Ýürekdeş sözler!
Alladin : Iň gowsy ýekelik,söýgüň sony name etsenem ikilik
Aýralygyñ güzeri
Gytyndan yurekdes [off] 07.02.2025 / 02:23 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
Aýralygyň güzeri
Oglan gözlerimi söýen günleriň,
Bugdaý kimin seçelenip galypdyr.
Mensiz otly köýnek geýen günleriň,
Meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr.
Bu uly ýalňyşym – ýürekde közüm,
Tapylmaz ýitgimdir bagrymy dilen.
Ah, ýöne göwündä,
Galyp bir özüm,
Gidýärin sergezdan gözlegim bilen.
Begres dony Gün tygyna ýyrtylan,
Baglarda galypdyr intizarlygym.
Ýaz paslymy bu meýdana örtülen,
Ýa-da seniň bahar ýaly ýaglygyň?
Maýsalaryň ygşyldysy – aýdymy,
Şirin sözleriňe düzülenmidir.
Ýaýla dolan gülkülerňi söýdümi,
Nämeden torgaýyň özelenmesi.
Sähranyň üstüne bürenip duran,
Arassa göwnüňmi, saçlary syýa.
Gyrmyzy güllermi yranyp duran,
Gül bolup gögeren şatlygyňmy ýa.
Duýýan, bular gümanydyr göwnümiň,
Uzakdadyr indi elim ýeterden.
Sebäbi men şol ýalňyşly öwrümde,
Perişdämi – hut özüňi ýitirdim.
Seni ýitirdim-de, özümi tapdym,
Galdym hakykata syrdaş, dost bolup.
İndi haçan pikir etsem sen hakda,
Ejizligim gelýär elem-tas bolup.
Bu günem aralap sensiz bossany,
Geldim şol ýodanyň bölünen ýerne.
İdip garran bedew kimin gussamy,
İndim solgun aýralygyň güzerne.
Dünýäm! Köňül aýdym ýazdy şu ýerde,
Boýun alyp, syzyp uly ahwaly.
Bu gamgyn güzere gelip–gidýänler
Bizden soň birneme azalar ýaly.
Mämmetnazar Babanazarow
Teswirler:
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 07.02.2025 / 15:37+0
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk