Ýürekdeş sözler!
Sebap : Bizem söýdük ýöne ýol uzak diýip taşlamadyk
Senli hyýallarym
Betinden Sebap [off] 12.02.2025 / 23:19 Lekum dinukum we liýe din
Senli hyýallarym neneň ajaýyp,
Senli arzuwlarym neneň ýakymly.
Üşedip, digdiräp bu sowuk dünýäň
töründe galaýsam bolýar ýakyndy.
Maňa bagt beripsiň ilden üýtgeşik,
Hem tagt beripsiň yşgyň täji ile.
Sarpalapsyň, hormatlapsyň örän köp,
Bu derejä ýetip bolmaz paç ile.
Mähir bilen bagş edipsiň yşk kölün,
Teşneligiň nämeligin bildirmän.
Juda köp gezipsiň mäkäm gujaklap,
Bu ýollara ykbalymy dildirmän.
Örän ezizläpsiň kalbymy aýap,
Köp zada döz gelip göwnümi ýykman.
Sen meniň ýerimi göge diräpsiň,
Indem ýaşap ýörün ornumy tapman.
Zeminde bar zatlar nätanyş maňa,
Onuň tolkunlary juda akymly.
Hem gödek hem sowuk onuň ýollary,
Diňe senli hyýallary ýakymly.
Awtory: Ahmet Arazow
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk