Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Baron : Saňa iň köp mätäç boldugym, şu wagt gel! Ýaşamak bolsaňam gel, ölmek bolsaňam gel!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Hafyz Şirazy
 Betinden
 Sebap [58s]
 17.02.2025 / 00:42
 Lekum dinukum we liýe din

Dünýäň depesinde ýaşap ötdi ol,
Hak yşgynda gözlerini ýaş etdi.
Hywa gözeliniň birje halyna,
Samarkandy, Buharany bagş etdi.

Hökmi ýöräp duran şa dälem bolsa,
Ondan ejiz geldi zalym Teýmirleň.
Dünýäň deň ýaryny basyp alsa-da,
Şahyr mutyg däldi onuň emrine.

Bu jahany gözellere bagş edip,
Şeýdip gedaý galdy Hafyz Şirazy.
Bir garyp jinde-de ötenem bolsa,
Şahyr ykbalyndan razydy-razy.

Şalar teňňesini ölçäp berýärkä,
Ol tutuş şäheri joşup bilýärdi.
Şalar ýaly çäkli däldi örüsi,
Ol bütin dünýäde ýaşap bilýärdi.

Beýle jomartlygy özünden başga,
Edip biljek ýokdy meger jahanda.
Aý,hawa-da Hafyz Şirazy bolsaň,
Şeýdip ýaşamasaň nämetjek munda.

Şöhrat ABDYÝEW


88

7

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 17.02.2025 / 00:55

+0

*Şirazy


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 00:56) 

Kesxa, Ýok dogry meň ýazanyma


Öwreniji
Kesxa  (17.02.2025 / 00:57) 

Sebap, Mowzuk adynda. Hafyz Şirgazy däl ol Şirazy bolmaly


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 00:58) 

Kesxa, Kitapçy. su girde göräý şondan aldym


Öwreniji
Kesxa  (17.02.2025 / 01:04) 

Sebap, brauzerim işlänok. Hafyz Şirazy, Hoja Şemseddin Muhammed. Şiraz şäherinde ýaşan. Şoldu Samarkandy bir gözele bagş eden, Emir Temiri gaharlandyran. Kitapcyda ýalňyş ýazylypdyr onda.


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 01:08) 

Kesxa, Mümkin onda düzetjek ynanýan saňa


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 01:08) 

Kesxa, Boldy gerek


Öwreniji
Kesxa  (17.02.2025 / 01:12) 

Sebap, boldy. Şol saýdy täzeden gör. Olar dogru ýazypdyr.


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 01:16) 

Kesxa, ewaý nähili bolda bul! Karoçy mn ýaňňyşypdyryn bagyşlawei göwne degen bolsam


Öwreniji
Kesxa  (17.02.2025 / 01:19) 

Sebap, ýo ýok. Arkaýyn.


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 01:20) 

Kesxa, bolýa sagbol

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 17.02.2025 / 01:07

+0


Betinden
Sebap [58s] (17.02.2025 / 01:08) 

Yekejelai, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика