Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Belki : Maña ikimiziñ adymyz ýazylan kagyz bölejigi sowgat et. Iñ ýokarsynda "Toý çakylygy" diýip, ýazylan bolsun! #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÇAGALYK
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 25.01.2025 / 08:12
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Juda hezil eken çagalygymyz,
Obamyz, ir säher sygyrlar molap.
Howlyň içindäki agyllarda-da,
Durandyr ak-gara goýunlar mäläp.

Iki ýana ýöräp ak saçly enem,
Iş etýär, kyrk günlik täze gelin deý.
Maşgalan keşigi süňňüne siňen,
Sygyr sagýar, köne bedre elinde.

Süýt içersiň gyzgyn-gyzgyn ogurtlap,
Bererler gaýmagy käsäňe salyp.
Seslener ir säher oýanan atam,
Teläre söýelen hasasyn alyp.

Bäşlikçimi? Ýa ikilik alýaňmy?!
Sorag bermek endigidi atamyň.
(Jaýy jennet bolsun! Şu ýaşyma çen,
Öwütleri öňün alýar hatamyň!)

Enem pahyr zähmetsöýer zenandy,
Gyzmady! Emma ol söýerdi içgin!
Bişmedik narlary dişläp çykardym,
Bilmeýändir öýdüp!
Günämi geçsin!

Çep gulakly pilin egnine alyp,
Daýym säher bilen gider meýdana.
Kömek edensirän bolardyk bizem,
Däneli üzüme garyp bidäne...

Ýere gaçan erikleri çöplärdik,
Bukulardyk arasynda baglaryň.
Ýene bir gün üzüm dalbara çykyp,
Düşüp bilmän, bir sagatlap agladym!

Wah çagalyk, nämä derkardy dalbar,
Nämäňe gerekdi ýokardan bökmek.
Nirden gelýär ol kiçijek beýniňe,
Ýatan bir öküziň guýrugyn çekmek.

Ýadymda ak haltaň iki burçundan,
Ak süzmäni sykyp çykaranymyz.
Her geçýän pursatyň hakyndan çykan,
Juda hezil eken çagalygymyz ...

Gülnäz Nurykowa.


95

8

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 25.01.2025 / 08:22

+0

Çagalyk wagty iň gowy bagtly güleriň bolýa ýenede gaýdyp dolansakda şol günlere

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 25.01.2025 / 08:23

+0

Gowy bolupdyr ýetirip dur

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 25.01.2025 / 08:37

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика