Gytyndan Sebap [off] 31.01.2025 / 16:22 Lekum dinukum we liýe din
Azat irden mekdebe gelenden, kalbyny heýjana salan waka ýüze çykdy. Hasam owadanlanan ýaly bolan Bahar ýanyna gelip, haýyş bilen ýüz tutdy.
—Azat, öý işine kömek etsene. Matematikadan ahyrky deňlemäni çözüp bilmedim. Bu garaşylmadyk ýagdaýa ýigidiň ýüregi gobsunyp gitdi. Ol tolgunjyna bir agzam gürläp bilmedi. Diňe gyzyň elindäki kagyzy alyp, oňa gyssanmaç meseläniň çözgüdini ýazdy. Bahar minnetdarlyk bilen näzli ýylgyrdy.
—Sagbol, Azat! Azat mekdepde göreldeli hem edepli okuwçylaryň biridi. Hemişe özüni salyhatly alyp barýan ýigit, diňe okuw bilen mübtelady. Geçilýän sapaklara jany-teni bilen ýapyşyp, ýokary bahalary almaklyga çalyşýardy. Ýigidiň tebigatynda nähilidir bir içki gözellik duýulýardy. Oňa nazar salanlaryň kalbynda ýakymly duýgy peýda bolýardy. Ýöne ýigidiň hemişe ýüzi aşakdy. Töweregi bilen kän mazasy ýokdy. Oňa nähilidir bir yzaly duýgy azap berýän ýalydy. Azadyň kalbyndaky bu galagopluk köplere mälimdi. Ol synpdaş gyzy Baharyň yşkyndady. Bahar örän görk-görmekli, hereketleri saldamly, agras häsiýetli gyz, Aý dek jemallydy. Ol kän şagalaň-şowhuna goşulyp ýörmän, ornunda ümsüm oturýardy. Ondan näme üçindir, ýigitleriň sussy basylýardy. Göräýmäge biri-birine mynasyp, bu juwanlaryň arasyndaky gatnaşyk aýdyň bolaýjak ýalydy. Emma nähilidir bir nämälimlik höküm sürýärdi. Ýigit ilkinji ädimi ätmeklige aýgyt edip bilenokdy. Muňa gyzyň özüni alyp barşyndaky geň ýagdaý sebäp bolýan bolmagy-da mümkindi. Baharyň gylygy üýtgäp durdy. Onda wagtal-wagtal sowuklyk peýda bolýardy. Şonda ol ýigit üçin elýetmez şaha bolup görünýärdi.
Ynha, bu gün welin, umyt uçguny köräpdi. Bahar ýaz güli kimin açylypdy. Gyz garşy-garşy ýigidiň ýüzüne mylaýym nazaryny aýlaýardy. Ruhy ýeňlän ýaly bolan Azat tanalmaz derejede özgerdi. Onuň edenem ugruna boldy durdy. Sapaklarda örän gowy jogap berdi. Ahyrky bedenterbiýe sagadynda bolsa, hut algyr laçyna döndi. Woleýbol oýny boýunça iki ýanaşyk synpyň oglanlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Dogum bilen uçganaklaýan Azat esasy oýunçylaryň biridi. Uzyn boýly, çalasyn ýigidiň hereketlerine göz ilenokdy. Gyzlaryň arasynda gözellik patyşasy ýaly, saýlanyp duran Bahar oňa ogrynça nazar aýlaýardy.
Azat okuwdan ganatlanan ýaly bolup gaýtdy. Ol bu günki ýaly, hiç wagt özüni bagtyýar duýmandy. Baharyň näzik garaýşy ýigidiň göz öňünden aýrylanokdy. Azat belli-külli karara geldi. Gyza söýgüsini aýan etmekligi ýüregine düwdi. Özem hat üsti bilen aýan etmeli. Haty bolsa, Aýnurdan ibermeli. Azat birden töweregine ýaltaklanynyduýman galdy. Gözleri bilen Aýnury agtardy. Aýnur hol, yzdan assa basyp gelýän ekeni. Ýigit oňa tä deňine ýetinçä, garaşyp durmaly boldy.
—Aýnur, näme üçin yza galýaň?Gyz kine bilen ýüzüni turşutdy.—Yzyňy eýgerip bolýamy näme.Aýnur goňşy gyzdy. Azatçagalykdan onuň bilen bile oýnap ulalypdy. Olar biri-birine halys öwrenişip gidipdiler. Okuwa-da bileje gatnaýardylar. Ekiztaýy ýaly, hemişe tirkeşip ýörensoňlar, olary indi hiç kim geňläbem duranokdy. —Saňa bir ýumşum bar welin, bitirermiň?Aýnuryň gözleri bilesigelijilik bilen ýiteldi. —O nämäň ýumşy?
—Bahara hat ýazsam, eltip berermiň?
Gyz birbada sesini çykarmady. Soň göwünsiz dillendi.—Men-ä şol köpbilmişi halamok.—Halamasaňam gaýrat et, Aýnur.
—Elt diýseň, eltip bereýin, ýöne bilip goý, şo gyz, gowy gyz däl. Ýigit ynjalmak bilen uludan demini aldy.
—Sen gowşursaň bolýa. Azadyň şol gün öýde karary ýetmedi. Zowzuldap ýörşüne, näme işleýänini bilmedi. Bahara habar gatmak, onuň üçin uly wakady. Ýigit tolgunma bilen söýgi hatyny ýazdy. Ony telim göçürip, ahyrsoňy göwnüne jaýlap goýdy. Ertesi bolsa, wawwasy bar ýaly edip, Aýnura gowşurdy.
—Öz eline bergin! Azat şol gün mekdepde iňňäň üstünde oturan ýaly boldy. Ýüregi gürsüldäp, ornuna sygmaýan ýigit Baharyň oturýan tarapyna seredibem bilenokdy. Birbada imi-salalyk boldy. Üçünji sapakda, duýdansyz ýyldyrym çakan ýaly boldy. Öwezmyrat mugallym ýaňy sapaga girişipdi welin, Bahar sen-men ýok, ornundan turup, bärligine gaýtdy. Gele-gelmäne-de, elindäki hatly bukjany Azadyň öňünde patladyp goýdy.
—Kime hat berýäniňi tanap bergin! —diýip, Bahar öz ornuna geçip oturdy.
Bu garaşylmadyk ýagdaý hemmeleri oňaýsyz ýagdaýda goýdy. Hatda Öwezmyrat mugallymyň hem ýüzi üýtgäp gitdi. Ýöne mugallym syr bildirmän, sapagy dowam etdirdi-de, bu dartgynly ýagdaýdan baş alyp çykaýdy.
Ýüzüne urlan ýaly bolan Azat utanjyndan ýere girip bilenokdy. Ýerinden butnamagyň hem alajyny tapanokdy. Gözlerini bir nokada dikip, doňan ýaly bolup oturan ýigide hemmeler haýpygelijilik bilen seredýärdiler. Azat mekdepden nähili çykyp gaýdanyny bilmedi.
Azat öýlerine gelibem ynjalyk tapmady. Kalbynda kyýamat gopana dönen ýigit başyny nirä urjagyny bilenokdy. Ýowuz bir duýgy kanagadyny aldym-berdime salýardy. Birdenem ol üzümli pellerine girip, ýer depmäge başlady. Ýigdekçe derini saçyp, özüne zor salýardy. Azat şeýtmek bilen kalbyndaky dartgynlygy egismäge çalyşýardy.
Mekdepden gaýdyp gelen oglunda bir näjaýlygyň barlygyny Aýsoltan bada-bat aňypdy. Ýöne oglunyň agzyndan söz alyp bilmejegine gözi ýetik ene Aýnurlara ylgady. Aýnur hiç zady ýaşyryp durmady, hemmesini Aý dogan ýaly etdi.
—Men şo köpbilmişiň adyny tutma diýdim. Şol gowy gyz däl diýdim. Ýöne onda-da, Azat şo diýip, ölüp-öçüp barýa.
Aýsoltan goňşularyndan sesini çykarman gaýtdy. Ene oglunyň düşen halyna uçurnyk bolýardy.Ýöne oňa nähili medet berjegini bilenokdy. Diňe, kämahal bir başyny galdyrman, işläp ýören perzendiniň kesesinden synlap gaýtmakdan başga elinden gelýän zat ýokdy.
Azat üçin ejirli günler başlandy. Onuň üçin indi hiç zadyň mazasy ýokdy. Ol ýowuz şarpyk dadypdy. Durmuşda hemme zat buýsançly ýigidiň göwnünde besleýşi ýaly bolanok ekeni. Azadyň ýalňyz gaçybatalgasy mellekde işlemek boldy. Ony häzirki suslukdan diňe zähmet halas edýärdi. Üzümli pelleriň köp bölegi sanlyja günüň içinde depilip gutaryldy. Giden meýdan çepbesine çöwrülip ýatyrdy. Azat iňrik garalyp, işini tamamlansoň hem mellekde eglenýärdi. Üzümli pelleriň gyrasyndaky çile çykyp oturýardy. Şeýle pursatlarda onuň göwrümi birneme giňän ýaly bolýardy. Azadyň näme üçindir, heniz gyş ukusyndan oýanmadyk baglara syny düşüpdi. Ol gijäniň garaňkysynda, diňe şaha bolup oturan derekdirsöwütlere uzak wagtlap nazaryny dikip oturýardy. Çygly ýellere zaryn şuwlaşýan bu agaçlar nähilidir bir geň duýgyny oýarýardy. Azat indi mesaňa-mälim çuslanypdy. Ol alabaharyň jybarly howasyndan kükregini dolduryp dem alýardy. Yzgarly toprakdan göterilýänmelul ediji ysdan mährini gandyryp bilenokdy. Ýigidiň ahmyrly kalby başga söýginiň yşgyna düşüpdi. Ol topraga aşyk bolupdy. Täsin bir dünýä ony öz goýnuna dolap alypdy. Gujur-gaýrat bilen gaýnap-joşýan Azat indi düwlen ýumruga dönen kysmydy. Onuň tutumly işleriň başyny tutasy gelýärdi. Ýetginjekligiň gögele dünýäsinden arany açyp, durmuşda özbaşdak gadam urasy gelýärdi.
Mekdebi tamamlansoň, Azat haýsy käriň başyny tutjagyny bilmän, ikirjiňlenip oturmady. Ol agronomçylygyň ýokary mekdebine maňlaýyny diredi.Ýigit örküni toprak bilen baglady. Onuňky ugruna-da boldy. Obadan gelen ýetginjegiň yhlasy bada-bat duýuldy. Ol ilkinji synanyşykda ýokary mekdebe kabul edildi.
Talyplygyň her güni toý-baýram ýaly boldy. Ýokary mekdepde ýigit köp zatlary öwrenýärdi. Toprak bilen baglanyşykly ylma baş goşanlygyna tüýs ýürekden begenýärdi. Bu ylym set-müň täsinliklerden doly, giden bir dünýä ekeni.
Şatlyk gelse, goşa geler ekeni. Talyplyga ýaňy aýak basan Azadyň durmuşynda ýadyna-oýuna düşmejek waka bolup geçdi. Oslanmadykýerden oňa Bahar jaň etdi. Gyzyň mylaýym sesini eşiden ýigidiň tolgunmadan ýaňa, tas ýüregi ýarylara gelipdi.
—Azat, talyplygyň bilen gutlaýan! Okuwda üstünlik gazan! Azat esli wagt jogap berip bilmedi. Ýuwdunyp-ýuwdunyp, ahyrsoňy kynlyk bilen dillendi.
—Sagbol, Bahar! Özüňem gutlaýan!
Baharyň Ykdysadyýet institutyna girenliginden Azat habarlydy. Ýöne bir şäherde bolsalaram oňa habar gatmaklyga het edip bilmändi.
—Azat, görneňok-la? Teatra-da çagyraňok. Ýa synpdaşyňy eýýäm ýatdan çykardyňmy?
Gyzdan beýle ýyly sözlere garaşmadyk Azat yzyndan ýagy kowup gelýän ýaly, gyssanmaç gürledi. —Teatra gideris, Bahar, hut, ertiriň özünde gideris!
Ýigit şondan soň, näme işläp, näme goýýanyny bilmedi. Onuň Bahara bolan hyjuwy täzeden janlandy. Indi Azat diňe, Bahar hakda oýlanýardy. Kalbyna yza berip gelen ýakymsyz oý-pikirleriň hemmesi sumat bolupdy.
Ýigidiň ilkinji gezek gyz bilen seýle çykyşydy. Onda-da kim bilen diýsene! Bahary görmäge göz gerekdi! Ol eýýäm geýnişinem üýtgeden ekeni. Saçyny gözellik öýünde rejeledipdir. Gyz diýseň uzsuraýardy. Ol diňe öz zynaty bilen çäklenmän, Azadyň üst-başyna-da esewan edýärdi. Uçganaklap duran uzyn boýly, hoşsurat ýigidiň kaddy-kamatyndan gyz hoşal bolan bolara çemeli, mylaýym ýylgyryp oňaýdy.
Azat Baharyň ýanynda özüni täsin düýşde ýaly duýýardy. Göýä gözellik dünýäsini gulaçlap ýüzýän ýalydy. Azat golaýjagyndaky aşa görmegeý gyzyň mähir-muhabbetinden bimar bolupdy. Damarynda gyzgyn gany dyňzap duran juwan ýigit üçin, şeýle gözellige guwanmakdan başga bagt ýok ýalydy.
Azat indi Bahar bilen her duşuşyga minudyny sanap garaşýardy. Ol üst-başyna sagatlarça wagtlaptimar berýärdi. Ýigit özünden edilýän talaby bilýärdi. Ol aşa sypaýy geýinmeli, aşa görmekli bolmalydy. Juwanlar teatra giderdiler, ýa gözel seýilgähleriň birinde gezelenç ederdiler. Duşuşyklar gitdigiçe uzaýardy. Azadyň şeýle şirin pursatlarda içgin gürrüň edesi gelýärdi. Onuň kalby näzik duýgulardan pürepürdi. Aslynda aşyk-magşuklaryň duşuşygy pynhan söhbetlerden ybarat bolmaly dälmi, eýsem? Ýöne näme üçindir, ýigidiň bu maksady başa baranokdy. Gyz bilen içgin derdinişip bilenokdy. Sebäbi Bahar hemişe Azady asla, gyzyklandyrmaýan zatlar dogrusynda gürrüň edýärdi. Ol gürrüňler diňe, gyzyň özüne degişli gürrüňlerdi. Haýsydyr bir ýyldaş gyzynyň täze köýnek geýenligi, ýöne şol gyzyň geýen köýneginiň reňkiniň juda ýitiligi baradady. Azat barha, gyzyň ýanynda özüni oňaýsyz duýýardy. Ol Baharyň yzyny kesmän, berýän gürrüňlerini kanagat edip diňlemeli bolýardy. Özüniň bolsa, kelam agyz dil ýarmaga mümkinçiligi bolanokdy.
Wagtyň geçmegi bilen Baharyň gylygy üýtgäp başlady. Ol indi Azada nägilelik bilen nazar salýardy. Gyz özüniň janygyp-janygyp berýän gürrüňleriniň ýeterlikçe üns bilen diňlenmeýänliginden nadyldy. Bahar kine bilen sesini çykarman oturmaklygy çykardy. Soňky duşuşyklarynda bolsa, garaşylmadyk sözleri orta atdy.
—Azat, meni utandyrýaň. Her gezek şolbir eşigiňde gelýäň.
Azat şol günki duşuşykdan keýpsiz gaýtdy. Kalby ýakymsyz duýgulardan pürepür bolansoň, ulagam peýläp durmady. Ýoňsuz aralygy paý-pyýada geçdi. Ýigit indi böwrüne diň salýardy. Bahar onuň göwnünde besläp ýören Baharyna asla meňzänokdy. Ol düýbünden başga hili bolup çykdy. Ýigit ham-hyýalda bolup, öz göwnüne osup ýören bolsa nätjek.
Azadyň gyz bilen indiki duşuşyga gitmäge höwesi ýokdy. Onuň sagatlarça wagt aýnaň öňünde durup, özüne timar beresi gelenokdy. Gedemlik bilen dumly-duşa görk-görmegini güjeňläsi gelenokdy. Ol gyz bilen seýle çykmaklygyň beýle hupbatlydygyny asla oýuna-da getirmändi. Azat bir bahana bilen indiki duşuşykdan boýun gaçyrdy. Şol bada-da gyzdan belli-külli jogap eşitdi. —Soňam geljek bolup durma. Seň üçin gözüm-gaşym çekip duranok.
Ykbaly kesgitleýän bu towly sözleriň ýüzugra suňşurylyp goýberilmegi Azady ör-gökden getirdi. Ýüregiň teýinde beslenip ýören şirin arzuwlar bir zarbada berbat boldy. Ýigit kalbyny sarsdyran bu garaşylmadyk wakadan soň, wagty bilen özüni dürsäp bilmedi. Ol indi näme üçindir, birsyhly Aýnur hakda oýlanýardy. Aýnuryň sada keşbi göz öňünden aýrylanokdy. Aýnury Bahar bilen deňäniňde, düýbünden başga häsiýetlidi. Ol ümsüm tebigatlydy. Gyz hemişe Azada duýgudaşlyk bilen garardy. Onuň aýdanlaryny üns bilen diňlärdi. Näme üçindir, hiç wagt olaryň pikiri çapraz gelmezdi. Hemişe biri-biri bilen ýürekden derdinişerdiler. Olaryň öz oturýanja ýerlerem bardy. Çagalykdaky ýaly, soň-soňlaram garry tuduň saýasyndaky oturgyçda ýanaşyk oturyp, asmandaky göçedýän ak bulutlara tomaşa ederdiler.
Azat hiç wagt Aýnura ähmiýet bermän gelipdi. Gyzyň birsydyrgyn, mylaýym yhlasyny jogapsyz galdyrypdy. Azat bu biparhlygyň sebäbine düşünip bilenokdy. Megerem, ol ýetginjekligiň şirin göwün ýüwürtmelerine gümra bolup ýörendir? Megerem, süýji hyýallaryň göz gamaşdyryjy öwşünlerine öz erkini aldyrandyr?
Azadyň birden Aýnury göresi geldi. Özi üçin, şeýle eziz ynsana täzeden nazar salasy geldi. Azat ertesi irden gyssanmaç ýola düşdi. Ilki ugraýan ulaga münüp, oba salymyny bermän bardy. Aýsoltan ogluny görüp, ynjalykdan düşdi.
—Oglum, näme zerurlyk boldy? Näme üçin okuwyňy taşlap gaýtdyň?
—Dynç güni bolansoň, gaýdyberdim, eje. Seň bişiren palawyňy iýesim geldi. Dessine atarsana, doýdugym, ýola düşjek.
—Palawyň işi haýyr,oglum. Ýöne okuwyňa bigeleňlik etmegin.
—Arkaýyn bol, eje.
Azat şeý diýip, gyssanmaç daş çykdy. Alada galan Aýsoltan oglunyň nirä ýönelenligini biljek bolup, penjireden garady. Onuň Aýnurlara tarap haýdap barýanyny görüp ynjaldy. Çalaja ýylgyran enäniň ýüzi birgeňsi ýagtylyp gitdi.
Azat Aýnurlara baranda, Keýik daýza daşarda ekeni. Ol sypaýy geýnüwli Azady şatlyk bilen garşy aldy. Hemişeki bolşy ýaly, kiçigöwünlik bilen ikelläp görüşdi.
—Tüweleme, eýýäm talyba meňzäpsiň. Aýnur jan şähere öwrenişip bilýämikä diýip, şu günem seni ýatlap otyrdy. Häzir ony çagyraýyn.
Keýik daýza şeý diýip, mal ýataga tarap gitdi. Birsalymdan ýatagyň agzynda eli çarşakly Aýnur göründi. Gyzyň ýüzünde uçursyz şatlyk möwç urýardy. Ol elindäki çarşagy taşlap, bärligine tarap haýdaşlap gaýtdy. Gele-gelmäne-de ejesi ýaly, ikelläp görüşdi.
—Halyň niçik, talyp?
Juwanlaryň ikisem özleri duýmazdan, hemişeki oturýanja ýerlerine tarap ýöneldiler. Garry tuduň astyndaky oturgyçda ýanaşyk oturdylar. Aýnur birsyhly ýylgyryp, Azadyň ýüzüne garanjaklaýardy. Ol häzir üst-başynyň o diýen ýaraşykly däldiginden ejap edip duranokdy.
—Sen eýýäm üýtgäpsiň.
Azat sesini çykarman, ýylgyrmak bilen oňdy. Häzir onuň kelam agyz dil ýarasy gelenokdy. Ýigit ýakymly pursaty başdan geçirýärdi. Onuň kalbyny ýene şol tanyş imi-salalyk gurşap aldy. Özüne eziz bolan bu imi-salalygy Azat ýüregi bilen syzýardy. Mawy asmandaky lemmer-lemmer ak bulutlar ýene öňküleri ýaly, kerwen gurap göç edýärdi. Güýzüň tämiz howasynda bulutlaryň ýalkymy has-da ýitelen ýalydy. Ýigit birden kalbyndakyny aýdyp goýberdi.
—Seni göresim geldi, Aýnur!
Gyz geňirgenmek bilen gözlerini tegeledi. Bu oslagsyz aýdylan sözler Aýnuryň kalbyny gozgalaňa salanlygy görnüp durdy. Aýnur tolgunjyna ýüzüni bir aňryk sowup, birdenem bärsine öwrülip, ýigide tarap nazaryny aýlady. Azat ýene şol sözlerini gaýtalady.
—Aýnur, hakykatdanam, seni göresim geldi.
Gyz indi sesini çykarman, dogrusyna garap otyrdy. Birden onuň gözleriniň owasy nemlendi-de, hünji ýaly ýaş ýaňaklaryndan syrygyp gaýtdy. Bu ýagdaýy golaýjakdan synlap oturan Azadyň ýüregi gobsunyp gitdi. Ol janyndan syzdyryp gürledi.
—Aýnur, seni söýýän ekenim, muňa diňe indi düşünip galdym. Maňa ömürlik ýar bol! Ykbalymda bagt ýyldyzym bolup, nur saç! Gyz ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Diňe gözýaşyny syldy-da, uzaklara nazaryny aýlady. Soňam Aý dek, öwşün atýan jemalyny nurlandyryp, bärsine bakdy. Intizar garaýan sada göreçlerde çäksiz söýgi hem-de wepadarlyk bardy.
Seň özüň onda näme üçin şahsyda edilmeli gürrüňleriňi pikirlerde edýäň? Merdan Geldiýewmi, nämemi, şoň bilen gürrüňleriňi? Bolmajyn bolýaňyz-a ik...dowamy...