Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Bagysxla meni adam yaly soyenim ucin? #Aixcam_nx

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Özümiňki däl ekem
 Gerekli
 Sebap [off]
 14.02.2025 / 23:42
 Lekum dinukum we liýe din

Özümiñki saýan dañym,
Atdy, özümki däl eken.
Ýaşlygym — bagtly günlerim,
Ötdi, özümki däl eken.
Mähriban goñşulam, obam
Ýat saýmadyk säher-sabam,
Bagrym ýakyp atam, käbäm
Gitdi, özümki däl eken.

Aga boýap saçlarymy,
Hasaplap dur ýaşlarymy,
Zalym pelek gaşlaryny,
Çytdy, özümki däl eken.

Dost saýanym diýip gülüm,
Syrym açdy ýylym-ýylym
Gije ýyldyz, Gündiz günüm,
Batdy, özümki däl eken.

Çagam boldy ömre mantyk,
Uzaklaşdy gelip agtyk,
Ýaz gelende täze pyntyk,
Bitdi, özümki däl eken.

Ýyllar öter üzlem-üzlem,
Aýakýalañ oýnan düzlem.
Ýolda goýan aýak yzlam,
Ýitdi, özümki däl eken.

Adamzat bäş günlük myhman,
Ne nyşan galar, ne-de jan.
Asyl munda bizem bir san,
Özüm özümki däl eken.

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA


46

11

1

7

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 14.02.2025 / 23:48

+1

Yetirip dur


Gerekli
Sebap  (14.02.2025 / 23:56) 

BAYOGUL, nesip bolsa


Täzeje
Alek  (15.02.2025 / 08:40) 

BAYOGUL, Galamyň ýiti bolsun,Köp,köp sagbol .

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sozler


Po moyemu "sabirla beklemekte" bolmalydy. Ýalňyşy düzedseň gowy bordy)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sozler
Машарипова (Düýn, 17:05)

Sorag


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Sorag
@menin_dunyam (Düýn, 14:10)

Gündeligimdäki ýazgylardan...


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gündeligimdäki ýazgylardan...
Sebap (Düýn, 07:48)

ENE!!!


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ENE!!!
guzellik (11.03.2025 / 22:21)

Gündeligimdäki ýazgylardan...


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gündeligimdäki ýazgylardan...
BAYOGUL (11.03.2025 / 21:27)

Rubagylar.


Ýetirip dur gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Rubagylar.
Sebap (11.03.2025 / 20:12)

ENE!!!


Häý berekella, ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ENE!!!
Fantom (11.03.2025 / 18:54)

ENE!!!


Tăsirli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ENE!!!
@menin_dunyam (11.03.2025 / 18:19)

Sozler


Arapça bileñokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sozler
@menin_dunyam (11.03.2025 / 18:17)

Sozler


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sozler
Dunyodagi (11.03.2025 / 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика