Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Betow : Durmuşda dine ulunjak zadyny ulanmaly.........Betow

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ejeme
 Betinden
 Sebap [off]
 07.02.2025 / 21:18
 Lekum dinukum we liýe din

Tebigata gyşyň demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Mähribanym, ýene senden jaň geldi:
“Balam, sowuk. Ýyljak geýin, üşeme!”

Ýok, eje jan, tenim sowuk duýanok,
Egnimde palto bar, elimde ellik,
Aýagymda ýüň jorabym, ädigim.
Häzir-ä üst-başym gülala-güllük.

Ýöne, eje, kalbym üşeýär juda,
Gagşaýar, gatadyp barýar ýüregmi.
Hut häzir men muny diýmän bilemok,
Öt günämi agyrdaýsam ýüregňi.

Göni gursagymy nyşan edinýär
Töwerekde otly sözleň tikeni.
Indi magat göz ýetirdim:
Ogluňa,
käbäm, diňe sen düşünjek ekeniň.

Gargalar başyma hekem boldy-da,
Gonup bilmän, gökde durnam jyklaýar.
Ýaşlykmy, ýatlykmy, garaz, bir zad-a
Kalbymy dyngysyz dyrnaçaklaýar.

Men ýene kän zady öwrendim bärde,
Duşman däl tumşugňa kakan her kişi,
Dost bolmaýar her ýüzüňe gülenden,
Eje, ogluň iň aýylganç etmişi:

Maňa ynananlaň köýdi tamasy,
Ynandym ynama deger-degmeze.
(Aslynda, hemmämiz şeýle, Pyçagy
görýäs direlende kekirdegmize.)



Tebigata gyşyň demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Arkaýyn bol, alada-da etme sen,
Eje, ogluň ýyly geýnen — üşemez.

* * *
Irden tanyş ýollar bilen barýaryn,
Köçeler eýýämden gohly, şowhunly.
Şadyýan çagalaň gyk-bak seslerin
eşidip, göwnüm ýene saňa owsundy.

Ýadymda, gumaksy ýollardan ýöräp,
Mekdebime giderdik biz bileje.
Şol gumaksy ýollar, çaňly köçeler
Aýna deý ýollardan mähremdi, eje.

Indi uzaklarda üşeýär käte,
Seniň berk gysymlan şol çaga elleň.
Seň maňa bagş eden mähriň ýerini
Tutup biljek mähir görmedim delden.

Dostlarmy küýsämde goşga ýüzlendim,
Aýdym aýtdym ýaksa söýgimiň derdi.
Ýöne seni juda göresim gelse,
Ne goşgy, ne aýdym hemaýat berdi.

Ýyllar geçdigiçe anyk bilýärin,
Bu duýgy ömrüme ýakymyn seçer.
Bu günem ýüregim saňa owsundy,
Alysda meň üçin nan ýapýan ejem!

Awtory:Sapa Hommadow


70

6

0

4

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика