Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Belki : Öñler gamlanan çagym ýylgyrmagyma sebäp bolýardyñ, indi ýylgyran çagym gamlanmagyma sebäp bolýarsyñ. #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dymmaklyk uly güýç
 Betinden
 Sebap [59s]
 27.01.2025 / 13:45
 Lekum dinukum we liýe din

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: «Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr».
Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn al-Hattab: «Her bir adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz, gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň-kimdigi belli bolýar» diýipdir.
Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly we eý görülýän häsiýetleriň biri. Ol göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy oýarýar.Dilini boş we biderek ýaňramazlyga endik etdiren adamy, dilini many we düşbülik bilen jylawlamagy başarýan adamy güýç--kuwwatyň eýesi hasaplap bolar.Akyldan gapylka aýdylan, gör, näçe söz eýesini heläkçilige uçratdy. Baýlyk-maly, abraý-ady gitdi.Taryhy ýazgylara görä, Luis XIV ýaş ýetginjek wagty çeper gürlemekde, jaýdar sözlemekde, birini susdurmakda, dawa-jedelde üstün çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta çykanyndan soň ol mese-mälim üýtgäpdir. Az gürläp başlapdyr. Dymmaklyk, az gür-lemeklik onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat çeşmeleriniň biri bolupdyr. Şol gürrüňlere görä, hatda onuň wezirleri hökümdar bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ençeme sa-gatlap aram-karar tapman, hökümdara meseläni nädip ýetirmegiň ugruny bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz aralaryndan iki sany wekili saýlap, şol teklibi Luis XIV-ä hödürlemäge zordan boýun eder ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi hakda uzak wagtlap kelle döwer ekenler. Geňeşden soňra, iki sany adam gorka-gorka bu teklibi hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik beýan edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty bilen baş atma-syndan soňra, ol ýerden dolanar ekenler. Hä-hawada bermez eken.Birmahalky ýaňra Luis XIV bu häsiýeti bilen hökümdaryň hu-zuryna gelnende her hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San Simon Luis hökümdary şeýle suratlandyrýar: «Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan şeýle adamy hiç kim gören däldir. Onuň ýylgyryşlary hem, nazary--garaýyşlary hem, ondaky her bir edim-gylym, hüý-häsiýet hem şeýle bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy. Onuň beýikligi az sözlüligi bilen utgaşyp gidipdi».
Käbir adamlar az sözlemde aýdyp boljak zady süýndürip-sark-dyryp, tutuş kitaby gürrüň berýän ýaly uzaldýarlar. Käteler wakanyň özi bäş minutdan uzaga çekenok, emma onuň gürrüňi sagatlara çekip bilýär. Her gezek aýtjak zatlaryň takyk we kesgitli bolsa, onda sen ýerliksiz gep uzaltmalardan we ýaňramalardan, manysyz sarnama-lardan el çekmeli. Şeýtmek bilen, hem özüňi, hem-de beýlekileri irizmekden, ýüreklerine düşmekden halas edýärsiň.
Dogry, söz birek-birek bilen tanyşmak, habarlaşmak üçin esasy serişde, bu delile duwlanyp, bu ýerde meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin. «Ýaşaýan jemgyýetimizde has köp iş salyşmak üçin köp gürlemäge mejbur bolýarys» diýmegiň mümkin. Ýa-da «az gürlesek, özgeler bizi ulumsy, tekepbir saýyp, bizden aýyp-syn etmekleri müm-kin» diýersiň. Gümürtik we öjükdirijilik häsiýetdäki dymmaklyk hak-da aýdýan bolsaň, onda sen mamla – seniň bilen ylalaşýaryn. Ýöne men bu ýerde sada söz bilen dymmaklygyň, ýagny az gürlemekligiň esasy ähmiýetlerini sanap geçeýin.Agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp aljak gümanyň ýok. Pygamberimiziň hadyslarynda «Ynsany jähenneme oklaýan iň hatar-ly zat agyzdan çykan sözdür» diýilýär.Ähli ýollary, usullary ulanyp, sözleriňe seresap çemeleş. Diliňe erk et. Gymmaty, ähmiýeti ýok sözleri ýaňramakdan we anyk gözüň ýetmeýän zatlary sözlemekden saklan.«Gürleseňiz, derrew tanalarsyňyz. Ýigidiň kimdigi dilinde basyrylgy ýatandyr, sözlese, nähili ýigitdigi dessine äşgär bolar» diýip, bäş müň hikmetiň eýesi Aly ibn Abu Talyp aýdýar. Bu söz maňa-da, saňa-da degişli. Aýdýan sözlerimiz, ile ýaýýan pikirlerimiz esasynda adamlarda biz hakdaky düşünje peýda bolýar. Olar agla-ba halatda aýdýan sözlerimiz arkaly bizi tanaýarlar. Çünki dil diňe özüňde bar zatlary aňyňda bar zatlara laýyklykda sözleýär. Bu diliň tebigatydyr. Ýöne nirelerde dymmaly? Ine, şu aşakda ýatlanjak ýerlerde dy-myp saklanmak örän ýerlikli, has dogrusy, ýagdaýa tüýs laýygydyr.
Gahar-gazaplykaň. Gahar-gazap dälilige mahsus bir ýag-daý. Gaharly ýa-da juda öýkeli wagtyň gürläniňde öte köp säwlik goýberýärsiň. Iň hatarly ýeri hem şol ýagdaýda aýdan her bir sözümiz soňlugy bilen diňe biziň garşymyza hereket edýär. Öz büdremegimize delil, tutaryk bolýar, bäsdeşimiz üçin jaýdar bahana öwrülýär. Diňe bizi ýazgarmaga esas bolýar.Gahar-gazabyňy, öýke-kinäňi saklap bilmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýöne özüňi bu häsiýete alyşdyrmak, yzygiderli endik etmek bilen ga-haryny jylawlap bilýänleriň biri bolarsyň. Şeýle halatda käbir sözleri ýatlamagymyz gerek. Mysal üçin, Pygamberimiziň «Gaharlanmasaň saňa jennet nesip eder» diýen sözleri bar. Şol sözleri amal etmek arkaly gazanjak sogabyňy we hoş hallaryňy göz öňüne getir, aňla, düşün. Sogap-sylagdan daşary adamlaryň hormat-sarpasyna hem eýe boljakdygyňy ýatla.

Awtory: Rahmet Gylyjow


77

7

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Akademik3 [off]
 27.01.2025 / 13:47

+0

Dogry diyan birinin eden zahmetine gorubilmezlik etmeli dalde dymyp otyryan


Betinden
Sebap [off] (27.01.2025 / 13:51) 

Akademik3, Hakyky


Öwreniji
Hanogul  (27.01.2025 / 14:51) 

Akademik3, gosulyan

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 27.01.2025 / 16:05

+0

Menem yokarkylaryn aydanna gosulyan


Betinden
Sebap [off] (27.01.2025 / 16:19) 

BAYOGUL, Bolýa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика