Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Söz ýalňyşy bolar, ýalany bolmaz... #Ali
Ömrümde
Betinden Sebap [off] 14.02.2025 / 23:46 Lekum dinukum we liýe din
Ömrümde öz ukybymyñ,
Güýjüni haklajak bolýan.
Ynamymy, umydymy,
Üýşürip haklajak bolýan.
Berilip arzuw-hyýala,
Ýetip bilmedik wysala.
Birwagt menden göwni galan,
Düýnümi haklajak bolýan.
Şatlandym, heñlerim şirwan,
Gamlandym, ýüregim girýan.
Ähli ýitgilermi birýan,
Süýşürip haklajak bolýan.
Düşünseñ düşnükli ykbal,
Niýetiñ alnyñdan çykýar.
Kimdigmi edere ykrar,
Işimi haklajak bolýan.
Eýerip ata pendine,
Ýagşymy öwrüp endige.
Birmahal käbäm emdiren,
Süýdüni haklajak bolýan.
Kerwen IGDIROW
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [1s] 14.02.2025 / 23:47+1Gowy ekeni
BetindenSebap (14.02.2025 / 23:49) BAYOGUL, sagbol
TäzejeAlek (15.02.2025 / 08:34) BAYOGUL, ❤❤❤❤❤
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk