Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gymmat zatlary halaýan elýetmez gyzyñ ýekejesi bolmak ýaly ?❤️‍?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Eýranda taryhy jaýlaryň aşagynda ýerasty şäher tapyldy
Premium
 BAYOGUL [1s]
 29.01.2025 / 08:32
 Yurekdesh.ru

Eýranyň merkezi bölegindäki Ýezd welaýatynyň gadymy Abarkuh şäherinde ýerleşýän bäş sany taryhy jaýyň aşagyndan geň galdyryjy «ýerasty şäher» tapyldy diýip, Tehran Times neşiri habar berýär.

Abarkuh Ýezd şäheriniň günorta-günbatarynda, takmynan 140 kilometr uzaklykda ýerleşýän gadymy şäherdir. Şiraz, Ýezd we Isfahan şäherleriniň emele getirýän «altyn üçburçlugynyň» bir böleginde ýerleşýän bu şäher taryhy we medeni taýdan örän möhümdir. Strategiki ýerleşişi sebäpli, Abarkuh gadym wagtlardan bäri möhüm ilatly nokatlaryň biri bolupdyr.
Tapyndy barada Abarkuhyň häkimi Hosseýn Hatami habar berdi. Onuň pikirine görä, «ýerasty şäher» gündelik durmuşy ýeňilleşdirmek, halkyň howpsuzlygyny üpjün etmek, suwy akdyryp ulanmak we ýeňil gatnaw üçin döredilipdir.
Hatami, Abarkuhdaky beýleki taryhy jaýlaryň aşagynda hem kiçiräk daş oýulan otaglaryň bardygyny we olaryň şol döwürlerde möhüm maksatlar üçin ulanylandygyny aýtdy. Bu tapyndylar bilen bagly gözlegler we ylmy barlaglar dowam etdirilip, netijede bu ýerasty ýaşaýyş zolagy ýüze çykaryldy.
Bu «ýerasty şäherde» diýseň ussatlyk bilen gurnalan, daşdan oýulan suw ýollary (akweduklar), ýagny jarlar tapyldy. Bu jarlaryň şäheriň suw üpjünçiliginde möhüm rol oýnandygy çaklanylýar. Häkim Hatami bu suw ýollarynyň gurluşygynda ulanylan daşlaryň, sebitiň Gajarlar döwrüne degişli jaýlarynda ulanylan daşlara meňzeşdigini belläp geçdi. Gajarlar şol döwürde, häzirki Azerbaýjanyň we Eýranyň bir bölegini öz içine alýan sebitde ýaşap geçen türkmen tiresi bolupdyr.
Hatami, ozal bu jarlarda akan suwuň tomus paslynda «ýerasty şäheriň» temperaturasyny belli bir derejede saklandygyny, adamlaryň zerur wagty bu ýere sygynandyklaryny aýtdy. Şeýle-de bu ýerasty toplumyň uruş döwründe ýa-da basybalyjylar gelende ilata gizlenmek üçin şert döredendigi hem bellenilip geçilýär.
Tapylan ýerasty gurluşlar, gadymy adamlaryň gurluşyk tejribeleri, olaryň suwy dolandyryşy we gündelik durmuşlary barada gymmatly maglumatlary berýär. Häzirki wagtda hem gözleg işleri dowam edýär we Abarkuhdan başga-da ýerasty desgalaryň tapylmagyna garaşylýar.


146

24

2

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Ahal [off]
  Her täze köneler,her diri öler,emma...
 29.01.2025 / 09:02

+0

Tüweleme!

 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 29.01.2025 / 13:30

+0

Ýetirip dur agam

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag...


Şobir söygüli meseleleri, Oglan naziňi cekip yadadym diyyan bolsa yadannyram gyzyň hasyetini biz bilemizoga, belki gyz samsyk nazlidir, ya aşa na...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Violetta (Şugün, 15:29)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
Violetta (Şugün, 15:22)

Sorag...


Name sevpden sovisipdir olar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Victoria (Şugün, 15:03)

Sorag...


Ýöne men pikirimje kimde ýalňyş bar bolsa şo bagyşla soramalydyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Ayjahan (Şugün, 14:53)

Sorag...


Tejribäm ýok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Ayjahan (Şugün, 14:52)

Sorag...


Mn ucuna oğlan bagsla diymeli (nm bolsoda) Kimin yalnyslyk edeninede bagly yone...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Olyam_mm (Şugün, 14:50)

Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar


1. Çybyn diýjek bolduñ öýtýän, olaram aslynda olaryn gönümel ölumine sebap bolmayar, kesel yokasdyryp yokuşan adamyñam idegsizligi sebäpli yagdaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar
Ahmal (Şugün, 12:54)

Bürgüt ahmyry / hekaýa


Berekella Şatdyş dade, goyuber şuñ yaly mowzuklañdan...dowamy...
Hekaýalar | Bürgüt ahmyry / hekaýa
BAY-HAN (Şugün, 12:02)

Kä mahal


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kä mahal
BAYOGUL (Şugün, 11:57)

Sorag#


16 partaň içinde 11nji partasynda, ýagny ortanjy setiriň 6njy partasy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag#
Crazy-boy (Şugün, 10:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика