Ýürekdeş sözler!
Maksat : Ulumsylyk baylyk bolsa men garyp!
GEL, IKIMIZ ÄHTI-PEÝMAN EDELI…
Betinden Sebap [off] 12.02.2025 / 14:32 Lekum dinukum we liýe din
Gel, ikimiz ähti-peýman edeli:
Ne sen meni unut, ne-de men seni!
Şu peýmany ömürboýy tutaly –
Ne sen meni unut, ne-de men seni!
Baş alyp gideýin gurbet illere –
Sen meni düşürdiň dilden-dillere;
Durna kimin uçsam uzak köllere,
Ne sen meni unut, ne-de men seni!
Sen meniň mahbubym, melegim, mahym;
Seni söýen aşyk köp çeker ahyň.
Ehli-yrfan içre söhbetde çagym
Ne sen meni unut, ne-de men seni!
Geldi bu gün aýralygyň zamany,
Hak aşyklar onda sürer döwrany.
Äht edeli – getir Kelamyllany:
Ne sen meni unut, ne-de men seni!
Pirsoltan Abdaldan.
Alnan ýeri kitapçy.su
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk