Içeri gir
Agza bol
Forum
4601/17074
Agzalar
741 /
+3
Dükan
Albom
52 / 352
Top Agzalar
(
) -deş sözler
Çykmak
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Sevene can feda!Sevmeyene elveda!(Dream)
Forum
|
UMUMY BÖLÜM
|
Şygyryýet dünýäsi
ENE HAKYNDA ROWAÝAT.
Özümiziňki
Fantom
[off]
29.01.2025 / 20:48
Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
Öz eziz topragyn duşmandan gorap,
Giripdir söweşe agyr bir leşger...
Şonda yza öwrüp atyň jylawun,
Taşlan jeň meýdanyn bir ejiz esger.
Soňun saýman girmelikä söweşe,
Ol jeňden çykypdyr soňuny saýman.
Entek näbellikä ýenşiň ykbaly,
Atyň sagrysyna gamçysyn saýgan.
Aýsyz gijän gara şalyn penalap,
Gözläp ýyldyzlardan ýazykly başyn,
Oýlapdyr: «Kim bilýär, ok deger birden...
Onsoňam, mensizem ýeňer-le goşun...»
Hawa, goşun ýeňilmedi onsuzam,
Hawa, üstün çykdy bu ganly jeňde.
ýöne, ol undupdy başga bir zady:
Öňde ýowuz jeza, adalat öňde.
Möhür edip basypdyrlar ýüzüne,
Gargyşyn, näletiň birehim közün.
Indem gorkup gazabyndan iliniň
Baryp... bir metjide atypdyr özün.
Ilçilikde şeýle bir däp bar eken...
«Gan dökmek gadagan mukaddes ýerde».
Binamys, gör nirden gözläpdir pena,
Şol mukaddes däbi tutunyp perde!
Ýeke perzendine nälet okapdyr,
Saçyndan ak giren ýalňyz enesi:
«Söweşmedik bolsa il ömri üçin,
Goý, bolmasyn öz ömrüniň eýesi?..»
Adamlaň ýüregi doly ýigrençden,
Adamlaň bogazy gazapdan doly.
«Gan dökmek gadagan mukaddes ýerde».
Diýmek, gözlemeli başga bir ýoly.
...Märeke jem bolýar, gelýär karara:
Metjitde akmasyn oň haram gany.
Jany çykman özi çykmazy ýaly
Petikläp çykmaly bar çykalgany.
Şeýdip, gapy diýmän, penjire diýmän,
Kerpiç örüp, beklemeli bar ýeri...»
Märeke ýaýdanýar, märeke dymýar:
Ilkinji kerpiji kim goýsun, ýeri?
Birden... öňe çykýar biçäre ene,
Ejiz eginlerne ak saçyn ýaýyp.
Gazap bilen syrýar gözüniň ýaşyn,
Ilkinji kerpiji...
Öz borjy saýyp!
...Owaz çykýar bir ýerinden gümmeziň:
«Geçsene günämi, geçsene, eje!..»
ýöne ýalňyz enäň ynjan ýüregi
Dönüpdi bireýýäm doňan kerpije.
Ene ýürek kerpiç ýaly gatapdy,
Ene ýürek kerpiç ýaly sowapdy.
Bu doňan ýürege ýene jan bermek
Il-gün üçin barypýatan sogapdy...
Çal saç, ýalňyz enäň ynjan ýüregi
Bireýýäm dönüpdi doňan kerpije...
Şol gümmezden şindem ýaň gelip durmyş:
«Geçsene günämi, geçsene, eje!..»
Şiraly Nurmyradow.
80
8
1
3
0
0
0
Teswirler:
Betinden
Sebap
[off]
Lekum dinukum we liýe din
29.01.2025 / 20:56
+1
gowy bolupdyr ýetirip dur
Teswir ýazmak üçin
Içeri gir
iň ýa-da
Agza bol
uň →!
Soňky teswirler
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Çeçme?
...
dowamy...
Erkin mowzuklar
|
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)
Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak
...
dowamy...
Saýt barada
|
Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Okadym, 👍
...
dowamy...
Erkin mowzuklar
|
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
wuuw okayjakdym uzyn eken
son bosh wagtym okaryn
...
dowamy...
Erkin mowzuklar
|
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?
...
dowamy...
Erkin mowzuklar
|
Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?
...
dowamy...
Şygyryýet dünýäsi
|
Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)
Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar
...
dowamy...
Şygyryýet dünýäsi
|
Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)
Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))
...
dowamy...
Erkin mowzuklar
|
Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)
Ilki bilen Salam
Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?
...
dowamy...
Erkin mowzuklar
|
Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)
Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya
...
dowamy...
Saýt barada
|
Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024
By
Ezbereller Community
Ýokaryk