Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
bars : Durmus pikir edisin yaly yonekey dal ol ondanam beter yonekey

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ene hakda ýüz setir
 Betinden
 Sebap [2s]
 15.02.2025 / 14:29
 Lekum dinukum we liýe din

Gözüm açdym-mährem keşbiňi gördüm,
Gujagyň ýylsyna doýmadym hijem.
Ilki meni bu ýaşaýşa getirdiň,
Dünýä bilen tanyşdyrdyň, jan ejem,
Köňlümiň köşgünde soltan, han ejem.
Güni güne sepläp guwandyň maňa,
Hüwdüläp geçirdiň, meger, her gijäň.
Dişlerimi sanap atan her daňa
Arzuw bilen bakan mähriban ejem,
Arzuwly ýüregi giň umman ejem.

Begendirdim seni ilki emekläp
Ellerimden tutup, ätdirdiň ýörjen
Ak süýdüňden berip ulaltdyň, ekläp,
Men saňa bergidar mähriban ejem,
Mähriň ne serhedi,çägi bar ejem.

Ak mekdebe gadam basamda weli,
Ugradyp öýmüzden tä mekdebe çen.
Her güni mekdepden gelemde meni
On bir ýyl gül ýüzli garşylan ejem,
Ömre bagt, şatlyk bagyşlan ejem.

Tirkeşip yzyňda gezerdim käbäm,
Seret-le aradan şunça ýyl geçen.
Gör, bu gün gyzyňam saňa boý deňäp
Asyl boýdaş bolup gitdik-le ejem,
Kän synagdan bile ötdük-le ejem.

Durmuş mekdebinden kän sapak berdiň,
Dürdäne pikirleň gyzyldyr merjen.
Mydam senden tälim alyp ýörerdim,
Şol sebäp durmuşda bagtly men ejem,
Şu günlere ýetdim büdremän ejem.

Begenipdiň hatda özümden beter,
Talyp bolup işläninde bagt bijäm
Geçip gitdi ýyllar durna deý hatar,
Ýoluma intizar garaşyp ejem,
Bahar deý ömrüme ýaraşyk ejem.

Durmuşa atardyň didäňi ýaşlap,
Ugratdyň öýüňden ýeke erkejäň.
Agtygyň bagryňa beremde buşlap,
Bagtymdan ýüregi ynjalan ejem,
Şol bagtdan kuwwat,güýç alan ejem.

Gör-le muny,asyl nadanlygymy
Gör, nämeler bolup meniň güýmenjäm.
Şunça yhlas eden gadyrdanymy,
Asla duýmandyryn, bagyşla, ejem,
Karzym üzmändirin, bagyşla, ejem.

Bir seretsem kütelipdir dideleň,
Ukysyz geçiren gijeleň üçin.
Kiçelipsiň,epilipdir biliňem,
Bary meň üçinmi, aýtsana, eje,
Medet ber, bagryňa bassana, eje.

Gasyn tutup owadan,gül meňiziň,
Ýyllar ak gyrawyn saçyna seçen.
Bagyşla, ejemjan, kemakyl gyzyň
Öňüňde borjumy üzmänim üçin,
Meni kynçylyga dözmänim ejem.

Göwnüňem çöken deý ýalydy göýä,
Jeren gözleň şol öňküsi diňeje.
Düşünýän hemmäni garradýar dünýä,
Saňa garramaga ir dälmi,eje,
Her derde dermanym, sen däri,eje!
Asla düşünmäni çeken jebriňi,
Gezipdirin gomparylyp özümçe.
Öz-özümden şu günlere ýeten dek,
Umytlaryňy puç etdimmi, jan eje,
Öz dünýämden ýat etdimmi, jan eje.

Erkeläp söýgüläp diýerdiň mydam,
“Sensiň ýaşamaga umyt, ýekejäm”.
Bolsam-da durmuşda saňa bir mydar,
Kalba söýeg bolup bilmedim, ejem,
Sözlerin ne aňdym, diňledim, ejem.

Ýok, söýýärin seni janymdan eziz,
Durmuşyma manym, hazyna, genjim.
Ýöne bu barada aýtman ýeke söz,
Sarpaňy ýürekde sakladym, eje,
Ýok,beren süýdüňi akladym, eje.

Birçene barypdyr meniň ýaşymam,
Ýöne sen göwnüňe öňki körpejäň.
Idäp, käýäp, gaýtalap şol bolşuňy,
Aladamy edip otyrsyň, ejem,
Çaga deý bagryňda ýatyrsyň, ejem.

Seň baryňda bagt duýdum hemişe,
Mähir berip bilmez hiç kişi sençe.
Senden ylham alyp gidýän her işe,
Öwgüleriňe monça bolýan, jan eje,
Göwnüm bir gez arşa galýar, jan eje

Baky deý bolsaňda gitdiň ahyra,
Boşap galdy,öýmüz tördäki keçe.
Ymtylyp gözleýän her ýerden seni,
Mähriňe zar galan çagaň men, eje,
Gadryňy giç aňan balaň men, eje.

Gussadan, hasratdan çöken didelem,
Käýin biraz,gel-de gyzyňy tije.
Eýýämden intizar mähriň idelen,
Sensizlik has beter möwjeýär gije.
Meger, bu bir erbet düýşdür-le, eje.

Seniň yzyň yzlap, ýöräp ýodadan
Ezizligni duýdum bu obaň, köçäň.
Hasratlarym çykdy, meger, kadadan
Agyr degýär juda sensizlik, eje,
Durmuş durdy juda sessizlik, eje…

Awtory:Annabeg AÝMAKOWA.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby


67

11

3

4

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 15.02.2025 / 21:11

+1

Gaty gowy eken ýetirp duryň


Betinden
Sebap [3s] (15.02.2025 / 21:44) 

Efsane, sagbol nesip bolsa

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 15.02.2025 / 21:44

+0

Gussadan, hasratdan çöken didelem,
Käýin biraz,gel-de gyzyňy tije.
Eýýämden intizar mähriň idelen,
Sensizlik has beter möwjeýär gije.
Meger, bu bir erbet düýşdür-le, eje. ??


Betinden
Sebap [3s] (15.02.2025 / 21:44) 

Gulmahrem,

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 15.02.2025 / 22:46

+0

Gowy ekeni

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика