Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Kimin nira gideni gyzykly dal mana esasy zat kimin men in bn galmagy#Maxrim_MV

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Barybir, sen meni söýmän bilmersiň..
 Öwreniji
 ViolinisT [off]
 04.02.2025 / 00:37

Barybir, sen meni söýmän bilmersiň,
Ýaz ýaly ýazylar kinedir-öýkäň.
Köşeşer gyz göwnüň,
Düşüşer göwnüň,
Hem maňa ýene-de düşüner göwnüň,
Bilmersiň,
sen meni bilmersiň söýmän!

Sen nämäniň aryn alýarsyň menden,
Zerurlygy näme meni örtemäň!?
Ýa ýalbaryp başym egeýinmi men,
Bagrym ezeýinmi?
Taýýar eger sen
Söýýän bolsaň peselende mertebäm!

Meň söýgimden başga etmişim näme!?
Ýaramady saňa yşgyň nämesi?!
Boýnum burup bakaýynmy?
Taýyn men
Ýa delmuryp gama bataýynmy men,
Gussa bolsa yşgyň subutnamasy!

Diýseň, ynjyk bolýar söýende gyzlar,
Gyzlar gyrpa bolýar, uçranda yşga.
Haýyş edýän, dymma!
Näme diýseň diý
Maňa şirin-şeker sözlerden başga!

Sygmasa kalbyňa kinedir-öýkäň,
Gygyryp bilersiň söýemok diýip.
Ýöne sen bilmersiň,
söýmän bilmersiň,
Çünki bir bakyşda köýdürip-köýüp,
Bir bakyşda şahyr eden dilbersiň!

Nobatguly Rejebow


111

18

4

9

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 04.02.2025 / 00:40

+0

Gaty gowy. Şu şahyr arada băsleşikde hem ÿeniji bolupdy őÿtÿăn


Gytyndan
Pegas  (04.02.2025 / 00:45) 

@menin_dunyam, ölenine-de birnäçe ýyl boldy.


Gerekli
@menin_dunyam  (04.02.2025 / 00:47) 

Baron, mumkin. Belki ÿalñyşÿandyryn. Edil şol ÿazlan çeşmăni tapsam goÿaryn mowzuk edip.


Gytyndan
Pegas  (04.02.2025 / 00:55) 

@menin_dunyam, mümkin däl, anyk.

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 04.02.2025 / 00:41

+0

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 04.02.2025 / 04:22

+1

gowy ýazypdyr, başgada goşgularyny ýetirip dur

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 04.02.2025 / 19:14

+0

Ýetirip duruň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика