Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Göz ýaşyma sebäp bolmagyň ýerine, gülüşime sebäp bolsadyň...#.fileo

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ylham gözýaşy
 Betinden
 Sebap [1m]
 17.02.2025 / 00:23
 Lekum dinukum we liýe din

Gözeller içinde gördüm bir apat,
– Ýok, apatam oňa gurbanlardandyr.
Kerim Gurbannepesow.

Habar berip size, edeýin yglan,
Ol, ylham gözbaşy galam alana.
Mylaýym bolşunda göwnümi awlan,
Waspyn ýaýmak mahsus, şahyr bolana.

Perwanadyr hak aşyklaň barysy,
Laýyk mynasyby bäşden birisi,
Özi ýalkym, sözi şeker şiresi,
Ömre ömür goşar, nazar salana.

Bugdaý reň ýüzünde aýyň jemaly,
Geýinşinde görner, akyl kemaly,
«Meger taýy ýokdur hut, özi ýaly»,
Diýsem hakykat bor, çykmaz ýalana.

Bir enaýy, gabat gelse öňümden,
Salamlaşyp, gülüp geçse deňimden,
Ýagtylyk ýol arçar, kalbyň tümünden,
Ýene umyt bolar, tama ýolana.

Sagdyn syratyna dolmaçlyk kakar,
Gözüm görüp doýmaz, mežbury bakar,
Muhabbet lezzetin dadana ýokar,
Dirilik suwudyr, şehit ölene.

Tarypa sözlerim gury owazdyr,
Soňky deme deňeç harlansam azdyr,
Diýlendir: «Ýel soňun ýagyşa ýazdyr»,
Arzym budur, baksa, gadrym bilene.

Bagtym çüwüp, pursat gelse çemime,
Degşip durup, demin dartsam demime,
Süňňüm ýeňlär, dowa bolar emime,
Bilbil bolup gonsam, bagyň gülüne.

Göz-dilden gorasyn, dik bolsun başy,
Bagtyna buýsanyp, uzasyn ýaşy,
Söz salgyma saýsa, sahyp syrdaşy,
Arzuwymdyr şol, näzenin geline.

Illi sözle, syryň galmasyn pynhan,
Oňa gurban bolsun, tende şirin jan,
Ynjamasyn, bizden ýetmesin zyýan,
Bir gün, gülden, çemen bersem eline

Awtory: Kerim Gurbannepesow


68

5

2

0

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 17.02.2025 / 00:31

+0

Başka kimin göz yaşyny yazjak


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 00:33) 

Yekejelai, Bilemok şumada seredip otyryn


Gytyndan
Yekejelai  (17.02.2025 / 00:34) 

Sebap, menkinem yaz birgun


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 00:36) 

Yekejelai, Bolýa nesip bolsa ýöne göz ýaşyňa kim sebäp boldy


Gytyndan
Yekejelai  (17.02.2025 / 00:37) 

Sebap, uky?


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 00:39) 

Yekejelai, tapsam boldy goýaryn häzir şony


Gytyndan
Yekejelai  (17.02.2025 / 00:39) 

Sebap, gayrat et ukydan doyamok


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 00:41) 

Yekejelai, boldy ugradararyn öpümden çyksa


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 00:41) 

Yekejelai, ň*


Gytyndan
Yekejelai  (17.02.2025 / 00:52) 

Sebap, oki


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 01:23) 

Yekejelai,

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 17.02.2025 / 01:13

+0

"Awtory: Kerim Gyrbannepesow"-

Dűzet jigim hicx kim gőrmăkă


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 01:20) 

@menin_dunyam, sagbol aýdanyňa agam ýöne ýaňňyşyp otyryn şu gün agşama birzat boldy maňa


Gerekli
@menin_dunyam  (17.02.2025 / 01:21) 

Sebap, telefona ÿada komp-a unsi kőp berÿăñ


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 01:23) 

@menin_dunyam, olam bolup biler ýaňrak gaty erbet göwnüme degdiler şony siňdirip bilemok üns berip bilmän otyryn etýän zadyma


Gerekli
@menin_dunyam  (17.02.2025 / 01:30) 

Sebap, ÿőrāp barÿarkañ kellăñe agajyñ birje şahasy gaçanda năme ederdiñ?! Gűnăkăr senmi ÿa agaç


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 01:32) 

@menin_dunyam, seretmedigim üçin men


Gerekli
@menin_dunyam  (17.02.2025 / 01:35) 

Sebap, onda dinle jigim. It űÿrer kerwen geçer.


Betinden
Sebap  (17.02.2025 / 01:36) 

@menin_dunyam, sagbol agam

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика