Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Hatda, jenaýatkärem bolsaňyz, bir zenany yzygider ideg bilen özüňize aşyk edip bilersiňiz.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar
 Täzeje
 State [off]
 07.02.2025 / 20:26

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar
Çagalyk köwüşlerimi zyňmana dözmän
Men bolsa ýat ýerlerde sergezdan
Tapjak bolup ýörn göwnüni özgäň

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar
Ýatlap şol gün gulluga diýip gaýdanym
A men bolsa unutdym onuň sesinem
Diňläp şamy dünýäň aýdym aýdyşyn

Indi ýüzüm ýokdyr yza gaýdara
Gaýdansoň ýollar çolaşýan eken
Nirde bolsa-da niçik bolsa-da
Ejem maňa garaşýan eken

Dynman geçdi ömrümiň ýagmyry ýeli
Ýene öňde näçe güneş daňlar bar
Emma maňa bir zat berýär teselli
Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar

17.10.2024ý


130

19

5

6

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 07.02.2025 / 20:59

+1

Ýetirip dur gowy eken

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 07.02.2025 / 21:01

+0

Awtory ÿokmy


Täzeje
State  (07.02.2025 / 21:14) 

@menin_dunyam, Döwlet Şöhradow.
Gullukda wagtym düzen goşgym.


Gerekli
@menin_dunyam  (07.02.2025 / 21:49) 

State, hm tuweleme. Mlds. Bir az kemçilikleri bar. Bogun sanda esasanam. Ustinlik

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 08.02.2025 / 01:15

+0

Çagalyk köwüşim zyňmana dözmän.
Lerim gerek däl şeýle alsaňam 1 köwüşde bütin çagalygňy geçirmedigiň målim şonda bogundan çykmada bolmaz.
A men bolsa ýat ýerlerde sergezdan. Diýip alsaň gowy
Tapjak bolup ýörün göwnüni özgäň.
Ýatlap şol gün gulluga diýp gaýdanym. Bu ýerde 1 harp düşürmeli
Men bolsa unutdym onuň sesinem. A gerek däl bu ýerde

Gaýdansoň ýollaram çolaşýan eken.

Nirede bolsa-da niçik bolsa-da

Mydam Ejem maňa garaşýan eken

Dynman geçdi ömrüň ýagmyry ýeli

Şeýleräk alynsa okap gelýärkäň büdretmejek ýaly erkin goşgy bolsa eken bogun sanlaryna hiç zat diýmeseň bolaram welin ýöne Erkin goşgudada bogun sanlaryna seredilýär eger seretmeseň içki ritm bozulýar barybir okaňda büdredip bilýär aýtjak bolýan zadyň gowy ýöne okyja berjek wagtyň has gowy seljerip üstünde işläp jogapkärçilikli ýanaşmakda peýda bar bu meniň şahsy pikrimdir beýle diýmek bilen ýazyp bilmänsiň diýýän däldirin yada men senden gowy ýazýanam diýemok ýöne Goşgym diýip orta goýanyňdan soňra islendik adamyň döredijilik adamy we başga biri bolsun öz pikrini ýazmaga hukugy bardyr aýtýan zatlaryma dogry düşünersiň diýip Umyt etýän. Üstünlik ýetirip duruň galamyňyz ýiti bolsun!


Täzeje
State  (08.02.2025 / 06:34) 

Hyyalbent, Düşündim, köp sagbolyň, üstünde gaýtadan işläp kämilleşdirmäge çalyşaryn.

 Täzeje
 Dunyodagi [off]
  Işiňiz bolmasyn
 08.02.2025 / 10:14

+0

Näme üçin yzyňa gaýtmaga ýüzüň ýok

 Täzeje
 Jeren [off]
 08.02.2025 / 12:13

+1

manada asmanda garsya ejem


Täzeje
Boniya  (08.02.2025 / 12:53) 

Jeren, gynandym((

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика