmäne,
Ýalňyzym sen gerek , sen gerek maňa !

Bilibili gonmasa saralar güller,
Kalpda yşkym köräp barýar gün-günden,
Garaşman geçip dur gyssanmaç günler,
Ýalňyzym sen gerek , sen gerek maňa !

Diýilmedik sözlem didede galdy,
Gelsene aşygym, nirede galdyň ?!
Ýalňyz men , garaňky gijede galdym
Gündizim sen gerek , sen gerek maňa !

Kyn günde, her günde bolup seň taýyň,
Ömrüň soňna çenli barmana taýyn.
Tukat asmanymda Güneşim, Aýym
Ýyldyzym sen gerek , sen gerek maňa !

Gaharlanma aýdan ýygra sözlerme,
Söýgimi okarsyň baksaň gözlerme,
Mundan artyk aýralyga döz gelmen,
Ýalňyzym sen gerek ,sen gerek maňa !

Bu hat Aşyrmämmedi otdan alyp suwa oklaýar. Onuň gözlerinden biygtyýar ýaşlar dökülýär. Aşyrmämmet gözýaşlara bogulyp , haýaljakdan ýöräp zordan ýokary okuw jaýyna girýär. Görse Merdan bilen Mährijemal bileje gülişip , gürleşip durlar. Edil düýşindäki ýaly.
Aşyrmämmet içini gepledýär) Allajanlarym edil düýşimdäki ýaly-da. Düýşüňde gören zatlaň huşuňda-da gaýtalanýar diýseler ynanmaýardym. Bir şahyrda şeýleräk setirler bardy.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi.
Hakykatdanam "Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi " ekeni. He-eý gadyrdan dostum! Size Mährijemal bilen asuda , agzybir, bagtyýar durmuş arzuw edýän . Allajan ýolyňyzy , bagtyňyzy açyk etsin. Tä ömrüňiziň ahyryna çenli erkana ýurdumyzda erkana , bagtyýar döwran sürüň.
Aşyrmämmet gam-gussalara gaplanyp synp otagyna girýär. Beýlekilerem girýär . Atajan mugallym gelýär.
Atajan : Salam talyplar !
Talyplar: Salam , mugallym !
Atajan : Oturyň talyplar
Talyplar otyrýarlar.
Atajan : Talyplar şu gün agşam meniň otuz bäş ýaş toýumy has ulydan belleýäs. Siziň hemmäňize doglan günüme çagyrýan.
Talyplar : Doglan günüň gutly bolsun, mugallym ! Hökman bararys.
Atajan :Hökman geliň . Gelmedik talyba "gelmedi" goýjakdyryn.
Talyplar bu degişmä hezil edip gülüşýärler . Diňe Aşyrmämmet gülmän ,dymyp otyr . Ahyry ol saklanyp bilmän ýerinden turýar.
Aşyrmämmet : Mollum eger mümkin bolsa şu wagt juda gynançly "aýralygyň aýdymy"-ny aýdasym gelýär . Rugsat berseň aýdyp beräýeýin.
Atajan : Bolýar aýdaý, aýt!
Aşyrmämmet Mährijemalyň ýüzüne seredip "Aýralygyň aýdymy"-ny aýdýar.

Paraladyň kalbymy ,
Harladyň hyýallarym .
Geçdi söýgi salgymy ,
Ýapyk saňa ýollarym.

Nüçin meni söýmediň?
Birje hoş söz diýmediň ,
Öň halymy duýmadyň
Indi hem duýaýmagyn.

Ynsan kalbyny jeňde ,
Goýup bormy eýsemde ?
Indi meni söýseňde ,
Söýýärin diýäýmegin.

Bakma gözde ýaşyma ,
Gyýylma aglaýşyma ,
Besdir, girme düýşüme ,
Armanda goýaýmagyn.

Artyk söýseňde çyndan ,
Saňa ynanmaryn men ,
Yza dolanmaryn men ,
Özüňem geläýmegin.
Söýmegin, söýäýmegin.

Hemmeler haýran bolup Aşyrmämmediň ýüzüne seredişip durlar. Aşyrmämmet göz ýaşlara bogulyp şu goşguny aýdýar.

IŇ SOŇKY GEZEK

Humaý gözleriňe seredip siňe,
Seni synlaýaryn iň soňky gezek .
Aýralyk şygrymy döredip saňa
Goşgumy ýazýaryn iň soňky gezek .

Synpdaşym "sen" diýip, galardym derde !
Biziň aramyza çekdiler perde,
Mukaddes yşkymyň dörän ýerinde,
Seni synlaýaryn iň soňky gezek .

Nädeýin söýgümden düşdim men juda,
Söýgimi dostuma etdim men pida,
Kalbymda ýaňlanar, durar şol seda
"Seni synlaýaryn iň soňky gezek ".

Şol gözele baglajakdym bagtymy,
Sözleriň ýumurdy söýgi tagtymy,
Indi başga baglaýarsyň bagtyňy,
Seni synlaýaryn iň soňky gezek .

Aşyk aýdar aýra düşüp söýgümden,
Aýňalyp bilemok gussa-gaýgymdan.
Kalbymdaky undulmajak söýgim sen,
Seni synlaýaryn iň soňky gezek .

Aşyrmämmet gam laýyna çümüp synpdan çykyp gidýär. Beýlekiler onuň yzyndan seredişip galýarlar.

10-njy epizod

Okuwdan soň Atajan mugallyma dosty Guwanç jaň edýär.
Atajan : Alo!
Guwanç : Alo, dost armaly!
Atajan : Bar bol
Guwanç : Dost beter tolgunmasaň saňa gyssagly bir zat aýtmaly
Atajan : Aýt hany ...
Guwanç : Tolgunmarsyň gerek?!
Atajan : Aýtda indi...
Guwanç :Aýtsam dost, gaty gyssagly öýüňe gaýtmaly !
Atajan : Näme üçin ?
Guwanç : Aýalyň şu wagt çagalaryňam alyp aýrylyşyp gitjek bolýar. Düýn sene-mene edişipsiňizmi, nämemi şu wagt öýkeläp atasy öýne gitjek bolýar. Menem saklajak bolýan welin diýenlerimi diňlänok. Özüň gyssagly gelmeseň bolanok.
Atajan : Bolýar-bolýar bardym häzir azajyk eglejek bol dost, göni barýan menem

11-nji epizod

Mährijemal Aşyrmämmedi gözläp-gözläp zordan tapýar. Aşyrmämmet bir gizlinz  oturgyçda gynanyp , bukulyp otyr.
Mährijemal : Salam
Aşyrmämmet : Näme salam bermek şu  wagt ýadyňa düşdümi?
Mährijemal çalaja ýylgyrýar) Bolan bolşuň nähili ,oglan! Şu gün saňa bir zada bolýar.
Aşyrmämmet : Bolşum, görşüň ýaly . Hiç zadam bolanok , maňa azar bermäň
Mährijemal : Onda näme bukulyp öz-özüňi gynap otyrsyň. Ýa biri göwnüňe degdimi?
Aşyrmämmet : Howwa biri göwnüme degdi. Özem sen degdiň göwnüme
Mährijemal : Wiý, düýnki aýdanlaryma öýkeläp şeýdip otyrmyň . Göwnüňe degen bolsam , bagyşla !
Aşyrmämmet : Bolýar bagyşladym, bar gitsene !
Mährijemal : Wi, nirä gideýin men ?
Şol wagt bir ýerlerden Merdanam çykýar . Aşyrmämmet( Merdany görkezip) ; Hana ,öz söýgüli ýaryň ýanyna git !

***

Atajan : Bä düýn aýalymyň göwnüne bekiräk degäýdimmikäm, çagalaram gorkuzdym-a...
Atajan şeýle oýlar bilen howlukmaç goşlaryny ýygnaşdyryp binadan çykýar . Soň bir zatlar ýadyna düşen ýaly kisesini dörüşdirýär.
Atajan : Içi gara galmyş. Ulagymyň açaryny galdyrypdyryna.
Atajan howlugup yzyna dolanyp ulagymyň açaryny alýar. Binadan çykjak bolanynda ony Çepbe saklaýar.
Çepbe :
Essalawmaleýkim Ata aga ,
Ýör bile gideli daga !
Atajan : Salam Çepbe , edil şu wagt goşgyň wagty däl-dä
Atajan gapydan çykjak bolsada Çepbe ony geçirmän saklaýar.
Çepbe :
Ilkä goşgy ýaz diýýäňiz
Ondan soňam poz diýýäňiz.
Goşgymy bir diňläp geç-dä
Sizem mydam howlukmaçda.
Atajan : Hä araky maşgala mukaddesligi barada ýaz diýen goşgymy ýazdyňmy?
Çepbe : Howwa
Atajan : Sag bol  Çepbäm! Goşgyny maňa ber şu wagt juda gyssanmaç men, öýde okaryn.
Çepbe :
Ýok, ony özüm okajak,
Wagtyň bardyr-a azajyk .
Atajan : Bolýar, bor özüň oka, ýöne çaltyrak oka.
Çepbe goşgyny howlukman süýndirip, sarkdyryp okaýar.
Çepbe :
Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Garaşdym, irkilen aýyň dogarna.
Gije uçup hol güneşe ýanaşdym,
Dagy nätjek , ylham joşup çoganda?

Ýanýaryn ýagmyryň ortarasynda,
Düşeginde irkilipdir sünbüläm.
Täsin bir söz tapdym yşk babatynda,
Olaň bary akyp barýar seň bilen.

Gözlerimden yşkym okap bilýärmiň?
Seret oňa, gör nämeler aýdyp dur.
Çyragy sen dünýäniň däl, dünýämiň,
Diňe maňa ýalkym saçýan abajur.

Dideleriň demirgazyk Ýyldyzy,
Gidip barýan indi şoňa seredip.
Täleý nirden tapyp berdi ol gyzy,
Ynsan içre seýrek duşýan melegim.

Hem eliňem süýji, diliňem süýji,
Belent waspyň nirelerde ýerleşýär?
Lalam gepledermiş söýgüniň güýji,
Mende yşk bar galamlary gürledýän...

***

Merdan dostunyň ýanyna gelip degişýär.
Merdan :Aşyrmämmet ,näme bolýar dost  saňa ! Gyzgynyňa galaýan däldir.
Aşyrmämmet (gaharlanýar) Howwa gyzgynym galdy. Aýralyga duçar boldum. Däliredýäňiz meni öz günüme goýuň. Gaýrat ediň !
Mährijemal : O näme diýdigiň boldygy?
Merdan :Biz saňa näme etdik?
Aşyrmämmet kisesindäki haty Merdanyň ýüzüne zyňyp göýberýär.
Aşyrmämmet : Mundan beter näme etjek?

***

Çepbe henizem howlukman labyzly goşgy okaýar. Atajan ony diňlemäne mejbur bolup diňläp dur.
Çepbe :
Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Dideleriň-demirgazyk ýyldyzy.
Bu älemde üýtgeşik bir aý aýdym,
Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp.

Aglasaň ýagşyňa eziler kalbym,
Gamlansaň gar ýagyp doňar bu dünýäm.
Garaja gözlerňe baglanyp galdym,
Sen meni täzeden indirdiň dünýä.

Bu dünýäde öňküdenem bagtly men,
Aslynda durmuşam hezil eken-ä.
Neneň ýaşamajak şeýle bagt bilen?
Durmuş ýaryň bilen gözel eken-ä.

Toý güni getirdiň şu uly bagty,
Ýylgyrdyň, dünýäme düşdi ýyldyrym.
Gap-garaňky dünýäm, boldy ýap-ýagty,
Bolduň baky demirgazyk Ýyldyzym...

***

Merdan haty ýerden göterýär.
Merdan : Bu haty hälden bäri gözläp ýörnä "mende" diýip aýdaýmala dost!
Aşyrmämmet : "Dost " diýme maňa . Sendenem bir dost bolarmy ? Hana Mährijemalyňy alda bagtly bol . Ýöne maňa dost diýme. "Men Mährijemaly halaýan" diýip öňden aýdardyň dost bolýan bolsaň.
Aşyrmämmediň bu sözlerine Merdan bilen Mährijemal hezil edip gülüşýärler .

***

Atajan aram-aram gyssagly sagadyna seredip görýär. Hereketleri bilen "çaltyrak okaýda" diýýär. Emma Çepbe okap gutarjaga meňzänok.
Çepbe :



Duýguly dünýämiň dumanly wagty,
Ýalňyzlykdan halas eden ýalňyzym.
Aýt nirden tapaýyn bu uly bagty?
Hatda bagtam hyrydary şol gyzyň.

Mähribanym dertlerimiň dermany,
Ýazjak ssenarimde görnükli keşp sen.
Ýöne bize kino düşmek hökmanmy?
Allajan gorasyn ýasama yşkdan.

Älemiň özüde yşka ýugrulan,
Serçejikler "Söýýän" diýip jürküldär.
Taýyn küýsäp guguldaşsa gumrular,
Menem gije goşgy ýazjak irkilmän.

Tukat ojagmyzyň artar meýlisi,
Çagajygmyň kikir-kikir gülşüne.
Munda köňül gam dagynda neýlesin?
Edil şu wagtky deý , balam gül diňe.

Gülşüňe güllerem aşyk bolarlar,
Alçak balam , aljak balam göwnümi.
Aşyk bolanlara magşuk bolarlar,
Siz üçin ýaşaýan galan ömrümi.

Çepbe ahyry goşgyny okap bolýar.
Çepbe :
Goşgy neneň haladyňmy,
Ony gowja diňlediňmi?
Bolmasa täzeden okaýyn...
Atajan : Ýo diňledim, haladym , gaty gowy goşgy. Sag bol Çepbe .
Atajan Çepbäň elinden goşgyny kakyp alýarda, deňinden ýüwrüp geçýär. Çepbe onyň yzyndan ýylgyryp seslenýär.
Çepbe :
Ol goşgyny ýazdym çepde,
Käte şeýdäýýär Çepbe .

***

Merdan : Dost , sen bize ýalňyş düşündiň.
Aşyrmämmet : Ýok men gaty dogry düşündim
Merdan : Ýok sen ýalňyş düşünipsiň. Mährijemal ikimiziň aramyzda asla söýgi gatnaşyklary ýok. Sen nämeler diýip dursyň. Özem şu hat bar-a . Şu haty saňa Mährijemal ýazdy. Maňa-da haty eltip ber diýip haýyş etdi. Men başga gyzy halaýan. Onuň ady Bägül, krusdaşymyz...
Bu sözlerden soňra Aşyrmämmediň ýüzi ýagtylyp gitdi.
Aşyrmämmet : Şeýlemi ýa ?!
Merdan : Howwa , şeýle !
Aşyrmämmet : Adam pahyr çig süýt emendä . Öz jana-jan dostunada , mähriban ýarynada müňkürlik edip bilýär. Meni ,bagyşlaň !
Merdan : Men-ä bireýýäm bagyşladym
Mährijemal : Menem bagyşlap göýberdim
Olar biri-biriniň ýüzüne seredişip ýylgyryşýarlar.
Merdan : Wiý, ýogsada bu gün Atajan mugallymyň doglan güni bellenilýär-ä. Ýörüň hemmämiz gideliň , boomasa barymyza "gelmedi" goýar.

***

Atajan alňasap ýaşaýan binasyna girýär. Liftiň ýanyna baryp garaşýar. Görse lift işlänok. Atajan gaharlanyp basgançaklardan ylgap öýleriniň öňüne gelýär. Çekse gapy gulply.
Atajan : Bäh, gapyň açarynam alyp gidäýdimikä? Özümde-de ätiýaçlyk açar bolmaly.
Atajan sumkasyny dörüşdirýär. Kagyzlary agdarşdyryp-düňderşdirip zordan öýniň açaryny tapýar. Gapyny açýar. Öýüň içi tüm ýaly garaňky. Çyrany ýakýar.
Hemmeler: Doglan günüň gutly bolsun ! Uzak ýaşa !
Atajan gözlerine ynanmaýar. Görse aýaly, çagalary , dost-ýarlary , talyplary garşysynda ýylgyryp durlar. Öýüň içi gowy bezelipdir. Saçakda näz-nygmatlar dolup dur.
Atajan (ýylgyryp) Bu näme doglan günüme duýdansyz sowgatmy?
Guwanç : Hawwa, seni öýňe şeýdip getiräýmeseň , okuwdan gaýdaňoga.
Hemmeler gülüşýärler . Çagalar kakasynyň ýanyna ylgaşlap gelýär .
Gyzy: Doglan günüň gutly bolsun, kaka!
Ogly: Uzak ýaşa, kakamjan!
Atajan dyzyna çöküp çagalaryny gujagyna alyp , ezizleýär.
Atajan : Sag boluň balajyklam. Wah size döneýin...
Atajan (gelenlere ýüzlenip) Wi , indi näme seredişip dursuňyz?! Ýörüň hemmämiz  saçak başyna geçeliň.
Nahardan soň hemmeler "Aýdym aýdaly" aýdymyny aýdýarlar.

Aşyrmämmet :

Biz bile ,meňzäp bilbile,
Gel bile aýdym aýdaly.
Ýaýrap gitsin dilden dile ,
Gel bile aýdym aýdaly.

Mährijemal :

Owaza dönsin duýgymyz,
Hem saza siňsin söýgümiz,
Undulsyn gussa-gaýgymyz,
Biz bile aýdym aýdaly.

Merdan :

Söýgümiz duýsun hemmeler ,
Söýgüden dolsun hemme ýer ,
Haýranlar galsyn özgeler ,
Biz bile aýdym aýdaly.

Bägül:

Göwün uçsun gökde gaýyp ,
Guşlar kimin ganat ýaýyp ,
Özümizi gökde saýyp ,
Gel bile aýdym aýdaly.

Atajan

Aýdylsyn dilden -dillere ,
Aýlansyn ýoldan -ýollara ,
Ýadygärlik nesillere ,
Biz bile aýdym aýdaly.

Güljan:

Bu ajaýyp döwrümizde,
Ýaşlarmyz tans oýnasynlar ,
Diňläp -diňläp doýmasynlar ,
Biz bile aýdym aýdaly.

Hemmesi bilelikde:

Erem bagly diyarym bar,
Arkadagly Serdarym bar,
Joşgunly aydym-sazym bar,
Gel bile aýdym aýdaly.

(SOŇY)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.


116

12

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 24.01.2025 / 14:56

+1

Baryny öziň ýazdyňmy?


Özümiziňki
Gerceknazar  (24.01.2025 / 15:40) 

Sebap, howwa, diňe "Söýýän" diýmedim " atly goşguny Gülnäz Nurekowa ýazdy. Ýagny şol şahyryň şygryny kino laýyklap aldym.


Gytyndan
Sebap  (24.01.2025 / 15:59) 

Gerceknazar, Tüweleme malades üstünlik hemraň bolsun


Özümiziňki
Gerceknazar  (24.01.2025 / 17:51) 

Sebap, sag boluň köp köp .


Gytyndan
Sebap  (24.01.2025 / 17:53) 

Gerceknazar,

 Täzeje
 Aragon [off]
 24.01.2025 / 18:50

+0

Biriniz shuna kursdash sozni nahili yazmalydygny owredin. Bashgada bir mowzugynda krusdash diyip yazypdyr


Özümiziňki
Gerceknazar  (24.01.2025 / 21:14) 

Aragon, özüň dogry ýazmagy öwren ilki.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика