Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söygi bu 5 harp menki 3 harp “Sen” ??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Söýgi görk islemez... (Rowaýat)
 Täzeje
 Gozeljik [off]
 28.01.2025 / 10:37
 Elhamdulilallah♡

Jahylka göreş-ýaryşda ýeňiş gazanyp, abraý alan «Döw» lakamly Gara batyr ala dagdan aşyp gelen gaplaň bilen garpyşanda el-ýüzüni parçaladyp görkden gaçýar. Öňem-ä garaýagyz, gawunkelle, burunlak, äpet ýigidi görenler «Bäh, ejesi nädip gorkman goçaltdyka» diýýän bolsalar, gaplaňly gürrüňden soň-a ony üýşenmän synlamak köp kişä başartmandyr. Ejesi görgüli gelinlik gözläp gapy kakmakdan ýadap: «Ýa, Jepbar, saňa sygynýan» diýip oturyberipdir.

«Her iş bola, bähbit bola» diýilýäni-dä. Bir sapar bäş sany ýol talaýan pälazanlar, gündiziň günortany bir gyzy oglan jigisi bilen bile ganara gaplap göterýäler ökjäni. Ýylgynlyk jeňňelde duşaklanan düýäni görübem: «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýip owsara ýapyşýarlar. Agramyna at çydaman iner münýän Gara batyr, ýylgyn ýygyp ýören ýerinden ätmer-sätmer edip çykýar. «Emeliň seresi güýç» diýip, ýylgyn taýagy işledip bäş gamalyny bir ýüpe saraýar. Ganary açandan: «Eý, ynsapsyzlar. Süýr depesinden suw akydyp, başam barmagyndan suw içip ýatmaly gözel gyza nädip dözdüňiz?» diýip, talaňçylaryň symsygyny ýetirýär. Gyz bilen gytagrak gürleşen ýigit pälazanlary düýä çykalgy oduna ýükläp, gyzy sandyk ýaly örülen uly ýylgyn sebede salyp, oglanjygy gujagynda göterip, iner bilen deň säpjäp gaýdyberýär. Ýolda duşan çopan: «Tüweleme, oljaň oňupdyr. Ýöne eýýämden gelniňi arkaňa hopba edip, depäňe çykarmaň bolmandyr» diýende: «Oljalar ýaly men garakçy däl. Ogrular-a kazyňky, gyz bilen oglanam hossarlarynyňky. Ýöne, beýle gyz maňlaýdan çyksa arka hopba edib-ä däl, ömrümboýy elimde götermäge kaýyl» diýip, gyz göwnüni görüpdir. Gözlegine çykan agalaryna duşup, at ardyna münüp, öýe baran gyz ejesine: «Abraýma çirk ýetse-de, namysym pamyk ýaly päkdir» diýip aglaýar.

Göz gytagy bilen synlap, arasynda söz bilen synap halasgäriň sada, ýumşak boý ýigitdigini aňlan gyzyň ejesi bir horjuny gözäp, sowgat-serpaý edende akja kamys mata gulpy döwük gara tüňçäni dolap ugradýar. Garanyň ejesi syrly sowgadyň manysyny tirip, sawçylyga gaýdyberýär. Igdeli, kişmiş-kişdeli gök çaýyň başynda sözleri alşyp, gürrüňe kelleleri gyzan geljekki gudalar ikindi bolanynam duýmandyrlar. Tam kepbede degirmen aýlap oturan gyzam: «Ömürboýy elinde göterip, süýr depämden suw akydyp başam barmagymdan suw içse, ynjytman saklasa... Galyberse-de: «Barly bolsun, barsyz bolsun — öýüm bolsun. Gyňyr bolsun, gyşyk bolsun — ärim bolsun». Onsoňam: «Erkekden eşek ürkmese bolýar» diýerdi garry enem diýip, içini gepledipdir...

...Garagumuň aňňat-aňňat alaňlarynyň arasynda bir gara, boz iner bilen owadanja ak maýa botasyny ara alyp, kanagatlylygyň, wepadarlylygyň nusgasy bolup, sazaklykda sonarlap, gumlulary guwandyryp, gezip ýör...

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 16.01.2025


113

15

3

4

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 28.01.2025 / 10:55

+0

Ýetirip dur gowy eken


Täzeje
Gozeljik  (28.01.2025 / 11:20) 

Sebap, minnetdar?


Betinden
Sebap  (28.01.2025 / 11:24) 

Gozeljik,

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 28.01.2025 / 16:05

+0

gowy!!!

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 28.01.2025 / 23:39

+0

Gowy eken ýetirp duruň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика