Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Esasy zat sen bagtly bol, men kimi söýsemem bagtly ederin.
Gül ýüzüňde gam görmäýin
Betinden Sebap [off] 16.02.2025 / 07:48 Lekum dinukum we liýe din
Durmuş kä giň, käte gedem,
Biler onuň ýolun geçen.
Ýylgyrsana, käbäm ejem,
Gül ýüzüňde gam görmäýin!
Çykyp muhabbet baýryňa,
Bilmen arzuwdan aýryla.
Hemme zat bolar haýryna,
Gözleriňde gam görmäýin!
Köňlüm ýuwar çygsyz ýagyş,
Etsem-de, hatasyz ýalňyş,
Günler geçer,geler ýaz-gyş,
Gül ýüzüňde gam görmäýin!
Kalba şatlyk donun geý sen,
Ýykar gaýgy-gussa eýsem.
Gelinmez ýere gidäýsem,
Gözleriňde gam görmäýin!
Tukatlansaň, göwni baýym
Ne beýle sowuk-la jaýym.
Mähribanym, ejem janym,
Gül ýüzüňde gam görmäýin!
Nury SAKÇYÝEW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk