Ýürekdeş sözler!
Daniel : Din bu durmuş synagynyň çözgüdidir
Aramyzdan gidenleri ýatlalyň
Betinden Sebap [1m] 16.02.2025 / 20:17 Lekum dinukum we liýe din
Ýagşylygy goýup ýüreklermize,
Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ!
Alla jan, medet ber her işde bize,
Aramyzdan gidenleri ýatlalyň!
Nusga bize Gökdepäniň galasy,
Bitmez yara zalym uruş belasy,
Ýer sarsdy… galdy ynsan balasy,
Aramyzdan gidenleri ýatlalyň!
Ata-ene, daýy-dayza, agalar,
Bir neresse günüsizje çagalar,
Ýatlasak olary tirsegne galar,
Aramyzdan gidenleri ýatlalyň!
Muhammet ymmaty ynanýar dine,
Mukaddes käbeli Mekge-Medine,
Ynanjym şu güne, ertire, düÿne,
Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ!
Doga kylyñ, bu dünýäden ötene,
Aýat-töwir ediñ, baky ýatana,
Razy bolsun bizden her ata-ene,
Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ!
Ölini sylamak borjy ynsanyñ,
Sadaka berginiñ sagatka janyñ,
Wesýeti bu keramatly Gurhanyň
Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ!
Pirnepes ÖWEZLIÝEW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk