Ýürekdeş sözler!
Aydymcy_Jemile : Soygi bul ajap duygy
Geň-i-al goşgy.
Täzeje TheQuasar [off] 04.02.2025 / 09:41
Men şahyrdym.
Öte şahyr!
Şygyrlarma aşyk etdim niçäni.
Ynsanlaryň ýüreklerni eýeläp,
Setirlerim küýsetmedi neşäni.
Olar okadylar.
Ýazdym
Ýazylmaly zatlaryň baryn,
barha
golaýlaşyp barlygmyň soňna,
soňra
aşyklarym meni ýazdylar arkan!
Öz öýümde — toprakda aýak ýalaň,
Ygdym ýördüm ýazmagy küýsäp.
Maňa ykmanda diýp bakýalar, ha:na
—Söýgiň soňumy şu, heý, sen, biynsap?!
Men bir garyp bende, dilegçi-dä men,
Ýazmak üçin ýürek dileýän ygyp.
Kagyza ýazmagy başarsam menem,
Köýüp gitmese bu "dilewarlygym"
Men şahyrdym.
Öte şahyr!
Şygyrlarmy ýüreklerde çap etdim.
Dünýäň gidişinden sowulyp biraz,
Diňläň ýüregňizi, çünki
Herhalda sizleri ynsan çak etdim...
TheQuasar.
Teswirler:
Özümiziňki Gulmahrem [off] 04.02.2025 / 10:06+1Üýtgeşik goşgy bolupdyr.
Täzeje Oraz37 [off] 123 04.02.2025 / 14:59+1Tüweleme
Täzeje Enbi [off] 04.02.2025 / 17:23+1Genial
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk