Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Akil hastanesinde yer yoktu bizde buraya toplandik

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gaplaň reňkli towşan
Premium
 BAYOGUL [on]
 14.02.2025 / 22:42
 Yurekdesh.ru


Islendik adama tebigat diýende, ýaşyl reňkli ösümlikleri we haýwanlary özünde saklanýan daşky gurşaw göz öňüne gelýär. Emma tebigat barada bu aýdylanlar tebigaty doly düşündirmäge ýeterlik däldir. Aslynda tebigatyň özi bir dünýä!



Ýagny biz oňa täsinlikler dünýäsi diýsek hem ýalňyşmaýarys! Tebigatda birnäçe hadysalar bolup geçýär. Tebigat bilen has içgin gatnaşykda bolmak arkaly şol täsinlikler bilen tanyşmak mümkin. Adamlar ençeme ýyllardan bäri tebigat bilen iş salyşyp gelýär we netijede birnäçe täsinlikleriň döremegine öz goşandyny goşup başlady. Ol täsinlikleriň biri hem gaplaň reňkli towşandyr. Onuň latynça ady rex rabbit bolup, ol özboluşly we ajaýyp görnüşi bilen towşanlaryň arasynda aýratyn orny bar bolan bir jandar.



Bu towşan, diňe bir öz reňki bilen däl, eýsem aýratyn gözellikleri bilen-de ünsleri özüne çekýär. Tebigatda käbir towşanlaryň nagyşly reňkleri özlerini daşky gurşaw bilen utgaşdyrmak we duşmanlardan gizlenmek üçin peýdalydyr. Ýöne gaplaň reňkli towşanlar esasan öý towşanlary bolup, bu aýratynlyk seleksiýa maksatly ýüze çykýar.



Gaplaň reňkli towşanlar, adatça, öýde bakylýan görnüş bolsa-da, olaryň üýtgeşik reňk aýratynlyklary tebigatda-da goranyş usullary bilen baglanyşykly bolup biler. Onuň esasy aýratynlygy bedenindäki reňkleriň ajaýyp utgaşmasy gaplaňyň reňkleriniň utgaşmasyndan kem däldigidir. Bu ajaýyp utgaşma gaplaň bedeninde bar bolan nagyşlaryň towşanyň hem bedeninde döremegine getirýär. Bu reňk genetiki aýratynlyk bolup, käbir towşan görnüşlerinde ýüze çykýar. Bu reňk esasan seleksiýa arkaly ösdürilip ýetişdirilen towşan tohumlarynda duş gelýär.Gaplaň şekilli nagyşlary we reňkleri döredýän melanin atly pigmentleriň düzümindäki genlere täsir edýärler.



Şeýlelik bilen melaniniň iki görnüşi emele gelýär. Olar eumelanin gara ýa-da goňur reňkler we feomelanin sary ýa-da gyzyl reňkler. Bu pigmentleriň möçberi we ýerleşişi edil gaplaňyň bedenindäki nagyşlaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Gaplaň reňkli towşanlar ilkinji gezek seleksioner alymlar tarapyndan Ýewropada döredilipdir. Bu genetiki aýratynlyk ýabany towşanlarynda seýrek ýagdaýlarda ýüze çykyp, soňra köpelipdir. Ol esasan Demirgazyk Amerikanyň fermalarynda, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletlerinde ýönekeý gyzyklanma seleksiýasy hökmünde, Hytaý ýaly ýurtlarda hem giňden ýaýrandyr. Agramy 2 kg-dan 6 kg-a çenli bolup, tohumyna görä üýtgeýär. Uzynlygy 40–60 sm aralygynda bolýar. Bu towşan ylymyň we tehnologiýanyň ösendiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Taýýarlan:Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


94

15

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 14.02.2025 / 23:36

+0

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 20:59

+0

Enesi dek gezen däldir)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика