Ýürekdeş sözler!
Sebap : Bir gün maňa düşünersiň, ýöne şol gün men bolmaryn
Käbäm sen
Betinden Sebap [off] 14.02.2025 / 23:40 Lekum dinukum we liýe din
Gapysyndan gelin bolup gelsem-de,
Gyzy deýin gujak geren käbäm sen.
Mähribanym, mährem ejem mysaly,
Giñ kalbyndan orun beren käbäm sen.
Teşneligmi mähriñ bilen gandyryp,
Diri günüñ hemdem bolduñ kalbyma,
Ýoklugyñda seni küýsäp zarlasam,
Düýşe girip diýýãñ: "Gelin aglama".
Düýşlerimde giñlik berip dünýäme,
Diri ýaly gelip dursuñ ýanyma.
Indi meñem bir maksadym mähriban,
Gelniñ bolup meñzäp bilsem gaýnyma.
Señ söýşüñ deý söýüp bilsem balamy,
Señki ýaly bişip dursa çöregim.
Eziz ogluñ, ýassykdaşym, ýarymy,
Ähli zatdan eziz görse ýüregim.
Seniñ ruhuñ rahat ýatar bakyda,
Dowamatyñ dowam etsin salamat.
Meniñ bolsa seni görýän düýşlerim,
Eneleriñ bakylygna alamat.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 14.02.2025 / 23:48+0Daşda
BetindenSebap (14.02.2025 / 23:55) BAYOGUL, Aha
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk