Ýürekdeş sözler!
Aydymcy_Jemile : yasatdigini yasamadan olmiyor insan
Beýikligi döredýän sabyrlylyk
Gytyndan Sebap [off] 28.01.2025 / 06:56 Lekum dinukum we liýe din
Hemme zada we bolýan her bir zada birbada akyl ýetirip bo-lanok. Durmuşda bolýan her bir wakanyň asyl manysyny çöşlemek, hikmetini bilmek, aslyna düşünmek pelsepeçileriň, hekimleriň, alym-danalaryň, şeýle hem takwa-ybadathonlaryň käridir, salyhlaryň hünäridir.
Taryh eserlerini okanyňda ýa-da ýanyňda, ýakynyňda bolýan wakalary eşideniňde, özüni täze zatlary öwrenmäge bagyş edýänleriň bardygy geň galdyranok. Olar wakalaryň süňňüne, düýp mazmunyna akyl ýetirmek üçin uzak aralyklary söküp, alys yklymlara aralaşýarlar. Täze maglumatlar bilen bilim gorunyň üstüni ýetirip, köňli nurlandyr-ýarlar, durmuş we hakykat ylymlaryndan has köp habardar bolýarlar. Birje hikmetiň üsti bilen ynsan ömrüne degerli uly bir zada akyl ýe-tirýärler.Şeýle alymlaryň biri hem Ybraýym Edhem.Ybraýym Edhem Haky tanaýan, hakykaty ideýän, görýän we synlaýan zadynyň öňünde hemişe özüni pespäl alyp barýan, durmuş kitabynyň sahypalary, ynsanlaryň gylyk-häsiýetleri, durmuş dolaýyşlary, hal-ýagdaýlary hakda çuňňur oýlanýan, olardan nuranalyk ýollaryna atarjak sözleri, hikmetleri, paýhaslary gözleýän adam bolupdyr
Şeýle hikmetleriň ideginde, höwesinde gezip ýörkä, uzak ül-kede ýaşaýan we hiç wagt öz hüjresini terk etmedik, daşa çykma-dyk bir ruhanynyň habary onuň gulagyna ilipdir. Bu ruhany güýçli, keramatly saýylypdyr. Ýylyň dowamynda bir aýlap adamlar onuň zyýapatyna baryp, alyn diräp gaýdar ekenler. Onuň mährabynyň öňünde, öýüniň bosagasynda gurbanlyk kesip, sadaka berer ekenler. Hassalarynyň gutulmagy we hal-ýagdaýlarynyň gowulaşmagy üçin, ýalňyşlyklarynyň bagyşlanmagy, hatalarynyň ötülmegi üçin haýyş eder ekenler. Bir aýyň pazylaty üçin uzak-uzak yklymlardan gelýän zyýaratçylaryň san-sajagy bolmandyr.
Ybraýym Edhemi gyzyklandyran hallaryň biri – bu ruhanynyň ençeme ýyldan bäri hüjresinden daşa çykman, ybadata meşgul bo-lup oturmagy bolupdyr. Çawy alyslara ýaýran bu ruhany bilen didarlaşmak we miýesser etse, ony hak ýola çagyrmak üçin Ybraýym Edhem köňlüni bire baglap, Haka töwekgellik edip, ýola rowana bo-lupdyr. Adamlaryň zyýarat edýän möwsüminde hem ol ýere baryp ýetipdir. Ruhanynyň howlusyna ýygnanan mähelle aňyňy haýykdyrýan ekeni. Biri-biri bilen gyslyşyp duran adamlaryň juda köpdügine ga-ramazdan, Ybraýym Edhem hem ahyry onuň huzuryna barypdyr. Ilki ruhanyny hikmet nazary we parasat gözi bilen mazaly synlap-dyr. Onuň daşyny gallap duran şägirtleri, kömekçileri we olaryň «lep-beý-tagsyr» hyzmatlary ruhanynyň abraý-mertebesiniň örän beýik-digini subut edýän ekeni. Aýdan sözüne derrew eýerip, ýumşuny, tabşyrygyny desbi-dähil ýerine ýetiripdirler. Sözüne gulak asypdyrlar.Ybraýym Edhem özüni tanyşdyryp, maksadyny mälim edipdir. Munça ýyllap hüjresinden çykman ybadata berilmeginiň sebäbini sorapdyr. Asyl, bu ruhany otuz ýyl bäri ýagty jahanyň nuruny diňe hüjresinde oturan ýerinden synlap, kanagat edipdir. Şonça wagtlap daşary çykmandygyny aýdypdyr. Düýbünde şeýle müşgil işe iterýän bir degerli sebäp bolmasa, ynsan munça wagtlap birsyhly durmuşa çydam edip bilmeýär ahyry. Çünki ýürek-köňül bikarar zat, olar şol bir zatdan tiz irýär. Diňe dürli-dümenlik durmuşyňy gözelleşdirip, oňa many-tagam we zowk hem-de görk çaýýar. Ybraýym Edhem muňa has-da geň galypdyr we beýle hala berilmeginiň sebäbini sorapdyr.Ruhany ýylgyrypdyr we Ybraýym Edheme golaý durup: «Bu ýere zyýarata gelýän adamlary görýärmiň?! Olar meniň ýanyma ýyl-da bir aý gelip bilýärler. Men olar üçin iň uly maksat, iň elýetmez matlap we iň beýik isleg. Şonuň üçin şu bir aýyň hormat-hatyrasyna,
tutuş bir ýylymy hüjreden çykman oňňut edýärin. Ýalňyzlyk bilenem oňuşmaly bolýaryn. Ömrümiň meni begendirýän belli-belli aýlary üçin tutuş döwrüň argynlygyny gerdenimde çekmäge taýýar» diýip-dir.Ruhanynyň bu zatlaryň hatyrasyna niçiksi emgenýändigine Ybraýym Edhemiň akyly çaşypdyr. Onuň huzurynda otyrka hem, onuň öýünden çykyp, öz iline tarap ýola düşen pursadyndan başlap hem, bir sowal biynjalyk edip durupdyr: «Ýalňyş düşünjelere eýerýän biri sanalgy günler üçin ýyl boýy sabyr edýär. Il-günden alýan alkyşy, gazanýan mertebesi, duýýan buýsanjy üçin ýalňyzlyga hem, onuň kynçylyk-külpetine hem çydaýar, ýeri onsoň dogry-düz ýoldaky sagdyn pikirli we beýik maksatly adamlaryň azajyk ýadan wagty ýaltanmaklary, dünýäni-durmuşy argynlyk mesgeni hökmünde görüp, uly sesleri bilen zeýrenmekleri, uwlamaklary nämedenkä?» diýipdir. Ýagşy häsiýetli we sagdyn düşünjeli adamlar, özleriniň edýän amallarynyň hakdygyna akyl ýetirip durkalar, azrak sabyr etmekleri we çydamaklary zerur. Çünki üstünligiň bahasyny öňünden tölemeli.Aýlawly ýoluň ahyrynda datly miweli, goýy saýaly jennetiň bardygyny bilýän adam, yhlas bedewini debsilemegiň deregine nebis atyny çapsa, wagtlaýyn lezzetleriň löderesini başyna çekip, bulanyk duýgular bilen başyny sämetse, onuň pellehana ýetmezden atdan ag-jakdygy hem-de hakyky sylagy, mertebäni, beýikligi, belentligi ga-zanyp bilmejekdigi köre hasa.Köpimiz öz ýanymyzdan durmuşda uly üstünliklere ýeten-digimiz bilen buýsanýarys, özgelere aýdyp, ýaňzydyp ýörmesegem, içimizden bir ses biziň «juda akylly we ugurtapyjydygymyzy», öňümizde anyk we aýdyň maksatlary goýmak arkaly köp zady ga-dygymyzy, uly üstünliklere ýetendigimizi pyşyrdap dur. Ýöne köpimiz, geň görünse-de, durmuşda nämäniň dowamly we nämäniň wagtlaýyndygyzananny hem anyk-aýdyň kesgitläp bilemzok. Biz halala sogabyň, harama azabyň bardygyna ynanýarys, maksatlarymyzy nähak ýol bilen hasyl etmeli däldigine, haram pişäniň ahyry bir ýerden urup çykýandygyna hem akylymyz ýetip dur, emma öňde goýýan maksatlarymyz we oňa sarp edýän zähmetlerimiz şolaryň gowusyna gowuşmakdan üzňe görünýär.Ybraýym Edhemiň üsti bilen biziň günlerimize gelip ýeten bu tymsalyň manysy, hikmeti näme? Abraý, mertebe, ynsap we wyždan hüjresi gowy adamlaryň hiç wagt terk etmejek menzili, düşelgesi bol-malydyr. Ahyryndaky sowulmaz abraý üçin alnymyzdaky az-owlak zatlara sabyr etmegimiz gerek.Durmuşyň azdyryjy we ymyzgandyryjy, gaflata batyryjy zatlary-na aňymyzy gidermezlik, sabyr etmeklik hakyky we ebedi bagtyýar-lyga eltýän ilkinji hem-de iň ygtybarly ýoldur. Iň arzyly we ajaýyp maksatlary hasyl etmek, beýik mertebeler gazanmak üçin birnäçe sagadyňy sarp etmäge ýaltanma.
Arap alymy Ýusuf al-Karzawynyň şeýle sözleri bar: «Bagtyýar-lyk ynsanyň öz içinden dömýändir, ol daşyndan getirilýän zat däl-dir. Eger-de bagtyýarlyk ynsan kalbynda biten bir daragt bolsa, onda ynam we ynanç şol daragtyň içýän suwy... iýmiti... howasy... we ýag-tylygy-nurudyr». Mahlasy, öz beýik maksatlaryň üçin irginsiz zähmet çek. Şonda durmuşyň hupbat däl-de, eýsem, muhabbetdigine aýdyň göz ýetirersiň.
Awtory: Rahmet Gylyjow
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 28.01.2025 / 08:36+1Gowy
GytyndanSebap (28.01.2025 / 08:41) BAYOGUL, kul2
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...
Ýokaryk