Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : GÜLE KÖP SUW BERSEN GURAÝA ADAMA ARTYKMAÇ HORMAT DOYSAŇ ÜÝTGEÝA //BAÝOGUL.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Eýnşteniň dälilik hakdaky sapagy
 Betinden
 Sebap [2s]
 28.01.2025 / 07:09
 Lekum dinukum we liýe din

On bäş ýyldan bäri dostum Jelil şol bir zatlary ýerine ýetirýär...
Ol henizem şol şereketde işleýär, şol öňküsi ýaly pikir edýär. Ol henizem şol öňküsi ýaly ýol-ulag gatnawynyň ýaramazdygyndan, aýlyk gazanjynyň azlygyndan, janköýerlik edýän sport toparynyň ýeňlendiginden we işiniň üznüksiz paşmaýandygyndan zeýrenýär.Henizem ol dostumyz çagalary we maşgalasy bilen dynç almak üçin her tomsuň başynda karz alýar we bütin gyşyny şol karzlaryny üzüp geçirýär... on bäş ýyldan bäri hiç zat üýtgemedi, özgermedi...Henizem dostumyz Jelil «Sabyr soňunyň sap altyndygyna», sabyr edeninden soňra hökman arzuwyna ýetjekdigine, garaşylýan günüň ahyry geljekdigine pugta ynanýar.Dostumyň bu bolşuny görüp, Eýnşteýniň dälilik hakdaky sözleri serime dolýar. «Şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmak däli-likdir» diýen sözleri aňymda öwrüm edip dur.Özümiz aman-asudalyk, ýeňil ýetilýän rahatlyk isläp, munuň öwe-zine töwekgellik etmekden, täze gözýetimlere aralaşmakdan we täze serhetleri aşmakdan gorkýarys. Mundan soňam biz ýene-de Allanyň her kime paýlap beren ýeterlik rysgyndan nägile bolýarys. Allatagalanyň älemler baradaky bozulmaz däbini, ýoluny unudýarys
– Onuň her kese rysgyny berýändigini ýadymyzdan çykarýarys.Ýaradanyň barlykdaky däbi üýtgewsizdir – durmuş kitabynyň gündeki sahypalaryny gowy okap, düşünip bilýän we oňa görä amal edýän adam bagtyýardyr. Ol köp zat gazanar.
Üstünlik gazanmak we üstün bolmak hiç bir adam üçin mümkin bolmadyk zat däldir ýa-da bu babatda kimdir birine artykmaç mümkinçilik berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak, hötdesinden geljek zadydyr. Ýöne munuň beýleki tarapyny hem gözden salmalyň, onuň ýeňil-ýelpaý bolmadyk tölegi hem bar ahyry. Bahasyny bermeseň, ony awlap, kapasaňa salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy maňlaýyňy derledip, zähmet çekmek we öz işiňe berilmekdir. Şikaýatdyr zeýrenjiň degresinden hem ötmezlikdir.
Dostumyz Jelil we ýene-de müňlerçe dostlarymyz hem-de dostlaryňyz hiç zat etmän, diňe ertirki arzyly günüň gelerine garaşyp ýaşaýarlar. Ýekşenbe güni hem edil duşenbe ýaly, mart hem hut aprel ýaly, ähli günüň şol bir tagamy bar. Hiç zat üýtgemese, özgermese, ýerinden gozganmasa, töwekgellik etmeseň...
öwekgellik diýenimde, göz öňünde tutan işiňe howul-harsal okdurylmak däl. Meýilnamalyja, her ätjek ädimiňi saldarlap, basjak ýeriňi peýläp, ilki ilik-düwme öwrenip, öňe ilerlemegi göz öňünde tutýaryn. Bu zatlary amal etmek üçin gaýratlylyk, dogumlylyk, hiç zatdan çekinmezlik, öňe okdurylmak – hakyky töwekgellik gerekdir.Şu ýaşan ýyllaryňda tutuş ömrüň akymyny, ugruny özgerden näçe sany ykbal özgerdiji karara gelip gördüň?
Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň çuňňur manyly we juda ähmi-ýetli, göwnemakul sözleri bar: «Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki eden işleriňden goý-beren pursatlaryň has köp bolandygyny ýatlap ökünersiň» diýýär.Hak aýdýar, ökünersiň, çyndan ökünersiň. Sebäbi bellibir karara gelip, ymykly girişäýmeli işi, ikirjiňlenme ýa-da geleňsizlik zerarly etmändigiňe, gaýratyň çatmandygyna ökünersiň... «sag başym, aman başym» diýip, köne külbäniň ykyş diwaryna duwlanyp ýatyşyň göz öňüňe geler.Emma ugrunda gaýrat eden işleriňe, hatda şol ýollarda goý-beren säwlikleriňe, hatalaryňa hem ökünmersiň. Ikirjiňlenmeleriň, gorky-ürkiň, synanyşykdan alyp galan ejizligiň näçe köp bolsa, ahyr ýaşda ökünjiň hem şonça köp bolar.
Her bir adam öz gylyk-häsiýetleriniň jemi. Gylyk-häsiýetleri, özüni alyp barşy bolsa onuň bir karara gelip bilýändiginiň, bilmeýändiginiň dilmajy. Ikimizi bir-birimizden parhlandyrýan zat, biziň bir karara gelip bilýändigimiz ýa-da bilmeýändigimiz. Haýsy işi edýändigimiz we etmeýändigimiz (edip bilýärismi ýa etmeýärismi?). Her kim öz karary, öz pikiri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem iň möhüm, ähmiýetli zatlaryň biri – durmuşyň bize döreden ähli müm-kinçiliklerine, pursatlaryna doly we ählitaraplaýyn nazar salmaga synanyşmaly. Gaýrata daýanyp, işe girişmeli. Näbelli gorkulardan rüstem gelmek üçin batyrgaýlyk bilen işlemeli we asylly amallary-myzy dowam etmeli.
Mahlasy, iň uly töwekgelçilik durmuşyňda hiç hili töwekgelçi-ligiň bolmazlygydyr. Iň uly howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa şowsuzlyga düşmekden gor-kup, bir duran ýeriňde saklanmaklykdyr.

Awtory: Rahmet Gylyjow


96

15

1

3

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 28.01.2025 / 08:35

+0

Gowy eken


Betinden
Sebap [2s] (28.01.2025 / 08:39) 

BAYOGUL, Aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика