Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Admin : Bilmek — ylym bilen amalyň bitewüligidir.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ylgamasaň, üstünlik ýok
 Betinden
 Sebap [14s]
 27.01.2025 / 13:41
 Lekum dinukum we liýe din

Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýän-digimiz bolýar. Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek, eliňde baryn-dan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek – ömre many çaýýan zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de has gowy etmäge, has ajaýyp etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň maksady şol – has gowusyna ymtylmaly. Özi hem özgelere agyr ýük bolmazdan, gaýry adamlaryň hak-hukugyny kemsitmezden, hut öz başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we halal zähmetimiz bilen berjaý etmeli. Diňe öz bähbidimize däl, hemmeleriň haýryna bolar ýaly ylgamaly. Gazanýan her bir zadymyz, ýerine ýetirýän işimiz, edýän hereketimiz bütin ömrümiz üçin haýyrly bolmalydyr.Döwürden üzňe bolmak, ýaşaýşa doýgun nazar, tutuksy garaýyş bilen bakmak ynsana gelişýän zat däldir. Hatda dindar bolsaňam, dünýewiligiňi unutmaly däldir. Hersinden özüňe geregini al: diňe dünýä gymmatyna gyzygyp, halaly-sogaby köýdürme. Diňe dine berlip, döwrüňi, durmuşyňy ýatdan çykarma. Ýaşamak we ýaşaýşy has-da gözelleşdirmek üçin dünýewi gyzyklanmalary birjik-de göz-den salmaly däldir. Başarsaň eser ýaz, kitap oka, öwret. Höwesiň, yhlasyň bar bolsa, git, bazara çyk, söwda et. Jaý gur, bina galdyr. Harytlar nirede geçginli bolsa, haýsy ýeriň bazary şüweleňli geçýän bolsa, şol ýerlere bar-da, öz başarnygyňy görkez. Bu özüňi açmagyň ygtybarly we halal ýoludyr.Sahabalardan Abdyrahman ibn Awf ýigrimi üç ýaşynda Hebeşis-tana göç etdi. Ondan soňra Medinä hijret etdi. Abdyrahman Medinä baranynda owrat ýerini örter ýaly geýiminden başga elinde ýa eg-ninde hiç bir zady ýokdy. Diňe ýüreginde ynamy, imany bardy. Medinä baryp ýetenlerinde, onuň aýdan ilkinji sözi: «Maňa bazary görkeziň» diýen söz bolupdyr. Soňlugy bilen ol iň baý adamlaryň biri boldy. Üstesine, behişde girjegi öňünden buşlanan on adamyň biri hem Abdyrahman ibn Awfdyr. Hatda jomartlykda deňsiz-taýsyz gör-len Talha ibn Abdyllah hem ol hakda: «Medinäniň ilaty Abdyrahman ibn Awfa mätäçdiler, ony juda gowy görýärdiler, çünki ol baýlygynyň üçden bir bölegini karz bererdi. Üçden bir bölegini garyp-gasarlaryň bergisini üzlüşmek üçin sarp ederdi. Üçden bir bölegini özi alardy» diýip aýdýar.
Şeýle bolelinlik, rysgy giňlik içinde ýaşasa-da, hiç bir alada-pikir onuň baş maksatlaryndan öňe geçen däldir. Sebäbi ol owalyny-ahyry-ny ýaşaýan durmuşy bilen utgaşdyryp, sazlaşdyryp alyp gidýärdi. Ol ömrüniň manysyna öwrülen beýik maksady üçin irginsiz, üznüksiz yhlas ederdi. Şol beýik maksady birjik-de unutmazdy. Her ädimi, her pygly-amaly şol maksadyna laýyk berjaý ederdi
.Dostum, eger-de tanymal şahslaryň terjimehallaryny ýa-da sahabalaryň, beýik adamlaryň taryhy kyssalaryny okap görseň, olaryň örän baý, gurply we abraýly adamlardygyny bilersiň. Abubekr Syd-dyk, Osman ibn Affan we ş.m.Durmuş ýolunda üstünliklere gyzygýan, ýokary galmaklyga ym-tyl ýan dostum, maksadyňdan dänme, ýöne bu dünýä üçin agyr ýüke hem öwrülme. Dünýäni göterip bilmejek agyr ýüküňe hem öwürme. Üstünlikler, şowlulyklar bilen bezelen durmuş ýollarynda maksatly hereket et. Hak ýoly, dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli we önjeýli zähmet çekmek üstünlikdir. Ýaşa we ýaşaýşy gözelleşdir. Iň bolmanda öz pikirleriň, niýetleriň, arzuwlaryň bilen bir gatanç goş. Maksat goýanyňda, şol maksadyň ugrunda yhlas etmegi ýüregiňe düweniňde bir hakykaty hergiz unutma: Ýaramaz zada sarp edýän güýjümiziň ýarysyny ýagşy zada gönükdirip bilsek, biz has uly utuş gazanarys.

Awtory: Rahman Gylyjow


86

8

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Madelyo [off]
  "Şirketin Sahibi"
 27.01.2025 / 13:44

+0

Şans bolmayan ýerinde Üstünlik bolmaz.
Murphy kanuny


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 13:46) 

Madelyo, Bäri goýduma şonuň kanunlaryny 3e bölüp bar hemmesi


Täzeje
Madelyo  (27.01.2025 / 13:47) 

Sebap, nirde?


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 13:49) 

Madelyo, Erkin mowzuklarda bar Murphy kanuny diýip


Täzeje
Madelyo  (27.01.2025 / 14:35) 

Sebap, Hä tapdym


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 14:37) 

Madelyo,

 Premium
 Akademik3 [off]
 27.01.2025 / 13:46

+0

Dogry diyan men su Programma duzmek ucin nace yylap hereket edim okadym bildim indam netije alyan


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 13:50) 

Akademik3, malades Çekseň zähmet ýagar rahmet diýiýänida


Premium
Akademik3  (27.01.2025 / 13:51) 

Sebap, omrun bolsun sagbol


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 13:51) 

Akademik3, senem

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 27.01.2025 / 16:06

+0

Bugezek gosuljakdal yazlynlar dogry


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 16:19) 

BAYOGUL, Bolýa agam

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 27.01.2025 / 19:05

+0

Soz ÿok


Betinden
Sebap [14s] (27.01.2025 / 20:34) 

@menin_dunyam,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика