Ýürekdeş sözler!
Sebap : *Ýüregi agyrýan sabr etsin, ýüregi agyrdan ýüreginiň ýanjak gününe garaşsyn*
«KÄBÄŇ EKEN»
Premium
BAYOGUL [on] 14.02.2025 / 21:37
Özüniň egsilmez mährin siňdirip,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.
Agsan ýerleriňde hemaýat berip,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.
Ýüregiň urgusyn gözüňden duýup,
Gaýgy-aladasyn özünde goýup,
Mylaýym ýüzlenip: «Jan balam» diýip,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.
Alyslarda gezseň ýanyňda ýaly,
Dilegleri eder işleriň şowly,
Gursagy mähirden, söýgüden doly,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.
Enedir dünýäde iň beýik ynsan,
Kändir bu ynsanyň mährine suwsan,
Kimde-kim bar bolsa günäsin ýuwsun,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.
Şatlyk JEPBAROW
Teswirler:
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 14.02.2025 / 23:33+1Ýetirip dur agam
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk