Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Owadan bolmagy öwrenip bolmaýşy ýaly, parasatly, paýhasly bolmagy hem öwrenip bolmaýar #Alı
Ilkinji web saýt
Premium
BAYOGUL [1s] 14.02.2025 / 22:39
Ilkinji web sahypany esaslandyryjy iňlis fizigi, alym we zehinli programmist Tim Berners-Li hasaplanýar. Tim Berners-Li 1989-njy ýylda Ýewropanyň Ýadro Barlag Merkezinde işleýän wagty, oýlap tapan Bütindünýä Kerebiniň (WWW) taslamasyny öz bölüminiň ýolbaşçylaryna hödürleýär.
1990-njy ýylda Berners-Li Belgiýaly kärdeşi Robert Kaýo bilen bilelikde ilkinji web sahypasyny (http://info.cern.ch), şeýle hem web brauzeri we sahypa redaktoryny döredýärler. Bir ýyldan soňra bolsa, has takygy, 1991-nji ýylyň 6-njy awgustynda web sahypa ulanylyşa girizilýär, 23-nji awgustynda bolsa, ol köpçülik üçin açylýar. Şonuň üçin 23-nji awgust Bütindünýä Kerebiniň esaslandyrylan güni hasaplanýar.
Ilkinji web sahypa gaty ýönekeýdi: çap edilen tekstden başga ne kompýuter grafikasy, ne-de multimediýa bardy. Sahypa diňe WWW taslamasy barada esasy maglumatlary öz içine alýardy. Sahypa ulanyjylara HTML-iň mümkinçiliklerini görkezdi we täze sahypalary açmaga mümkinçilik berdi. Soňra saýt özboluşly saýtlaryň katalogyna öwrüldi.
Şeýlelikde, Tim Berners-Li we kärdeşi Robert Kaýonyň tagallasy bilen dünýäde ilkinji web sahypasy döredildi. Maglumat tehnologiýasynyň taryhynda bu möhüm pursat, erkin maglumat alyş-çalşygyna we häzirki wagtda internetiň kömegi bilen emele gelen mümkinçiliklere giň ýol açdy.
Maýa BAÝRAMDURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler:
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 14.02.2025 / 23:35+0ýetirip dur agam
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk