Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Dostlarymy azaltdym. Bir seretsem dushmanlarymam azalypdyr. #Yekejelai

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Il-gün näme diýerkä
 Betinden
 Sebap [off]
 27.01.2025 / 13:49
 Lekum dinukum we liýe din

Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda heý-de bir zatlar eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki kes-gitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür menzillerindäki iň täsirli möwsüm-ler. Sen on sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen hakda aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň. Näme diýýändiklerine pugta üns berýärsiň. Öz etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda nähili pikir edýändiklerin-den biynjalyk bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin, özgeleriň sen hak-da nähili gep-gürrüňe gümra bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla üns bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da ýamanlamasy asla seniň perwaýyňa däl. Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl ýetirýärsiň. Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan, aňyňda göterip gelen iň wawwaly sowalyň: «Il-gün men hakda näme diýýärkä?» diýen pikiriň üznüksiz pikire öwrer derejede asla ähmiýetli däldigine, juda biderekdigine akyl ýetirýärsiň. Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle.Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji derejeli zada öwürmegimize özümiz günäkär.
Munuň gözbaşy hem, başgalaryň özümiz hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç üns berýändigi-miz. Her gezek başyna baran, ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi olara ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz göwnümizi, ýürekde beslän arzuwlarymyzy gaýra goýsak, diňe töwerekden baha ýa-da dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt hemme kişiniň göwnünden turjak iş edip bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin ogly bilen eşekli bazar-dan gelýän ekeni. Olaryň ikisi-de eşege artlaşyp münen ekenler. Bularyň şeýdip barýanyny gören birtopar adam: «Bulara serediň-ä, iki bolup bir eşege münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin» diýipdirler. Hoja Nasreddin ogluny eşekden düşürip, bir özi oturypdyr. Az salym ýöräpdirler. Öňlerinden ýene birtopar adam çykyp: «Muňa serediň, garry atasy eşegiň üstünde, körpe ogul bolsa pyýada barýar, heý-de, boljak zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin eşekden düşüpdir we ogluny mündüripdir. Az salym ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir: «Bulara serediň, ogly eşegiň üstünde, garry atasy bolsa pyýada barýar, heý-de, gelişýän zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň üstünden düşürip, ikisi hem eşegiň ýanyndan pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan birnäçe adam bularyň ýoluny kesipdir: «Bulara serediň, eşegiň-ä üsti boş, adamlar hem ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili düşünjesizlik?» diýşipdirler. Hoja Nasreddin ogluna ýüzlenip: «Oglum, il-günüň her sözüne gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň gowusy öz bilýäni-mizi edibereli» diýipdir.Aslynda, biziň näme maksadymyzyň barlygy, nähili hyýallary gursakda göterýändigimiz bilen özgeleriň işi-dahyly bolmaly däl. Ýöne ilçilik, her hili häsiýetli adam bar, özi ýagşy bir päli maksat edeninden geçen, gaýta tiňkesini gaýrylaryň hereketine dikip oturanlar setanda-seýranda gabat gelýär. Adamlaryň ýüreklerini gözden geçirip, barlap görseň, garaşylmadyk täsinlikler bilen gurşalarsyň. «Adam öz ýüreginde şunça zady nädip göterip bilýärkä?» diýen sowaly berersiň. «Beýle-de pikir edip bolýan ekeni» diýip, has-da geňirgenersiň. Daş-töweregiňi gurşan adamlar hem hil-hildir. Daşyndan dost ýaly görünýänler bardyr, asla seni indemeýänler bardyr. Emma dost ýaly görünýän käbirleriniň ýüregi bahyllyga eýlenendir. Saňa biperwaýdyr öýdýän käbir adamlaryň bolsa saňa ak ýürekden üstünlik arzuw edip oturandyrlar. Adamyň ýamany – özgeleriň büdremeginden ýüregine teselli tapýan, kimdir biri ýykylsa begenýän, maksadyna gönügen adamyň orta ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamdyr. Gynansa-gam, şeýle adamlar käteler alnymyzda ýa-da ýanymyzda peýda bol-ýar. Ýeri onsoň, sen öz geljegiňi, arzuw-maksadyňy şeýle adamlaryň pikiri, berjek bahasy, çykarjak netijesi esasynda gurnamak isleýärmiň? Ýagşy bolsun, ýaramaz bolsun, şol pikirler esasynda bir netije çykaryp, şondan soňra belli karara gelmekçimiň? Bu hemişe dogry çözgüdiň üstünden eltmez. Elbetde, özgeleriň pikirini diňlemeli. Köpçüligi inkär etmeli diýen zat ýok. Olaryň aýdýan sözünden, edýän hereketinden niýetlerini duý-magy öwreniň. Özüňe diýilýän zatlary diňle, nesihatlar, tankytlar, ýüz-lenmeler hakda oýlan. Olar hakda ymykly pikirlen, akyl eleginden geçir. Mundan soňra bir işi ymykly ýüregiňe düwdüňmi, maksadyňdan dänme, hiç kimsäniň pikiri-garaýşy seni ýoluňdan sowmasyn, yhlasyňy sowatmasyn. Özleri iş etmekden bizar, bikär oturanlar, maksatly ýöräp bilmeýän adamlar seniň badyňy bökdemesin.Hezreti Pygamberimiz käbir adamlaryň özüne «mejnun» diýen-diklerine üns beren bolsady, yslamyýet beýle ýaýrap-ýaýylmazdy. Emma onuň öz ýoluna, beýik maksatlaryna berk ýapyşyp, öňe hereket etmegi bize köp zatlary öwretdi. Özümize bähbitli gymmatlyklary-myzy we ýörelgelerimizi berkitmelidigimizi öwretdi. Bilmeýän we zatdan bihabar adamlaryň pikirlerine gulak gabartmaly däldigimizi öwretdi. Köpimize mahsus ýagdaýlaryň biri – beýik maksatlara ýapyşanymyzda «özgeler näme diýerkä?» diýen sowal serimizden aýrylanok. Bir ädim ädýäris we töweregimize garanjaklaýarys – beriljek baha garaşýarys. Ýene ýöräbermeli welin, heniz şol ädimleriň bahasyny eşitmezden, öňe gidibermelidigine akyl ýetiremzok. Indiki ädimlerimizi, has dogrusy şeýle ädimlerden düzülýän tutuş geljegimizi özgeleriň pikirine baglap goýýarys. Bu käbirimiz üçin bejerip bol-majak, geçip bolmajak päsgelçilik, böwet ýaly bolup görünýär. Şol duýgulardan saplanyp bilsek, has uly işleri wagtynda bitirmäge gaýra-tymyzam, güýjümizem azlyk edenok. Şeýle pikirlere garşy durdugy-myzça, üns bermedigimizçe, biz şonça-da beýik bolarys.
Akyl taýdan özbaşdaklyk we özgeleriň täsirine berilmezlik, işe il-geziklik – arzuw-maksatlaryňy hasyl etmek üçin iň ähmiýetli zatlaryň biridir. Eger-de seniň ynamyň we pikirleriň, şeýle hem arzuw-umytlaryň berk, aýdyň we mäkäm esaslarda gurnalan bolsa, ol galdaw häsiýetler saňa täsir etmez. Bu ruhy binýat ýüregiňizde şek-şübhe, ikirjiňlenme, ünji peýda bolan pursady we özgeleriň tankydyna uçran wagtyňyzda olaryň garşysyna melhem bolup hyzmat eder.Stolumyň üstünde şeýle ýazgy dur. Muny durmuş tejribelerin-den netije çykaran bir akyldar hut bize niýetläp aýdan ýaly: «Ýuwaş--ýuwaşdan ýokary galmagyň esasy ýoly özüňi mümkin bolan ýollar bilen ösdürmekdir. Seni ösüş ýolundan alyp galmaga synanyşýan, böwet bolýan adamlardan zeýrenmezlikdir. Diňe öňe seret! Awraam Linkoln».

Awtory: Rahmet Gylyjow


102

11

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 27.01.2025 / 16:04

+0

Gowy ekeni


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 16:20) 

BAYOGUL, Sagbol agam

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 27.01.2025 / 18:09

+0

Tuweleme. Ÿaltanman ÿazaÿşyñy


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 18:10) 

@menin_dunyam, sagbol agam


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 18:15) 

@menin_dunyam, ýöne bilýänsiňle meň özümiň ýazmaýandygymy


Gerekli
@menin_dunyam  (27.01.2025 / 18:38) 

Sebap, bilÿăn. Ÿazyp ugratman ÿőreniñem


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 18:39) 

@menin_dunyam, haýsyny ugratmadym goşgyň yzymy?


Gerekli
@menin_dunyam  (27.01.2025 / 19:00) 

Sebap, hema yzy. Hemde tazeje


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 20:33) 

@menin_dunyam, Elim ýetenoga hemem Ylham gelip bilenok maňa


Öwreniji
Kesxa  (28.01.2025 / 09:46) 

Sebap, ýol pulyn töle geler


Betinden
Sebap  (28.01.2025 / 10:13) 

Kesxa, hm bolýa

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 27.01.2025 / 19:05

+0

Ÿetirip dur


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 20:34) 

@menin_dunyam, nesip bolsa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика