Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Dosslan seni satyan bolsa, sen olary satma mugt berip goywer.) #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Geçen geçdi
 Betinden
 Sebap [off]
 29.01.2025 / 20:34
 Lekum dinukum we liýe din

Geçeni ýatlap, geçmişiň hyýalynda gezmek, geçmişi yzyna dola-jak bolmak, öten günüň hesretine gyýlyp ýörmek akmaklyk we däli-likdir, erk-islegiňe tagna salyp, oňa kast etmekdir, häzirki durmuşyň ýoguna ýanmakdyr. Akyldarlar geçmişiň hasap depderini düýrleýärler hem-de ol hakda söhbet etjek bolmaýarlar. Ony ebedilik unutganlyk zyndanyna, açary ýitirilen gulpuň aňyrsyna oklaýarlar. Perwaýsyzlyk türmesinde goluny, aýagyny berk gandallap goýýarlar we ol ýerden çykarmak hakda asla pikirem etmeýärler. Ol hiç hili yş we ýagtylyk görmän, şol ýerde galyberýär. Sebäbi ol gutaran, geçen zat. Gaýgy--gam ony yzyna gaýtaryp bilmez. Pikir-alada ony dikeldip bilmez. Ünji-oý ony sagaldyp bilmez. Hasratam ony gaýtadan direldip bil-mez, sebäbi ol indi ýokluk, bolmajak, dolanmajak zat.
Geçmişiň garabasmasyna berilme we ötegçi kölegelerde saklan-ma. Özüňi geçmişiň salgymyna kowalamakdan halas et. Derýalary gözbaşyna, Güni dogýan ýerine, çagany enesiniň göwresine, süýdi göwüslere, gözýaşlary göze tarap yzyna öwürmek isleýärmiň?! Gaý-dyp dolanmajak zatlaryň hyýalynda gezmek, bolup geçen zatlary gaý-ta-gaýta pikiriňde göterip, ahmyr çekip, öteniň oduna örtenip ýörmek – gynançly, gorkuly, eýmendiriji, haýykdyryjy ýagdaýdyr.
Düýnki günüň depderlerini okasaň, bu günüňi elden giderersiň, yhlasyňy dyr-pytrak edersiň, häzirki sagatda bitirmeli zatlaryňa hötde gelip bilmersiň. Allatagala öten kowumlary we olaryň eden işlerini ýat-lap «Olar eýýäm geçip giden kowum» diýip aýtdy. Iş soňlandy, wagt gutardy. Zamanaň göwresini uzaltmak üçin amalyýet geçirilmeýär, amal edibem, döwri dolap bolanok. Müň tilsim ulanybam, taryhyň çarhyny yzyna dolamak mümkin däl. Ol gitdi.
Könäniň küýüne berlip, geçeni yzyna dolamak isleýän adam öň üwelen uny gaýtadan degirmene guýýan adam ýalydyr. Agaç üpül-lerini gaýtadan ýonmak isleýän neçjar mysalydyr. Geçmişine gözýaş dökýän adam hakda gadymdan bäri aýdylýan bir söz bar: «Merhum-lary göründen yzyna çykarjak bolma» diýilýär. Haýwanlaryň di-line düşgür adamlaryň biri: «Sen näme üçin beýleki haýwanlar ýaly gäwüşäňok?» diýip, eşekden sorapdyr. Eşek: «Men ýalan, esassyz hereketleri halamaýaryn» diýip, jogap beripdir. Biziň özümizi dürsemegimize bökdençlik döredýän, ejizlige salýan esasy kynçylyk şu günümizi unudyp, geçmişiň pikirlerine aşa köp berilmegimizdir. Owadan köşklerimize biperwaý bakýarys-da, döwük köprülerde nazarymyzy egleýäris, ýöne yns-u-jynlar birigip,bir hörpden gopsa-da, olar geçmişi yzyna dolap bilmezler. Bu bolma-jak zat.
Öňe gidilýän ýolda adamlar yzyna garajak bolmasyn, ýeňsesine tiňke dikip durmasyn. Ýel elmydama öňe tarap öwüsýändir. Suw öňe tarap akýandyr. Kerwen öňe tarap ýöreýändir. Sen durmuşyň bu däbine ters hereket etmegin!

Awtory: Rahmet Gylyjow


67

7

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)

Owadan yazuw basleșik


Tuweleme. Goldayan. Gowy tutum tapypsyn. Birinji yerin sayt hasabyna 20 m ikinji yere 1000 ball, ucunji yere 500 ball....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика