Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde
Kabul eýle
Betinden Sebap [1m] 16.02.2025 / 20:02 Lekum dinukum we liýe din
Kalbymda kök urup, şinesin ýaran,
Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar.
Saña bolan yşkym etse diwana,
Meniñ bu halymy geñleme sen ýar.
Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy,
Öz janymdan eziz görüp söýýänim.
Gözlerime bakyp, bagryña basyp,
Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ.
Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim,
Ömürboýy garaşýanym ahyry.
Sen aýtmasañ aýtma, barýan ýanyña,
Diñle sen, ugruñda ýanan şahyry.
Emma, syrym açyp, seniñ ýanyñdan,
Gaýda bilmen,yza tarap öwrülip.
Ynan sözlerime, şübhelenme ýar,
Kabul eýle, öz ýanyñda ömürlik.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk