Ýürekdeş sözler!
King-official : Yağmurum ol bu ğece #eren
Myradyna ýetmedik söýgi 2
Gytyndan Sebap [off] 07.02.2025 / 21:10 Lekum dinukum we liýe din
– Salam Rahymow. Sapaklaryňa ýetişigiňi mugallymalaryň ählisi öwýär, soňam şeýle dowam et.
Men dogrusy bu sözlere garaşmandym.
-Bolýar mugallym, hökman.
Kellämde aýtmaga hiç hili söz ýokdy. Maral mugallymam hoşlaşyp gitdi. Içimden “wah, maňa seniň ýekeje öwgüňem ýeterlik” diýip yzyndan garap galdym. Men ony hakykatdanam gowy görýärdim. Eger söýgümi aýdyp bilsem, ejem dagyny ugratmaga-da razydym. Ýöne il gün näme diýer, öz mugallymyna aşyk bolupdyr diýseler, onuň abraýyna şek ýetjek bolsa, maňa-da özünden 8-9 ýaş uly gyzy alýarmyş diýseler, bir giden diýseler we ýene-ýeneler meni gaty alada goýýardy. Dördünji kursyň gyşynda Maral mugallym bizi hem okadyp başlady. Men birinji partada oturdym. Her gezek sapak aýdyp, onuň bilen sorag-jogap alyşýardym. Bir gezegem aýdyp duran temamy boldum edip, mugallymyň ýüzüne seredip, doňup galypdyryn. Mugallym maňa ýylgyryp durdy-da sypaýçylyk bilen:
“Bolan bolsaň ýeriňe geçäy Nazar” diýdi.
Bu söýgi hiçem aýdyljak däldi. Bu söýgi hemişe päkligine galjak söygülerdendi. Okuwyň soňky ýylynda men azda kände söýgümi duýdurmaga çalyşdym barybir bolmady. Men talypdym, ol hem mugallym. Meniň üçin hem-de Maral mugallym üçin aýylganç wakalaryň biri bolupdy. Maral mugallymyň kakasy ýogalypdy. Bu ýagdaý, meniň elimde bolan soňkuja pursadymy hem ýok edipdi. Okuwyň soňky ýyly hem okuwy gutarýanlygyma gynanyp, hem söýgümiň içimde galjagyna ahmyr çekip, gözüp nemlenip durdy. Ýasly wagty maňa Maral mugallymy görmek gaty agyr degdi. Gyz halyna başynda gara ýaglyk. Sen gyzyl kürtä ýetmelilerdendiň ahyryn. Okuwy üstünlikli tamamlap harby gulluga gitdim. 19 ýaşymda meni öýerjek maşgalam, meni entegem öýerip bilmändi. Harby gullugymam tamamlap, sag-aman öýe geldim. Işe girdim. Işe täze başlanlygym üçin meni bir saý mesele bilen, şol öz okap giden ýokary okuw mekdebime ugratdylar. Barsam Maraly, Maral mugallymy görerin diýen pikir heniz kellämde ýokdy. Okuwyň golaýyndaky duralgada ulagymy goýdum. Okuwyň howlusyna girdim. Hiç bir zat üýtgemändir ähli zat şo durşy. Derwezäniň agzyndaky gözegçi daýy meni görenden tanady:
-O-how Nazarjan senmi? Gullugyňam sowduňmy sag-aman? Gowumy ýagdaýlaň?
-Salawmaleýkim Aşyr aga. Işläp ýörsünizmi? Howa, men Nazar, iş boýunça iberildik.
-Tüweleme bolubilýär. Şeýdip gelip duruň.
– Bolýar Aşyr aga, men işlerimi bitireýin, gaýdyşyn ýene gelerin.
Zerur işimi bitirip aýagym öňküje okap giden okuw binamyza tarap ýöredi. Ol ýerde kursdaş oglanlarymyzyň biri mugallym bolup, işe galypdy. Şonuň ýanyna barýardym. Ine-de, birden ýazgydyň oýuny, ykbal maňa ýene Maral mugallymy görkezdi. Entegem durmuşa çykmandyr. Entegem şol öňki Maral mugallym. Wagt entegem ony gorapdyr.
-Salam Maral mugallym. Gowumy ýagdaýlaryňyz?
“-Salam. Nazar Rahymow bu senmi? Tüweleme bu ýerleri, mugallymalary ýatdan çykarmansyň” diýip degişdi.
Içimden “wah asla ýatdan çykmasa näme” diýdim.
-Ýokla mugallym, harby gullugy sowup, täzelikde işe girdim. Iş boýunça şu ýere ugradyldym.
-Hä tüweleme bolupdyr. Çöreklisi bolsun işiňem.
Biz Maral mugallym bilen öňden bäri birek-birege aýdylman galan sözümiz bar ýaly, seredişip durdyk. Men ýürek duýgymy aýtmaga şundan amatly pursat tapmajagymy bildim. Ýöne şol wagtam arkamyzdan bize tarap gelýän kursdaşym Eziz, “Nazarhan” diýip gülüp goýberdi. Muňa menem Maral mugallymam güldi. Eziz bilen salamlaşyp men Maral bilen hoşlaşdym. Ýöne men hoşlaşygyň soňky duşuşyk boljagyny bilmedim.
– Bor-da Nazar sagbol. Sag-aman işle. Arasynda bizem ýatlap, gelip dur. Ýoluň ak bolsun.
-Bolýar sagboluň mugallym. Hiç haçanam unutman.
Men ýene onyň yzyndan garap galdym. Ezizden Maral mugallym hakynda soradym Eziz Maralyň sähediniň bellenendigini, basym üç aýdan toýudygyny aýtdy. Gözümden bir damja ýaş akdy. Bu ýerdäki işimi bitirip gitdim. Okuwyň howlusyndan çykyp gaýdyp barýan. Talyplyk döwrümiň ilkinji ýylynda maňa Maral mugallymyň keşbiniň görünen aýnasyna seretdim. Ol ýerde hiç zat görünmeýärdi. Aşyr aganyň ýanyna ýetdim, onuň bilen sagbollaşdym. Iň soňky gezek, bir wagtlar maňa bagt beren, meni guş edip uçuran okuwymyň derwezesinden daşyna tarap ilkinji ädimimi urdum. Soňam okuw binamyzda Maral mugallymyň oturýan otagynyň aýnasyna seredip içimden şu goşgy setirleri gaýtalap ýola düşdüm: “Eger sen bagtly bolsaň, hem-ä meniň bagtym, hemem öz bagtyň”.
Awtory: Selbi Goşaýewa
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
)😁Degisme
Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow
Serçe ýebanutymy ýa?!...
dowamy...)😁Degisme
Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...
dowamy...
Ýokaryk