Ýürekdeş sözler!
paradox : "Gözellik bir başga, söýgi bir başga." diýip öwretdiler. Ikisini bir gyzda görüp aklym çaşdy.
Ýagşy niýetler
Betinden Sebap [off] 13.02.2025 / 15:14 Lekum dinukum we liýe din
Watan hakda ýazan ýekeje goşgym,
Özge ülkelerde ýyladyp bilse,
Il ezizligini gursaga guýup,
Uçgun bolup kalbyňyzdan jaý alsa.
Çeşme hakda ýazan ýekeje goşgym,
Sähralara, giň çöllere çykanda,
Teşne lebleriňe damja deý damyp,
Kuwwat bolsa pellere çil çekende.
Dostluk hakda ýazan ýekeje goşgym,
Ýalňyz ýüregiňe teselli bolsa,
Agyr günler goltugyňdan göterip,
Ganat bolup çöken göwnüň awlasa.
Söýgi hakda ýazan ýekeje goşgym,
Öwretse bu dünýä gülüp bakmagy,
Mähir bilen gaýnaýanny durmuşyň,
Diňe söýgi bolup gelip gitmegi.
Awtory: Oguljennet Nazarowa
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk