Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Eger birini söýýän bolsaňyz, diýmek siz ony gowy tanaýan dälsiňiz!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

...bagyşlanýar
 Gytyndan
 Pegas [off]
 15.02.2025 / 14:04
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Bu gün şahyr ýigidimiz Eziz Amannazarowyň aramyzdan bimahal gidenine laýyk 2 ýyl boldy. Bu gün 24 ýaşynyň içinde dünýesini täzelän Eziziň öz goşgularyny däl-de, eýsem-de bolsa, Eziziň özüne bagyşlanan goşgulary ýetirmegi makul bildik.

112

21

14

6

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:06

+2

“Gözledim, çözledim, tapmadym many,
Kim üçin, nämüçin gurnalan pany?
Deňledim dört ýanym, erkim alaňsoň,
Dyk gowuz ýeriňe amanat jany!”

Çäräm ýok, özüme göwünlik berdim,
Her işde bir haýryň barlygna ýordum.
Panyň bakysynda ýylgyryp duran
Gurbannazar bilen Ezizi gördüm.

26.02.2023ý. Türkmengala.

©Hojamuhammet JUMAÝEW

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:10

+2

ŞYGYRDAN HYRKALY ÝIGIT
 
...Zeminde öňki-öňkülik,
Gün dogup-ýaşyp dur, Eziz.
Gepem tapdyrýar gülkülik,
Kän wagt geçmese-de heniz,
Pursat saýyn düşünsek-de
Ýoklugyňa ýalançyda,
Bu halata üýşensek-de,
Şeýle ussat ýalançyda
Ýalanyndan gerşler ýagyr,
Hem-de dilim-dilim bagyr,
Alaçsyzlygyň görgüsi,
Belki-de pelek algysy,
Tölenmeli töleg borly,
Bolanynda ynsan arly.
Çekip ýörmän a:rman arman,
Haklaşdyňmy ýokuş görmän?!
 
                * * *
...Zemini düşek edinip,
Ýapynja edip Asmany,
Aralykda aýlan-da ýör,
Bilýärsiň Arşa basmany.
Ýyldyzdan ýyldyza böküp,
Ýörşüň bilmesek-de görüp,
Goşgy ýazýanyň duýarys,
Arş-agladan ýere bakyp.
Ugradyber bize sary
(Biz seniň şygyrlaň zary),
Geçiriň kagyza diýip,
Şygyrdan hyrkaly ýigit...
              
20.02.2023ý. Sakarçäge.


©Allanazar REJEBOW

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:11

+2

SOŇKY SÖZLER

Arkam ýapyp bilmese-de ýorganym,
Çasly gadam urdum şygryň gaşyna.
Kyn bolsa-da, gysga ömri garganyň
Çalyşmadym ýarym asyr ýaşyna.

Gidenim bu dünýäň azaryna däl –
Kem-kemden kesiler aýak sesleri.
Arasynda göz-gulaksyz adamlaň
Gynanýaryn ýaşanyma keç ýeri.

Ýüregimem indi dowla düşmez,
Hasratly pikirler terk eder serim.
Bagyşlaň,
Ömrümden tapyp bilmedim
Galara ýekeje sebäp bar ýerin.

20.02.2023ý. Aşgabat.


©Döwlet ORAZSÄHEDOW

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:12

+1

GOWUŞDYŇ

Her bir ynsan biwagt ölýär,
Düşüp ajal penjesine.
Ölüm ölme nusga bolýar,
Ýetdiň Arşyň perdesine.
Aýat – bizden öň ötenleň
Hemmesine, hemmesine.

26.02.2023ý. Baýramaly.


©Gurbanmuhammet AŞYROW

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:14

+1

Sen Ezizdiň,
ejiz däldiň ahyry,
Hem jennetden öňürti
Watanyňa ýetjekdiň.
Nä dymyp ýatyrsyň şahyr halyňa,
Ah, ümsümlik ýatanyňa degjekmi?
Ne bir arzuwlaňdan neçüýn el çekdiň?

Ýaşamaga galmadymy bahana?
Watan saýyp ýassanypsyň behişdi,
Şoň üçinem sygmadyňmy jahana?
Sen sadadyň,
Sen ýadadyň,
Bezikdiň,
Sen Ezizdiň
Hem şonça-da ezildiň.
Paýymy şahyrlaň ezilmek, ýanmak?

Ýandyňam,
Ýazdyňam,
Ýaşdyňam, ýöne,
Doldurmak islediň durmuşyň kemin.
Belki, şoň üçinem goşgyň deregne
Sen tutuş ömrüňi jemlän ekeniň.

27.02.2023ý. Türkmenabat.


©Serdar AÇYLOW

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:14

+1

Ýokdy seniň zyýat dilewarlygyň,
Setirleriň bardy diňe ok ýaly.
Ýöne indi ýokkaň bilýän barlygyň,
Bar wagtlaryň ýaşasaňam ýok ýaly.

Ajy habaryňa bozuldy asman,
Entek boş “jaýyňy” ýuwdy ýagyşlar.
Käte ümleriňe gulagym asman,
Bigeleňlik eden bolsam, bagyşla...

Suratyňa göwni bozuk seredýän,
Haýp, suratda dil ýok,
Bilenok sözläp.
“Gumperdäniň” aňyrsynda,
Bir pynhan
künjeginde nobatdaky “agyňy”
Ýatyrsyň gizläp...

Men işlisiredim, başagaý boldum,
Duýmadym ýüregiň tupanyn, gaýyn.
Ýeri, şol gezekler günuzyn boşap,
Seň derdiň bir ülşün alan bolsadym,
Belki, gitmezdiňem...
Ah, men guraýyn!..

Ýaş nahaldyň, miweleriň datlydy,
Dünýäňi çalşardan irräkdi heniz.
Barkaň barlygyňa az üns beripdim,
Bagyşla, Eziz!..

17.02.2023ý. Garagum.


©Sapa HOMMADOW

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 15.02.2025 / 14:15

+2

yzy ýarasyn imanly bolsun

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:22

+1

Eziz Amannazar dünýeden ötdi,
Iki metr ýüpe tabşyrdy özün.
Şol ýüp do:larmyka, haçanam bolsa,
Ýaş şahyryň ýitirilen öwezin.

Höwesin gaýtaryp bolarmy ýüpde,
Indi ulanjaga zat galmasa-da.
Ine-gana synlamandam dünýäni,
Ät galmasa-da...

“Halk şahyry” diýen at almasa-da,
“Bu dünýäde adam galmaz, at gezer”.
Onuň şygyrlarny kabul edipdi
Şygryýet güzer...

Ýüzer guwwas bolup geljegiň nesli,
Derýa guýuşyny synlar çeşmäniň.
Tärin nädip tapdyň ýigrim dört ýaşda,
Adamlaň kalbyna golaýlaşmanyň?

Soragyma jogap beresiň ýok-la!
Janyň bedeniňi terk edip gitdi.
...Iki metr ýüpe tabşyryp özün,
Eziz Amannazar dünýeden ötdi.

16.02.2023ý. Aşgabat.


©Myratgeldi HALLYÝEW

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 15.02.2025 / 14:29

+0

...Köpçülik bimahal ýaş ölümi hemişe Allanyň takdyryna baglaýar. Ýazgytdyr, maňlaýynda bardyr diýýär. Şahsy pikirimi aýtsam, men muňa ykbal çözgüdi hökmünde garaýan. Adamyň ykbaly onuň öz elindäki zat, öz ykbalyny her kimiň özi saýlaýar. Ony takdyr düşünjesi bilen bulaşdyrmaly däl-de, keç ykbala sebäp bolan ýagdaýlary seljerjek bolmaly. Nämüçin beýle boldy? Gaýry bir çykalga tapylmadymy? Ömür ýoly başga tarapa uzap bilmezmidi? Onuň durmuşy hökman şeýle pajyga bilen tamamlanaýmalymy? Bu sowallary Eziz özüne gaýta-gaýta beren eken. Olary jogapsyz goýmandyr. Goşgularyny başdan aýaga okap çykan adam üçin düşnüksiz zat galmaz.
Kalbynda ýagty ýalança imrindirýän kiçijik isleg, gyzyk bar mahaly adam ýykma-ýykylma-da bolsa, garaz, gara güni bilen gydyrdanyp ýör. Şol isleg, gyzyk gyşyň aňzagyna, tomsuň ot-ýalnyna, soňsuz görgülere, çökder kemsitmelere... dözüm berýär, ýaşaýyşa tekge berýär. Oňa umyt diýilýär. Umyt gutaran ýerde ölüm ýetişýär. Ezizi daşarky dünýä bilen baglap duran şol umyt tarlarynyň gyrlyp gutaranyny biz – galamdaşlary aňmandyrys. Ýalňyşan ekenik. Neressäni ajala ardurja aldyrdyk.
Adatça, şular ýaly bolanda baş ýaýkap: “Gadym dünýäň bir şahyry kemeldi” diýen setiri gaýtalaýarlar. Men muňa hä diýip biljek däl. “Gadym dünýäň bir şahyry galamyny taşlap, ýazmasyny goýdy” diýilse, dogry bolar. Eziz Amannazarow ömrüniň soňky ýyllarynda höwrügen, syrdaşyna öwrülen, hossar çykan, derdini çeken galamyny taşlady. 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda ol ikinji ömrüniň gyrasyndan ätledi.
Agyrap-ynjan ýeriň bar bolsa, günämizi geçeweri, bizden razy bol, inim!

20-nji fewral, 2023-nji ýyl. Mary.


©Kakamyrat ATAÝEW

 Täzeje
 Alienus [off]
  Yşk — ýowuz synag, mähir bolsa bagt.
 15.02.2025 / 14:30

+1

Name ucin ozuni helakledi ol


Gytyndan
Pegas  (15.02.2025 / 14:31) 

Alienus, durmuş meseleleri diýeli...

 Täzeje
 Oraz37 [off]
  123
 15.02.2025 / 21:25

+1

Ýatan ýeri ýagty, jaýy Jennetden, imany hemra bolsun

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 15.02.2025 / 21:38

+1

Öňki şahyrlaram gowy ýazýarlar. Ýöne biz döwrüň şahyrlary-da olardan kem däl. Gynançly şygyrlar merhumyň mertebesini has-da beýge göterdi. Abraýly şahyr eken bende. Ýatan ýeri ýagty, imany hemra, jaýy Jennetde bolsun Eziz şahyryň. Alla rehmet etsin.

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 15.02.2025 / 21:50

+1

Eziz Amannazarowyň hatyrasyna bu mowzuk VIP bolsa gowy bolardy, Admin.

 Premium
 BAYOGUL [2s]
  Yurekdesh.ru
 15.02.2025 / 22:46

+1


Täzeje
Alienus  (16.02.2025 / 00:32) 

BAYOGUL, olmegine baha beryami bular o bendanin) 10luk diyip))

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика