Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yigrencden soygi doreyshi yaljak,soygem yigrenje donup biler gowjam)
Gizlenme
Betinden Sebap [off] 14.02.2025 / 14:22 Lekum dinukum we liýe din
Aýly gijäñ nury bilen ýuwulan,
Al ýañagyñ bessesini gizleme.
Yşkyñ şirin jadysyna ýumulan,
Lebleñ näzik pissesini gizleme.
Ömür öter, perman ýokdur galara,
Ýar yşkynda ýaryñ meñzi sarala,
Men öpmesem şemal salar talaña,
Zülpleñ tylla dessesini gizleme.
Çykmak kyndyr yşkyñ otly kötelne,
Dymmak kyndyr umyt köräp öçende,
Hijran çöken kirpikleriñ göter-de,
Gara gözleñ gussasyny gizleme.
Didäñde umydyñ, ýürekde ýarañ,
Ýar ýardan ynjanda tapmasa karar,
Dirilik demi deý kalbyñda erän,
Bagtly etjek kysmatyñy gizleme.
Awtory: Öwezdurdy Nepesow,
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [1s] 14.02.2025 / 18:23+1Gowy eken
BetindenSebap (14.02.2025 / 18:36) BAYOGUL, tamam
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk