Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Öyle bir gidiyorsun ki, Ömrümden ömür gidiyor...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Täze ýaşyň gutly bolsun, şahyr gyz!
 Gytyndan
 Pegas [off]
 05.02.2025 / 09:14
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Bu gün şahyr gyzymyz OGULNUR ATAÝEWANYŇ doglan güni. Biz hem Ogulnury täze ýaşy bilen gutlap, oňa uzak ömür, saglykly durmuş, maşgala abadançylygyny, döredijilikde ak ýol, okuwynda, işinde belent sepgitleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris hemem şahyr gyzymyň goşgularyndan käbirlerini ýetirýäris.

141

33

16

6

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:15

+0

DOGAN KÜÝSEGI

 
Kül içine çökmese bor maňlaýym,
Goý, duzlasyn töweregmiň dilleri.
Eje, senem birje gysym gowurga
Guý elime, bişse-bişsin ellerim.
 
Bir buşlasaň agalarmyň barlygyn,
Soň pälimden meni Hudaý saklasyn!
Kaýyl döwler bilen garpyşmana-da,
Goý, ýeňňelem meni düýä ýüklesin.
 
...Daşy keşdelenen kejebe bilen
Uýalarym sessiz aglady gitdi.
Öýmüz boşap galdy, seniň ýüregiň
Şolaň yzy bilen bölünip gitdi.
 
Akpamyga gözüm gitdi mydama,
Agam bolsa gara başyň atmaga...
Men bolmasam, kim ýapyşar nanyňy?!
Aýagym çekenok goýup gitmäge...


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:15

+1

ÇÖL GYZYNYŇ AÝDYMY

Küýsedim çyg düşen çägäň ysyny,
Howumam basyldy, ýadyrgap başda.
Mäleýär dagyňam owlak-geçisi,
Ýöne sürüleriň çopany başga.

Döşümi bezeýän örüm saçlarym
Gyňaç-seçek arasyna garyldy.
Çäge saýdym daşlaryny daglaryň,
Dabanymam pakga-pakga ýaryldy.

Syryňy gizlejek sazak-selin ýok,
Bulutlar ýagmasa sowulmaýarlar.
A daglara bir ýaň berseň ýeterlik,
Olar bir-birine şugullaýarlar.

Garylsa-da ýag bilen suw, bir-birine goşulmaýar,
Gumly gyzyň aýdymyna dagly ýigit düşünmeýär.


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:16

+1

GOŞGYNY NÄDIP ÝAZÝAŇ?

(Köpçülikde berlen sowal)



Sözlemäýin gaýrylarny,
Ýokuş gördüm aýrylanmy...
Şol hakdaky duýgularmy,
Syrymy paş edip ýazýan.

Uzak gepiň mahlasyny,
Duzlap kalbyň ýahnasyny,
Geçen günleň ählisini
Görülen düýş edip ýazýan.

Geregi ýok diýmegimiň,
Sebäbi ýok söýmegimiň,
Gül keşdeli köýnegimiň
Etegni ýaş edip ýazýan.

Setirde özüm däl, meniň
Duýgulam ýaşaýar, biliň!
Hyýalda özümi şonuň
Öýünde ýaşadyp ýazýan.

Gadyrym başgadyr söze,
Ýetdiren paýdyr bu bize,
Özümi şeýle bir yza
Meýletin noş edip ýazýan.


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:17

+0

Şulmuka? Ýa bu dälmikä?
Jogapsyz goýup sowalym,
Yşkym köredigisaýy,
Men bu dünýeden sowa:ryn.

Bu günler düýne öwrülip,
Ötüp otyr küt-küt ýyllar.
Ejesiniň arzylanna
Hyrydar bolup ýör kimler?!

Meň göwnümde hiç kimem ýok,
Ýazgydymda kim bar ýöne?!
Men dünýäden gidermendim,
Bu dünýede sen bar ýöne...


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:17

+1

GARAŞDYM


Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy.
…Iller ýaly, diýmeseň-de «Garaşgyn»,
…Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse, ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama.
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym.
…Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär.
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik — daşgulakdan soraşdym.
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr!
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men kiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara.
Derdim çekişeňok, asyl özüň — dert,
Sen hossar däl saňa syrym açara
Men bu gije ejem bilen aglaşdym.
…Garaşdym.


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:18

+1

Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirn jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň, gör, sen,
Syr kändir, ýüregmi dörseň.
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jaň edýän, bolmasa aýyn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
Duýguçyl-da, men guraýyn,
Duýarsyň, duýarsyň öýtdüm.

Ýüzüň sowýaň, sowal bersem,
Sähediňem belli, görsem…
“Sen ejeme gelin borsuň”
— diýersiň, diýersiň öýtdüm.

“Söýýän, söýýän” diýseň, menem
Söýensiň, söýensiň öýtdüm…


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:18

+1

“Ýollarymyz aýra ýaly göwnüme”
— diýip maňa näçe gezek aýdypdyň.
Göwnüňe gelenni alnyma çyrşap,
Men bar zady saňa goýup gaýdypdym.

Soň-soňlaram müň bahana tapyldy,
Ýöne oba hiç aýagym çekmedi.
Seni unutdyryp bilmedi şäher
Hem özümden eden tamam çykmady.

Sen meni bir bagtyçüwene deňäp,
Ynanýarkaň razydygma ykbaldan,
Göwnüňdäkiň bu gezeg-ä alnymda
Çöwreligin bilmekligiň hökmanmy?!

Dostlaryň sataşyp, ýatladyp durdy
Agy gatyp, näletlenen ykbaly.
Gözlerimiň gussasyny gizledim,
Olar saňa baryp aýdaýjak ýaly.

Syra dönsün hemem saňa ýetmesin
Aýralygyň salan “ahu-waý”-lary.
Tapan bagtym bolup görünsin saňa
Bu şäheriň beýik-beýik jaýlary.


©Ogulnur ATAÝEWA

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:22

+1

EJEME HAÝYŞ


Sypala başymy, süpür ýaşymy,
Haýyş, sebäbini sorama, enem.
Meni ähli güýjüň bilen gujakla,
Meniň bu bolşumy ýatlama soňam.
 
Bir sözüňe paýrap gider gözýaşym,
Sojap-sojap, demim ýetmez demime.
Kösäp, soňam çykyp gitmese janym,
Eziz enem, eliň ýetmez emime.
 
Ynan-da sözlermi gülkä sapanma,
Sen bilme täleýi çöwre geýenmi.
Men neneň aýdaýyn, nädip aýdaýyn
Men ony mensizem bagtly görenmi?!
 
Bilme sen binesip elimden taýyp,
Giden duýgularmyň batan tygyny.
Arassa duýgular ýüzüňi däl-de,
Gyzardyp taşlaýar gözüň agyny.
 
Sypala başymy, süpür ýaşymy,
Haýyş, sebäbini sorama, enem.
Meni ähli güýjüň bilen gujakla,
Meniň bu bolşumy ýatlama soňam.


©Ogulnur ATAÝEWA

 Täzeje
 Aymelek [off]
 05.02.2025 / 09:24

+2

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.02.2025 / 09:39

+1

SAŇA MEŇZEŞ ÝIGIDE

Golaýlaşsaň, alyp gaçýan özümi,
Görünmeseň, elek edýän dünýäni.
Gün bar wagty görünenok ýyldyzlar,
Ýa ýyldyzlar daňa golaý sönýärmi?!
 
Sataşaňda zora salýan özümi,
Bolanokdy aljyraman, owsunman.
Mende owal şuňa meňzeş duýgular
Öň bolupdy garaşylýan möwsümden.
 
…Ynha-da men – ýigrimi bäşiň dälisi,
Hatda boýun alardanam agyrdyň.
Sen öz eden arzuwlarňy sanaýaň,
Men sanaýan gözlerimiň ýygyrdyn.
 
Beýle-de bir meňzeşlik bor oguşýa,
Gabat gelýär hatda adyň adyna.
Niçik agyr, iliň bagtyna dörän
Meňzeş bolsa seň ýitiren zadyňa...


©Ogulnur ATAÝEWA

 Täzeje
 Oraz37 [off]
  123
 05.02.2025 / 09:49

+0

Uzak ýaş dileýän

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 05.02.2025 / 10:22

+0

Ogulnuryň manyly goşgulary bar. Hezil edip okadym. DOGLAN GÜNI gutly bolsun, şahyryň. Jany sag, görjekleri gowluk, döredijilik äleminde abraýy belent bolsun! ???

 Öwreniji
 ViolinisT [off]
 05.02.2025 / 11:08

+2

Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.
Aýaň, yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?

Ogulnur Atayewa

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 05.02.2025 / 15:49

+0

Ogulnuryñ goşgylary gowy hem manyly. Yzgiderlikde ÿazylan setirleri bar. Ÿaşyda uzyn bolsun. Galamyda ÿiti bolsun.

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 05.02.2025 / 18:39

+0

Haýsy agza ol bu ýerde?

 Täzeje
 Sayman [off]
 05.02.2025 / 20:09

+1

Galam ujy dowulmesin!!!uzak we manyly yash haysy etrapdandy Ogulnur?


Gytyndan
Pegas  (07.02.2025 / 19:32) 

Sayman, Garagumdan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика