Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Bolmady diýip gynanma, wagt geller bolmadygyna Şükir edersin...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bagyşla
 Betinden
 Sebap [off]
 15.02.2025 / 14:23
 Lekum dinukum we liýe din

Ejem!
Käbäm ejem!..
Bolmadyk bolsañ,
Ýaşardymmy gözel dünýäde eýsem?
Belki, bolmazdym men hem!
Belki… sen hem —
Gözleriñi giden taýyma dikip,
Hyýal atyñ bilen menziller söküp,
Ýoksuradyp urşa giden ogluñy
Turmazdyñ gijeler tisginip, böküp.
Ejem!
Janym ejem!..
Bagyşla, gelebilmedim…
Seniñ gözýaşlarñy sylabilmedim.
Soñky demde «Oglum!» diýip,
Bu dünýäden ötdüñ, ejem.
Ahyr soldat ogluñy-da
Görüp bilmän gitdiñ, ejem!

Ejem!
Şöhratym-şanym, ejem!..
Ugradyp bilmedim soñky ýoluña.
Ýazgarma meni. Gündizim-gijäm
Geçdi ýeñşe alyp barýan ýörişde.
Ganhor salsa-da ýara,
Çekse-de dara,
Gömse-de guma,
Salsa-da tüme.
Seniñ päk süýdüñden alan kuwwatym,
Watan öñündäki kasam-niýetim —
Galdyr aýaga,
ölmedim, ejem!

* * *

Ejem!
Käbäm ejem!..
Başujuñda men.
Çar tarap ümsümlik.
Dünýä örän geñ.
Durun men bu ýerde egip başymy.
Duýmazdan dökýärin gözden ýaşymy…
Gel, ejem!
Bir seret, soldat ogluña!
Seret, ejem, seret, Perhat ogluña!..
Gurşap dur daşyñy meñ zürýatlarym!
Bu günüm, ertirim, göwün şatlarym!

AwtoryRuhy ALYÝEW.

«Sowet Türkmenistany» gazeti, 1973 ý


61

5

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 15.02.2025 / 22:46

+0

Gowy ekeni

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика